Stallone kinokontenti seljerýän we döredýän EA platformasynyň maýadary boldy
Amerikaly aktýor Silwestr Stallone kino pudagynda döredijilik konsepsiýalaryny seljermek we döretmek üçin emeli aňy ulanýan Largo.ai platformasynyň strategiki hyzmatdaşy we maýadary boldy. Rembonyň we Rokki Balboanyň rollaryny ýerine ýetiriji bu taslama 7,5 mln dollar maýa goýdy diýip, Deadline habar berýär.
Platforma filmleriň, mahabat wide...
Dubaýda 545 mln dollara üsti ýapyk botanika bagy bilen özboluşly desga gurlar
Dubaýda “Dubaýyň termalary” ady bilen täze özboluşly desganyň gurluşygy başlar. Bahasy 2 mlrd BAE dirhamy (takmynan, $545 mln) bolan toplum şäheriň merkezindäki Zaabel seýilgähinde ýerleşdiriler.
100 metr beýiklikdäki desga suw-sagaldyş merkezini, akwaparky we üsti ýapyk botanika bagyny birleşdirer. Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugy Dubai...
ABŞ-da adamlara doňzuň böwregini oturtmak boýunça synaglara rugsat berildi
ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligi boýunça edarasy doňuzlaryň böwregini adamlara oturtmak boýunça kliniki synaglaryň geçirilmegini makullady. The Washington Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle ygtyýarnamany United Therapeutics we eGenesis kompaniýalary aldy.
Synaglaryň birinji tapgyryna böwrek...
Belarus studiýasy emeli aň tarapyndan döredilen doly metražly multfilmi hödürledi
Belarusyň kinoteatrlarynda ýurtda emeli aňyň kömegi bilen döredilen ilkinji doly metražly multfilmiň premýerasy boldy. “Arteki” studiýasynyň “Belowež gür tokaýlygy” (Беловежская пуща) animasion lentasy tomaşaçylaryň arasynda dürli seslenme döretdi, ýöne oňa ilkinji dynç günleri 10 654 adam tomaşa etdi.
Studiýanyň ýolbaşçysy Oleg Atýakşew şeý...
Lebap welaýat awtoulag-önümçilik birleşigi 2024-nji ýylda 22 milliondan gowrak ýolagçy gatnatdy
"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň Lebap awtoulag önümçilik birleşigi 2024-nji ýylda ýolagçylary gatnatmak boýunça borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi. Bir ýylyň dowamynda birleşigiň hyzmatlaryndan 22 million 354 müň ýolagçy peýdalanypdyr diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri agentlige salgylanyp habar berýär.
Ýerine ýetir...
Halkara gatnaşyklary institutynda okatmagyň häzirki zaman usullaryna bagyşlanan halkara maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 28-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da «Dil hoşniýetli gatnaşyklaryň iň möhüm serişdesidir» atly halkara usuly-okuw maslahaty geçiriler. Institut ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Masla...
Gonkongyň ýaşaýjysy jekpot utdy: $25 mln
Gonkongda Aý senenamasy boýunça Ýylan ýylynyň gelmegine bagyşlanan Täze ýyl Mark Six lotereýa oýnunda rekord utuş barada yglan edildi. Şowly bilet eýesine 193 762 620 Gonkong dollaryny (takmynan, 25 mln ABŞ dollary) getirdi diýip, South China Morning Post habar berýär.
Lotereýa Gonkongyň Žokeý kluby tarapyndan geçirilýär. Jekpot almak üçin 4...
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa sowap, ýagyş gatyşykly gar ýagar
Birnäçe günläp dowam eden güneşli howadan soň, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hepdäniň ahyrynda ýagyn ýagar diýip çaklaýar.
Aşgabatda penşenbe güni hem güneşli howa dowam eder, emma eýýäm anna gününden howanyň bulutlaşyp, az-kem ýagyş gatyşykly garyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle hem arasy bölünmeler bilen duşenbe gününe çe...
Şu ýyl Hytaýda ikinji derejeli awtopilotly 15 million ulag ýola çykarylar. Ikinji derejeli awtopilot näme?
Geçen ýylda Hytaýda gibrid we elektrikli awtoulaglary hem hasaba almak bilen, jemi 22,9 million ýeňil awtoulag öndürildi. Şu ýyl bolsa SAE klassifikasiýasyna laýyklykda, sürüjä ikinji derejeli awtonom kömek ulgamyny hödürleýän takmynan 15 million awtoulag ýola çykarylar diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.
Ikinji derejeli awt...
Gazagystanda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 100-e golaý kompaniýa işleýär
Gazagystanda türkmen tarapyndan maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 100-e golaý kompaniýa iş alyp barýar. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşiklerden soň metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Muny Kazinform agent...
Çehiýada samyrlar bent gurup, döwlet üçin 1,2 mln dollardan gowrak pul tygşytlady
Çehiýada Brdy goraghana zolagyndaky samyrlar häkimiýetler tarapyndan heniz 2018-nji ýylda gurmagy meýilleşdirilen birnäçe bendi döretdi diýip, ČT24 teleýaýlymy habar berýär.
Bentler Padrt howdanlarynda iki gijede guruldy. Bu ýerli howdanlaryň ekoulgamyny gowulandyrdy, aýratynam, suw-batgalyk ýerleriniň tebigy landşaftyny dikeltmäge kömek etd...
«Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi ýokarlandyrylar
4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gull...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri Astanada syýasy geňeşmeleri geçirdiler
Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşi Murat Nurtleu bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar hyzmatdaşl...
Moskwada GDA döwletleriniň ilçileriniň Russiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
3-nji fewralda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýada akkreditirlenen GDA agza döwletleriň ilçileri bilen däp bolan duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi E.Aýdogdyýew, şeýle hem Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda 2024-nji ýylda Russiýanyň...
Ýewropa Bileleşigi «kabul ederliksiz töwekgelçilik» hasaplanýan emeli aňlary doly gadagan edip başlady
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda «Emeli aň hakyndaky kanunyň» (Artificial Intelligence Act) ilkinji talaplary güýje girdi. Bu giň möçberli kadalaşdyryjy hukuk namasy emeli aňyň (EA) ulanylyşyny düzgünleşdirýär. Ýewropa Parlamenti tarapyndan 2024-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen bu kanun jemgyýet üçin «kabul ederliksiz töwekgelçilik» döredýän EA...
Günüň üstünde bir günde ýedi partlama bolup geçdi
3-nji fewralda Gün işjeňligi rekord derejeli boldy. Bir gije-gündiziň dowamynda Günde ýedi sany M partlamalary, şol sanda M8.8 derejeli güýçli partlama bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.
Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, şeýle güýçli partlama Aşgabat wagty bilen 8:58-de 3981 tegmiller toparynda hasaba alyndy.
Mundan...
Ýaponiýada gar festiwaly başlady
Şu gün Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda ýerleşýän Sapporo şäherinde her ýyl geçirilýän «Ýuki-matsuri» atly gar festiwaly açylýar diýip, Asahi neşiri habar berýär. Bu çäre 1950-nji ýyldan bäri guralyp, her ýyl dünýäniň dürli künjeginden millionlarça tomaşaçyny özüne çekýär.
Bu ýyl festiwal meýdançalarynda 130-a golaý gar we buz heýkelleri görkez...
Türkmen ilçisi Minskde Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
3-nji fewralda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulyýew Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory Waleriý Dunaý bilen duşuşdy. Bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we türkmen talyplarynyň okuw şertleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy diýip, ORIENT habar berýär.
Rektor Brest oblastynyň Pinsk şäherinde ýerleşýän uniwer...
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi "Dutaryň owazlary" festiwalynyň guramaçylary bilen duşuşdy
Moskwada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «Dutaryň owazlary» Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda türkmen ýerine ýetirijileriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçilikleri hem-de medeni hyzmatdaşlygyň ileri tutulý...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen at dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň P...