Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler

Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda lukmançylykda iki çemeleşme ula...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler

Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar. Bu go...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy

Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b.e. öňki 800–450-nji ýyllar) degişlidir diýip, Arkeonews neşiri ýazýar.
Gazuw-agtaryş işleri 427 metr beýiklikdäki sönen wul...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar

Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär.
Zawodyň 500 töweregi iş ýerini döretmegine garaşylýardy.
Gurluşygy goýbolsun etmek karary hä...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Bill Geýts baýlygynyň tas ählisini haýyr-sahawat işlerine bagyşlar

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts 20 ýylyň dowamynda şahsy baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine bagyşlajakdygyny mälim etdi. Ol 200 milliard dollara barabar serişdäni öz «Gates Foundation» gaznasy arkaly paýlamagy göz öňünde tutýar.
«Geljekki 20 ýylyň dowamynda, dünýäni...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Iň howpsuz messenjerleriň sanawy düzüldi. Telegram 10-lukda ýok

Russiýanyň Artezio kompaniýasynyň analitikleri iň howpsuz messenjerleriň her ýylky sanawyny täzelediler. Bilermenleriň pikirine görä, howpsuzlygyny ýitiren meşhur Telegram messenjeri 2025-nji ýylyň sanawyndan aýryldy.
«Hi-Tech Mail.ru» portaly tarapyndan çap edilen gözlegde bilermenler 40-dan gowrak messenjeri habarlaşmagyň 60-dan gowrak gor...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Altyn globus” 2026-njy ýyldan iň gowy podkastlar üçin berlip başlanar

2026-njy ýyldan başlap “Altyn globus” baýragynda iň gowy podkast üçin täze kategoriýa peýda bolar. Baýragyň guramaçylary bu nominasiýada ilkinji ýeňijiniň baýragyň 83-nji gowşurylyş dabarasynda saýlanjakdygyny habar berdi diýip, Deadline ýazýar.
Dalaşgärleriň sanawyna alty podkast girer. Olary saýlamagyň şertleri bolsa gijräk yglan ediler.

Dowamy »

94 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady

ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Dowamy »

99 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

“Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” 2027-nji ýylyň dekabrynda çykar

Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.
Iki bölümiň hem...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Faraon Tutanhamonyň hazynalarynyň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine geçirildi

Faraon Tutanhamonyň kolleksiýasyndan artefaktlaryň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine getirildi. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi. Muzeýiň resmi açylyşy 3-nji iýula meýilleşdirilýär.
“Uly Müsür muzeýi Tahrirdäki Müsür muzeýinde ýerleşen “altyn faraon” Tutanhamonyň hazynasyndan 163 artefakty k...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Ýannik Sinner Italiýanyň MOK-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy.
Gurama Sinneriň tälimçisi Simone Wanossini hem sylaglady – ol tehniki hyzmatlar...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi

Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy.
Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy. DS Luminascreen radiator gözenegi fransuz baýdagynyň reňklerinde – gök, ak we gyzyl reňklerde yşyklandyr...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

«Turkish Airlines»-yň Aşgabatdan Ýewropa uçmak üçin ýörite nyrhnamalary

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Aşgabatdan Ýewropanyň belli ugurlaryna uçmak üçin awiapetekleriň ýörite nyrhnamalary bilen tanyşmagy teklip edýär. Bu teklip 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji maýyna çenli satyn alynýan awiapeteklere degişlidir.
Aşgabat — Budapeşt — Aşgabat: 790 ABŞ dollaryndan başlaýar (RT), 594 ABŞ dollaryndan başlaýar...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Bill Geýts ähli emlägini haýyr-sahawata bagyşlamakçy

Amerikaly milliarder Bill Geýts öňdäki 20 ýylyň dowamynda özüniň ähli emlägini haýyr-sahawata bagyş etmekçidigini habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Bu barada özüniň internet sahypasynda habar beren Geýts soňky döwürde telekeçi Endrýu Karneginiň: «Baý bolup ölen adam masgara bolup ölen adamdyr» diýen sözi barada köp pikir edendigini gü...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň biržasynda nebitgaz-himiýa we ýeňil senagat harytlary satyn alyndy

8-nji maýda Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynda daşarky, şeýle hem içerki bazarlarda geleşikler baglaşyldy. Owganystanly telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, Gyrgyzystanyň wekilleri bolsa ýerli öndürijilerden nah ýüplügini satyn aldylar – diýip, TDHÇMB-niň saýty habar berýär.
Içerki bazarda t...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

«Seagate» gaty diskleriniň sygymyny köpeltmekçi

Gaty diskleri we maglumatlary saklamak üçin enjamlary öndüriji «Seagate Technology» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli sygymy 100 terabaýat bolan gaty diskleri öndürmekçi diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «caliber.az» habar berdi.
«Bu nämä gerek?» diýip, pikir etmegiňiz mümkin, emma bu köp adama gerek» diýip, kompaniýanyň işewürlik direktor...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştu...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Prezidentine Moskwada «Sowet Türkmenistany» we «Prawda» gazetleriniň 1945-nji ýyldaky sanlarynyň nusgalary sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Pre...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony Moskwadaky dabaraly harby ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Gyzyl meýdanda guralan dabaraly harby ýörişde münberleriň öňünde...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyny gurmak meýilleşdirilýär

Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyny gurmak göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş s...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago