Iogann Wolfgang Gýote barada
(1749–1832 ý.)
Gýotäniň ýaşan döwrüniň käbir aýratynlyklary. Beýik nemes şahyry Gýote XVIII asyryň soňunda XIX asyryň başynda ýaşap geçen şahyrdyr. Onuň ýaşan döwründe Ýewropanyň, Germaniýanyň durmuşyna täsir eden birnäçe syýasy wakalar bolup geçipdir. Angliýada XVII asyrda bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy ýurtda deňagramly, patyşa...
Wilýam Şekspir barada
(1564–1616 ý.)
Wilýam Şekspiriň eserlerinde Täzeden Döreýiş döwrüniň iň wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr.
Wilýam Şekspiriň geçen durmuş ýoly örän gyzykly we entegem ol syrlaryň köpüsiniň üsti açylman gelýär. Sebäbi Şekspiriň durmuşy baradaky resminamalaryň, maglumatlaryň wagtyň geçmegi bilen ýitip azalmagy onuň döredijil...
Migel de Serwantes Saawedra barada
(1547–1616 ý.)
Ispan edebiýatynda roman žanrynyň güýçli ösmegi Serwantesiň döredijiligine duýarlykly täsir edýär. Serwantes Täzeden Döreýiş döwrüniň iň bir görnükli wekilidir. Ol Madridiň golaýynda ýerleşen Alkala de Enares diýen uly bolmadyk şäherde dworýan, ýagny idalgo1 toparyna degişli maşgalada eneden dogulýar. Onuň kakasy garyp...
KLASDAŞ
KLASDAŞ KÖL ÝAKASYNDAKY OBA Ýolbars Boýuňa döneýin ASUDA GÜN ATDAŞLAR Sözüm bar saňa Diliň derdinden ENELER Meýdan ýoluksa BU DERDI Biwepalardan ÝÜP ÜLEŞIK hekaýa MENANDRYŇ PÄHIMLERI (ikinji bölümi) MENANDRYŇ PÄHIMLERI. (Birinji bölümi) Bugdaý
On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.
Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş
KÖL ÝAKASYNDAKY OBA hekaýa
Aleksandr Bragine
Biz tirkeşdip on-on bäş öýli kiçijik obajyga gelip giren wagtymyz gün ýaňy ilerik agyp ugrapdy. Sowujak şemal
öwsüp ýaňy boýugyp ugran otlaryň ýüzüni daraklap geçýärdi. Moskwada häzir agaçlar ýaprak ýazmaga ýetişen hem bolsa ondan ýüzlerçe menzil demirgazykda ýerleşen...
Ýolbars hekaýa
(Hekaýa)
Tomsuň yssysy heniz beýle bir ýakyp baranokdy. Gaýta öz ýylysy bilen jana
ýakymly ýalydy. Atamyrat aga tutudyň kölegesine keçe atyndy. Öýden
agtyjaklaryndan biri çyksa, ýassygam aldyrjakdy. Emma olardan hiçisi görnenoky.
Özi alyp çyksa-da boljakdy welin, bir oturansoň turasy gelmedi. „Hany çyka...
Boýuňa döneýin
Sähra degresinde duran gül kamar,
Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!
Söz sözläňde katra-katra bal damar,
Ak ýüzüňde hal, boýuňa döneýin.
Meniň işim keçdir, şowuna düşmez,
Özge bilen hergiz sulhum alyşmaz,
Mal bereýin diýsem, küştüm ýetişmez.
Mende ýokdur mal, boýuňa...
Asuda gün hekaýa
(Hekaýa)
Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň
gününe beýle bolup durmaýardy. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk,
mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýar. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar
ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda ga...
Atdaşlar hekaýa
(Hekaýa)
Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt
çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma
çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda
okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň...
Sözüm bar saňa
Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!
Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar s...
Diliň derdinden
Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.
Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.
Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýol...
Eneler (hekaýa)
(Hekaýa)
„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”
Gurbannazar Ezizow.
Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...
Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerd...
Meýdan ýoluksa
Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa;
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.
Ýigit bardyr, sözün tapmaz süýrüder,
Ýigit bardyr, demi daşlar erider,
Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar,
Goç ýigidiň aty ça...
Bu derdi
Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.
Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar eräp, çeke bil...
Biwepalardan
Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!
Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!
Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mübtela...
ÝÜP hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew
Hekaýa
Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.
Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.
Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen
orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,
külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň
deregi ýüpek, ýüň...
ÜLEŞIK hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew
Bir gün gijara ýanyma dostum Sahy geldi.
– Dost, köne şaý-sep satýan tanyş-bilşiň ýokmy? –
diýip, ol öýe girmän, aýak üstünden habaryny berdi.
– Saňa gerek bolsa, tapylmajak zat bolmaz, gardaş –
diýip, men onuň tüýs göwnünden turaýjak jogaby berdim.
Sebäbi hakykatdan hem meniň...
Pähimler 2
Garyplygy ýigrenme. Ynsanyň juda pese gaçan mahaly bolýar, onuň haçandyr bir wagt aýak üstüne galjakdygyna ynam edilmeýän pursady bolýar. Birdenem ykbal ony örän belende göterýär, şonda ähli kişi oňa hormat goýup ugraýar. Baýlygam garyplyk ýaly ebedilik däldir.
Eger-de, öýlenmekçi...
Pähimler 1
(Menandr biziň eramyzdan ozalky 343—291-nji ýyllarda ýaşan).
Akyldar Menandr şeý diýipdir:
Ata-eneňe sarpa goý. Gojalygy ýaňsylama— çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr.
Özüňden ulyny syla, şeýtseň soň saňa-da hormat ederler.
Gandarlyk etme. Hiç haça...
Bugdaý
Reň açar hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý;
Ekip emele getiren
Kimdir seni başdan, bugdaý?
Ujallap peliň başyna,
Tohum goýbermän daşyna,
Berk tutup, ýaby goşuna
Günde ekdim üçden, bugdaý.
Daş ýanyndan malyn güýdüp,
Gatnawyň kän gelip-gidip,