Kriştianu Ronaldu 900 gol belligine ýeten ilkinji futbolçy boldy

Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Milletler ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň Horwatiýa garşy oýnunda gol bilen tapawutlandy.
Bu gol hem Ronaldu üçin karýerasynda 900-nji boldy, ol taryhda ilkinji bolup bu görkezijä ýetdi. Hüjümçi ispan “Realynyň” (450 gol) we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň (131) taryhynd...

Dowamy »

245 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

“Barselona” janköýerler üçin öz taryhynda iň gymmat köýnekçäni satuwa çykardy

“Barselona” täze çykyş eşik toplumyndan köýnekçäni rekord baha bilen satuwa çykardy. Klubuň resmi saýtynda köýnekçäniň esasy görnüşiniň bahasy 114,99 ýewro barabar. Eger janköýerler köýnekçä familiýa we belgi ýazdyrmak islese, onda olar 184,99 ýewro tölemeli bolar.
Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, şeýle bahalar Kataloniýa klub...

Dowamy »

240 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Bellingem “Realda” oýnan ilkinji ýyly barada mini-serialyň çykýandygyny habar berdi

Madridiň “Realynyň” 21 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçysy Jud Bellingem sosial ulgamyndaky akkauntynda YouTube kanalyny açandygyny we onda 12-nji sentýabrdan “Realyň” düzüminde geçiren ilkinji ýylyny görkezýän wideolary ýerleşdirjekdigini habar berdi.
Bellingem bir ýylyň dowamynda dürli pursatlary wideo düşürendigini belledi. Mini-serial dört bölü...

Dowamy »

233 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Jokowiç indiki Olimpiýa oýunlarynda hem çykyş etmegi meýilleşdirýär

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Los-Anjelesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Türgen şol wagta çenli 41 ýaşyna ýeter diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Ýekşenbe güni Jokowiç Pariždäki Olimpiýa ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabynda utup, ýeňiji boldy. Ol özüniň...

Dowamy »

315 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Ginnesiň rekordlar kitaby Lamin Ýamala şahadatnamalary gowşurdy

Futbolçy Lamin Ýamal Ginnesiň rekordlar kitabyndan şahadatnama aldy.
“Barselona” futbol klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşan, şeýle hem Ýewroda gol geçiren iň ýaş oýunçy boldy. Ýamal 2:1 hasabynda tamamlanan Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen ýarym final oýnunda gol ge...

Dowamy »

307 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Pariždäki Olimpiada-2024: 6-njy awgustyň täze rekordlary we medallary

6-njy awgustda Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Sportuň at sporty, ýelkenli sport, suwa bökmek, skeýtbording, göreş, ýeňil atletika, welosport we boks ýaly sekiz görnüşinde 19 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.
Medal sanawy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy umumy sanawda 86 medal bilen (24 altyn,...

Dowamy »

314 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Kubaly Olimpiadanyň taryhynda iň köp titully pälwan bolup, karýerasyny tamamlady

Mihain Lopes Nunýes Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp titula eýe bolan pälwan boldy. 41 ýaşly kubaly Parižde 130 kg çenli agram derejede grek-rim göreşi boýunça ýaryşyň finalynda Çiliniň wekili Ýasmani Akosta Fernandesi ýeňdi.
Tutluşyk 6:0 hasabynda tamamlandy. Lopes Nunýes yzygider bäşinji Olimpiadada ýeňiji boldy.
Final göreşi t...

Dowamy »

320 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Serdar Azmun “Şabab Al-Ahli” üçin ilkinji goluny geçirdi

Eýranyň milli ýygyndysynyň we “Şabab Al-Ahliniň” hüjümçisi Serdar Azmun täze toparyň düzüminde oýnan ilkinji oýnunda gol bilen tapawutlandy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynyň 1/2 final duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşykda “Şabab Al-Ahli” Eýranyň “Sepahan” toparyny goşmaça wagtda 4:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy (birinji oýun...

Dowamy »

291 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Parižde Olimpiýa oýunlarynyň finalynda Ispaniýa bilen Fransiýa duşuşar

Erkekleriň arasynda Olimpiýa futbol ýaryşynyň ýarym final oýunlary tamamlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy Marokkony 2:1 hasabynda utdy, Fransiýa bolsa goşmaça wagtda Müsürden üstün çykdy (3:1).
Marseldäki “Oranž Welodrom” stadionynda geçirilen Ispaniýa – Marokko oýnunda ilkinji bolup marokkolylar hasaby açdy – “Al-Aýnyň” hüjümçisi Sufian Ra...

Dowamy »

316 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Pariždäki Olimpiadanyň onunjy ýaryş gününiň netijesi

Duşenbe güni, 5-nji awgustda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda sportuň 10 görnüşinde 21 medal toplumy paýlandy.
Medal sanawynda ABŞ we Hytaý beýleki garşydaşlardan ep-esli arany açdylar. Amerikalylaryň hasabynda 21 altyn, 30 kümüş we 28 bürünç medal bar (jemi – 79). Hytaýly türgenleriň hasaby – 21-18-14 (jemi – 53).
Günüň esasy wakalary:...

Dowamy »

305 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Ýoldaşlyk oýunlarynda “Barselona” “Realy”, “Liwerpul” “Mançester Ýunaýtedi” utdy

Ist-Raterford şäherindäki (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda “Barselona” bilen Madridiň “Realynyň” arasynda ýoldaşlyk oýny geçirildi. Duşuşyk kataloniýalylaryň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
42-nji minutda “Barselonanyň” oýunçysy Pau Wiktor Robert Lewandowskiniň topy geçirmeginde hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymynyň başynda Wiktor...

Dowamy »

303 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

ABŞ-ly suwda ýüzüji erkin usulda ýüzmekde 12 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Bobbi Fink Parižde Olimpiýa oýunlarynda erkin usulda 1500 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazandy. Şol bir wagtda ol täze dünýä rekordyny goýdy. Onuň görkezen netijesi 14 minut 30,67 sekunda deň boldy. Bu görkeziji babatda ol hytaýly Sun Ýanyň 2012-nji ýylyň awgustynda goýan rekordyndan geçdi (14.31,02).
Ýaryşda kümü...

Dowamy »

293 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Italiýaly tennisçiler ýurduň taryhynda ilkinji Olimpiýa altyn medalyny gazandylar

4-nji awgustda italiýaly tennisçiler Ýasmin Paolini we Sara Errani öz ýurduna uly üstünlik getirdiler. Olar taryhda tennis ýaryşynda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazandylar.
Pariždäki Olimpiada-2024-üň final duşuşygynda olar russiýaly tennisçiler Mirra Andreýewa bilen Diana Şnaýderi 2:6, 6:1, 10:7 hasabynda utdular.
Dün...

Dowamy »

292 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Sindi Ngamba Olimpiýa medalyny alan ilkinji bosgun bolar

Kamerundan 25 ýaşly zenan boksçy Sindi Winner Janke Ngamba taryhda Olimpiýa medalyny gazanan ilkinji bosgun boldy. Ýekşenbe güni, 4-nji awgustda, ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen utuk boýunça fransiýaly Dawina Mişeli ýeňip, 75 kg çenli agram derejede boks boýunça ýarym finala çykdy.
Penşenbe güni Ngamba finalda ýer almak üç...

Dowamy »

293 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Ançelotti: “Real” karýeramda iň soňky klub bolup biler

Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti bu klubuň karýerasynda iň soňky bolup biljekdigini aýtdy. Muny ESPN ýetirýär. Italiýaly hünärmeniň klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.
“Meniň pikirimçe, “Real” [tälimçilik karýeramda] iň soňky klubum bolar. Milli ýygynda tälim bermek mümkinçiligi babatynda bilemo...

Dowamy »

278 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Altyn bilen kümşüň arasy 0,005 sekunt: Olimpiadada 100 metr aralyga ylgawda ABŞ-ly türgen ýeňiji boldy

Pariždäki Olimpiadada erkekleriň arasynda 100 metre ylgamak boýunça ahyrky ýaryş geçirildi. Ýeňijini kesgitlemek üçin guramaçylar fotofinişe ýüz tutmaly boldular – amerikaly sprinter Noa Laýls ýamaýkaly Kişan Tompsondan bary-ýogy 0,005 sekunt öňe geçdi.
Laýlsyň netijesi 9.784 sekunt boldy, Tompson bolsa bu aralygy 9.789 sekuntda geçdi. Muny...

Dowamy »

275 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Olimpiýa oýunlary-2024: ABŞ medal sanawynda birinji orna çykdy

Parižde Olimpiýa oýunlarynyň dokuzynjy ýaryş güni tamamlandy. Medal sanawynda birinji orna ABŞ-nyň milli ýygyndysy çykdy. 4-nji awgustyň ahyryna çenli amerikan toparynyň hasabynda 19 altyn, 26 kümüş we 26 bürünç medal boldy. Umumy medal sany 71-e ýetdi.
Ikinji orna Hytaý düşdi, onuň hasabynda 19 altyn, 15 kümüş we 11 bürünç medal bar (jemi –...

Dowamy »

309 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň 5-nji ýaryş gününiň netijesi

2024-nji ýylyň Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň 5-nji ýaryş güni tamamlandy. 31-nji iýulda türgenler umumy 18 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.
Medal sanawynda birinji orny Hytaý eýeledi, onuň hasabynda dokuz altyn, ýedi kümüş we üç bürünç medal bar. Soňky bir günde hytaýlylar iki altyn medal gazandylar (suwa bökmekde we BMX-fristaý...

Dowamy »

301 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Fransiýaly suwda ýüzüji iki sagatda iki altyn medal gazandy we Oýunlaryň iki rekordyny täzeledi

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan Pariždäki Oýunlarda ilkinji üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol 31-nji iýulda iki altyn medal gazandy. Türgen birinji medalyny ilki 200 metre batterflýaý usulda ýüzmekde, ikinji medalyny bolsa bir sagatdan soň 200 metre brass usulynda ýüzmekde aldy.
Şol bir wagtyň özünde, Marşan iki ýüzüşde-de 1.51,21 (20...

Dowamy »

308 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hytaýly Pan Çžanle 100 metre erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

Hytaýly suwda ýüzüji Pan Çžanle Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 100 metre erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy. 19 ýaşly türgen 46,40 sekunt netijäni görkezip, özüniň 2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Dohada geçirilen dünýä çempionatynda goýan dünýä rekordyny (46,80) täzeledi.
Kümüş medaly awstraliýaly Kaýl Çalmers aldy. Ol 2...

Dowamy »

287 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago