Žurnalistler tekstlerini rugsatsyz ulanandygy üçin OpenAI-y kazyýete berdiler
Massaçusets ştatynyň žurnalistleri Nikolas Geýj bilen Nikolas Basbeýns OpenAI-y we Microsoft-y awtorlyk hukugyny bozmakda aýypladylar. Arzada kompaniýalaryň rugsatsyz we öwezini dolmazdan ChatGPT-ni taýýarlamakda žurnalistleriň işini yzygiderli ulanýandyklary aýdylýar diýip, Associated Press habar berýär.
Geýj we Basbeýns awtorlyk hukugy bil...
Mumiýanyň esasynda “Gyzyl çaýylan hanymyň” ýüz keşbi döredildi. Bu müsürli zenan 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçipdir
Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy bolan “Gyzyl çaýylan hanymyň” 3D görnüşini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy diýip, New York Post ýazýar.
Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin Çikagodaky Tebigatyň taryhy muzeýi...
Günde şu tomusda iň güýçli - X1.9 klasly partlama hasaba alyndy
16-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 18:26-da Günde güýçli partlama bolup geçdi, oňa X1.9 derejesi berildi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. Partlama tomus başlany bäri iň güýçlüsi hasaplanýar.
Partlama SW-radio aragatnaşygynyň bozulmagyna getiren Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşdy. Günüň rentgen şöhle...
Tramp Respublikan partiýasyndan resmi taýdan ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine dalaşgär boldy
Respublikan partiýasynyň gurultaýynda Donald Tramp resmi taýdan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär görkezildi. Bu barada ABC habar berýär.
Ses berişlik resmi boldy, sebäbi Tramp eýýäm birnäçe aý bäri esasy dalaşgär hökmünde göz öňünde tutulýardy we partiýanyň içki saýlawlaryndan soň bäsleşikde galan ýeke-täk adamdy. Onuň dalaşgärligini delegat...
Yzygider 13-nji rekord: BMG iýun aýynyň taryhda iň yssy aý bolandygyny aýtdy
2024-nji ýylyň iýun aýy gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý we aýlyk temperatura rekordyny goýan yzygider 13-nji aý boldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Howanyň üýtgemegi gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, BMG habar berýär.
Iýun aýynda ortaça global temperatura industrialdan öňki döwre garanyňda 1,5 gradus ýokary boldy. Deňiz üstüni...
Serdar Berdimuhamedow bilim ministrini wise-premýer edip belledi
12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow N.Amannepesowy başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gur...
1-nji awgustdan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi bir aýlyk dynç alşa çykar
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi. Bu barada döwlet Baştutany anna güni 2024-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet Mejlisinde belledi.
Döwlet Baştutany mejlis...
Kosmosa uçuşlar astronawtlaryň bedeninde üýtgeşmeleri döredýär
Barlaglar kosmosa uçuşlaryň adamyň bedenine düýpli täsir ýetirip biljekdigini görkezýär. NASA we beýleki guramalar tarapyndan geçirilen soňky barlaglar kosmosda bolmagyň hromosomlaryň ujundaky gorag “gapaklary” bolan telomerleriň uzynlygyna täsiriniň bardygyny ýüze çykardy.
2015-nji ýylda NASA synagyň çäklerinde Halkara kosmos stansiýasyna...
DreamWorks “Şrek 5-iň” çykjak senesini yglan etdi
DreamWorks film kompaniýasy “Şrek” animasion filminiň bäşinji bölüminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdi.
Önümçilik kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky habarynda: "Beýle bir uzakda däl ... “Şrek 5” 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda keşpleri Maýk Maýersiň, Eddi Mýorfiniň we Kemeron Diasyň janlandyrmagynda ekrana çykar" - diýilýär.
M...
Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýuldy
27-nji iýunda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy gurnady diýip, diplomatik wekilhanada TmCars-a habar berdiler.
Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary...
Singapurda bir adam lotoreýde 4 million dollar utup, ýürek tutgaýyny başdan geçirdi
Singapurda bir adam 4 million dollardan gowrak jekpot utandygyny eşiden-de ýüreginden tutup, huşuny ýitiripdir diýip, Daily Mail habar berýär.
Bu waka Marina Bay Sands kazinosynda bolup geçýär. Häzirki wagtda bu duýgur adam hassahanada we bolan wakadan soň saglygyny dikeldýär.
"Şaýatlar begenji içine sygmadyk adamyň ilki heşelle kak...
Lacoste Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 1924-nji ýylyň Oýunlaryna bagyşlanan egin-eşik toplumyny çykardy
Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň Lacoste brendi göni ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen oýunlara bagyşlanan Olympic Heritage 1924 Paris (Olimpiýa mirasy 1924 Pariž) atly täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Bu barada Buro247 habar berýär.
Kapsula köneki keşpleriň manysyny täzeden açyp, geçen nesilleriň ny...
Ýewropanyň iň baý adamsy bäsdeşiniň işinden paý satyn aldy
LVMH konglomeratynyň eýesi, fransuz milliarderi Bernar Arno Cartier, Chloé we Van Cleef & Arpels ýaly brendlere eýe bolan, Şweýsariýanyň kaşaň Richemont kompaniýasyndan paý aldy. Geleşigiň bahasy we paýynyň möçberi aýan edilmedi diýip, Bloomberg ýazýar.
Seljerijiler kaşaň zatlaryň iň iri öndürijisi LVMH-iň ýolbaşçysynyň şeýtmek bilen Tiffan...
Tesla aýna süpürgiçlerde we ýüki berkitmekde meseleler sebäpli 23 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrýar
Tesla kompaniýasy aýna süpürgiçlerindäki kemçilikler sebäpli 11 688 sany Cybertruck elektrik pikapynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, aýnanyň näsaz süpürgiçleri ýoluň görünişini peseldip, heläkçiligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler diýip, Reuters habar berýär.<...
Türkmen lukmanlary inçekeseli bejermek we onuň öňüni almak boýunça Minskide okuw geçdiler
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň inçekesele garşy bejergini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan hünärmenleri Minskide ýörite okuw geçdiler.
Okuw Pulmonologiýa we ftizitariýa respublikan ylmy-amaly merkeziniň ýanyndaky BSGG-niň inçekeseli bejermek üçin täze dermanlary we düzgünleri ornaşdyrmak...
«Qatar Airways» dünýäniň iň gowy howaýollary adyna sekizinji gezek mynasyp bolýar
Dünýäniň abraýly howaýollarynyň biri bolan Katar Howaýollary («Qatar Airways» ) Skytrax World Airline Awards-yň 2024-nji ýyldaky ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu baýragyň 25 ýyllyk taryhynda Katar Howaýollarynyň şeýle ýokary derejä, 2011-nji ýyldan bäri, eýýäm, sekizinji gezek mynasyp bolýandygydyr.
2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Londonyň H...
Iýul aýynda ilkinji gezek täze Honda Integra görkeziler. Häzirki wersiýanyň bahasy 17 800 dollardan başlaýar
Honda kompaniýasy 16-njy iýulda täze Integra modelini hödürlär diýip, IXBT habar berýär.
Hytaýda hödürlenýän häzirki wersiýa iki görnüşli kuzowda elýeter: sedan we hetçbek. Sedanyň ölçegleri 4689 x 1802 x 1420 mm, hetçbekiňki - 4563 x 1802 x 1415 mm. Tigir bazasy - 2735 mm.
Honda transmissiýanyň iki görnüşini hödürleýär: 134 kW kuwwat...
Braziliýada ilkinji gezek krokodiller bilen kowumdaş gadymy süýrenijiler tapyldy
Braziliýada Parvosuchus aurelioi adyny alan gadymy süýrenijiniň galyndylary tapyldy. Häzirki zaman krokodilleriniň kowumdaşy, psewdozuhiýler toparyna degişli bolan bu haýwan 237 million ýaşly diýip, Phys.org neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.
Täze görnüşiň ady parvus (kiçi) we surus (krokodil) sözlerinden gelip çykýar. Santa Mariýa form...
Tibetde 9000 ýyllyk ýaşy bolan daş iňňeler tapyldy
Hytaýly arheologlar Tibetiň günbataryndaky Syada Ko kölüniň kenarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda adaty bolmadyk açyş etdiler. Olar 9000 ýaşly alty sany daşdan ýasalan iňňäni tapdylar.
Bular şu wagta çenli tapylan iň gadymy daş iňňelerdir we olaryň tapylmagy adamlaryň bu guraly haçan ulanyp başlandyklary baradaky çaklamany ep-es...
Suw joşgunyndan soň Dubaý täze sil zeýkeşi ulgamyna 8 milliard dollar maýa goýdy
Dubaýyň emiri şeýh Muhammet ibn Raşid Al-Maktum bahasy 8 milliard dollarlyk täze sil zeýkeşi ulgamyny gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi.
Hökümet şu ýylyň 16-njy aprelinde BAE-de soňky 75 ýylyň içinde ilkinji gezek guýan iň güýçli, aýratynam, Dubaýa düýpli täsir eden çabgadan soň şeýle karara geldi.
Täze sil zeýkeşi ulgamy Duba...