Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy

19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wekiliýet g...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

21-nji aprelden Aşgabatda №18 we №77 awtobuslaryň gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap, Aşgabatda iki awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgeşmeler giriziler. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň habar bermegine görä, bölekleýin üýtgeşmeler 18-nji "Parahat 7 – Howa menzili" we 77-nji "Teke bazar - Awtokombinat" ugurlaryna giriziler.
Täze tertibe görä, awtobuslar Hoja Ahmet Ýasawy köçes...

Dowamy »

118 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Howa maglumaty: Türkmenistanda şu hepde +39 gradusa çenli gyzar (21.04 - 27.04)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerin...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Arheologlar Tehasda 6500 ýyllyk gadymy awçy esbaplarynyň buky ýerini tapdylar

Arheologlar Tehas ştatynyň (ABŞ) günbatarynda ýerleşen Marfa şäheriniň golaýyndaky San-Esteban gaýa gowagyndan gadymy aw esbaplarynyň toplumyny tapdylar. Bu buky ýer, takmynan, 6500 ýyl mundan ozal taşlanyp gidilipdir diýip, Sul-Ross döwlet uniwersitetinde habar berdiler.
Tapyndylaryň arasynda agaç naýzalar, ýüzi ýiteldilen daş peýkamlar, dö...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Towuk öndürýan kompaniýa Trampyň wezipä girişmek dabarasyna iň köp pul beren kompaniýa boldy

ABŞ-da iň uly towuk öndürijileriniň biri bolan Piligrim’s Pride kompaniýasy Prezident Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasyna 5 mln dollar bagyş etdi. Bu şeýle goldawy beren ähli kompaniýalaryň arasynda iň uly mukdardyr. Bu barada degişli sanaw bilen tanyş bolan The Wall Street Journal gazeti habar berdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Tram...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar.
Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar.
Synaglaryň dowamynda 9834 M...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Aşgabatda Wi-Fi-ly, zarýad berijili we sowadyjyly täze Yutong awtobus synag edilýär

Aşgabadyň şaýollarynda synag etmek maksady bilen ýurdumyza getirilen, uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy hereket edýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu awtobus üç gapyly bolup, onuň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Onda ulag h...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýasy üçin $3400-den geçdi

Altynyň bahasy gymmatlamak babatda taryhy derejelerine ýetmegini dowam edýär. Nýu-Ýorkdaky Comex biržasynyň maglumatlaryna görä, altynyň iýun aýy üçin fýuçers bahalary bir troý unsiýasy üçin 3400,5 dollara çenli ýokarlandy.
Aprel aýynyň dowamynda altynyň bahasy yzygiderli rekord täzeläp gelýär. Ozalky rekord (3301,4 dollar) geçen hepde, 16-n...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Maks Werstappen gazanylan utuk boýunça Formula-1-iň taryhynda ikinji orna çykdy

“Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen gazanylan utuklaryň sany boýunça “Formula-1-iň” taryhynda ikinji sürüji boldy. Ol “patyşalyk ýaryşlarynyň” dört gezek çempiony Sebastýan Fettelden öňe geçdi.
Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ikinji orny eýeländen soň, Werstappen öz hasabyny 3110,5 utuga çenli artdyrdy. Karýe...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Rim papasy Fransisk 88 ýaşynda aradan çykdy

88 ýaşynda Rim papasy Fransisk aradan çykdy. Bu barada Watikana salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.
Fewral aýynyň ortasynda ol bronhit bilen hassahana ýerleşdirilipdi. Soň bolsa onuň ýagdaýy ep-esli ýaramazlaşdy – onda ikitaraplaýyn öýken sowuklamasy ýüze çykaryldy. Netijede, oňa birnäçe gezek öýkeniň emeli wentilýasiýasynyň enjamy bi...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Täzelenen Land Cruiser 300 tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi

Täzelenen «Land Cruiser 300-yň» häsiýetnamalary tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi. Täzelenen dizaýnly we öň görülmedik güýç ulgamy bolan «üç ýüzlügiň» suratlary sosial torlarda giňden ýaýrady diýip, «Motor.ru» habar berýär.
Içerki çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Toyota kompaniýasy «Land Cruiser-e» özüni özbaşdak zarýadlaýan HEV gibrid ulgamyny...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Dubaý şokoladyna bolan isleg dünýäde pissäniň ýetmezçiligine sebäp boldy

Dubaý şokolady sosial torlarda örän uly meşhurlyk gazanansoň, pissäniň maňzynyň bahasy 450 gramy üçin, 7,65 dollardan 10,30 dollara çenli ýokarlandy. Esasan, ABŞ-da we Eýranda ösdürilip ýetişdirilýän iýmişe dünýä boýunça bazarlarda ýetmezçilik döredi diýip, «Financial Times» habar berýär.
ABŞ-da geçen ýyl bol hasylyň bolmandygy sebäpli, piss...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň birža söwdalarynyň netijeleri: 41 mln dollarlyk 15 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, nebit ýol bit...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistan oba hojalyk boýunça “EKSPO” halkara sergisini geçirmegi meýilleşdirýär

18-nji aprelde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
R.Meredow «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda abraýly halkara guramalar we dünýäniň...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

NASA-nyň barlaglary Aýda suwuň Gün ýeli netijesinde dörändigini görkezdi

NASA-nyň alymlary Aýda suwuň Gün ýeliniň täsiri netijesinde emele gelýändigini anykladylar. Aý tozany bilen geçirilen synag Ýeriň tebigy hemrasynda suwuň gelip çykyşyny düşündirýän teoriýany tassyklady.
Aý atmosferasyz gurak kosmiki jisim, ýöne onuň üstündäki suw yzlary alymlary köpden bäri alada goýýar. Mundan ozal hünärmenler suwuň mikrome...

Dowamy »

105 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

ABŞ-nyň kazyýeti Google-y onlaýn mahabatda monopoliýalykda aýyplap, Ad Manager hyzmatyny satmagy talap etdi

ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Aleksandriýa şäherindäki federal kazyýet Google-y onlaýn mahabat tehnologiýalary bazarynda monopoliýa diýip ykrar etdi. Bu karar ABŞ-nyň hökümetine Google kompaniýasyna degişli Google Ad Manager hyzmatyny satdyrmak ugrunda çäre görmäge mümkinçilik berýär diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.
Kazy Leoni Brinkema kom...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Jennifer Lopez Netflix-de Robert Zemekisiň trillerinde hilegäriň keşbini oýnar

Jennifer Lopez režissýor Robert Zemekisiň “Iň soňky hanym Perriş” (Последняя миссис Пэрриш) trillerinde baş keşbi ýerine ýetirer. Film Netflix akym hyzmatynda çykar diýip, Deadline habar berýär.
Film Liw Konstantiniň 2017-nji ýylda çap edilen adybir romanyna esaslanýar. Sýužet boýunça, Lopez tarapyndan ýerine ýetiriljek hilegär Ember baý aýa...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi.
Şol bir wagtyň özünde, döwlet goldawy Apple-iň ähli önümlerine degişli bo...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

29 müň 800 dollardan Volkswagen Passat 2025 tanyşdyryldy

Volkswagen 2025-nji ýylyň «Passat PHEV» modelini tanyşdyrdy. Täze model Hytaýda bahasy, takmynan, 29 müň 800 dollardan başlaýan 430PHEV Hybrid Business Edition atly toplum bilen hödürlenýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.
Ulagyň dizaýny täzelenipdir we toplumy üýtgedilipdir, şeýle-de 2023-nji ýyldaky modele mahsus bolan käbir funks...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Orbitada kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi

Ýere golaý pes orbitada (160 – 2000 km) kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi. Bu mesele uçurylýan hemralaryň sanynyň artmagy bilen ýitileşýär diýip, Ýewropa Kosmos agentliginiň (ESA) ýyllyk hasabatyna salgylanyp, New Atlas ýazýar.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda NASA-nyň orbitada hasaba alan zibili 6000 tonnadan geçmeýärdi.
E...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago