Blue Ghost ilkinji gezek Aýyň arka tarapyny surata düşürdi
Firefly Aerospace kompaniýasy 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Aýyň arka tarapynyň suratlaryndan düzülen wideony çap etdi.
Bu suratlary Blue Ghost kosmos enjamy Ýeriň tebigy hemrasyndan takmynan 120 km beýiklikden düşürip, Ýere iberdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, Blue Ghost özüniň orbitasyny düzetmek üçin 3 minut 18 sekuntlap h...
Raşid Meredow BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk 18-nji fewralda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly h...
«Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklaryň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy
19-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar şu...
Euronews-yň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geler
“Euronews” habarlar teleýaýlymynyň wekiliýeti ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistana iş sapary bilen gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bi...
Türkmenistanyň deputatlary Türki döwletleriň parlamentarileriniň forumyna gatnaşdy
18-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlamentara Daşary işler komissiýalarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türki döwle...
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi saýtynda sanly hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi saýtyndaky (http://mlsp.gov.tm) sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.
Saýtyň "Sanly hyzmatlar" bölüminde kärhanalar, guramalar we edaralar, şeýle hem iş beriji – şahsy taraplar hem-de iş gözleýän adamlar we gyzyklanma bildirýän raýatlar özleri üçin...
Satyn alyp bolýar, ýöne 2 ýyllap satmak gadagan: Ford Mustang-y alyp-satarlardan goraýar
Ford täze Mustang GTD sport awtoulagyny alyp-satarlardan (asyl bahasyndan alyp, gymmada satýanlardan) goramak üçin ýörite düzgünleri girizdi. Täze düzgünlere laýyklykda, Mustang GTD-ni satyn aljak adamlar, ony iki ýylyň dowamynda başga birine satmazlyk hakynda ylalaşyga gol çekmeli bolarlar. Kompaniýanyň maksady – bu awtoulagyň «hakyky» höwesjeňler...
Xiaomi öz smartfonlaryna DeepSeek neýroulgamyny goşar
Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň DeepSeek çat-botuny öz smartfonlaryna goşmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda öndüriji Xiao AI ses kömekçisiniň DeepSeek-R1 neýroulgam modeli bilen laýyklygyny barlaýar diýip, XiaomiTime portaly habar berýär.
Dil modeli ulanyjylara ses buýruklarynyň kömegi bilen EA funksiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýän HyperOS...
Taryhda ilkinji gezek Mişlen ýyldyzyny wegan restorany aldy
Plates London restorany Mişlen baýragynyň taryhynda ýyldyz alan ilkinji wegan restorany (haýwan etini iýmit hökmünde ulanmazlyk) boldy. Ýyldyz Mişlen gollanmasynyň 125 ýyllygy mynasybetli Glazgoda geçirilen dabarada gowşuryldy diýip, The Independent neşiri habar berýär.
Bu dabarada 22 sany täze restoran özüniň ilkinji Mişlen ýyldyzyny aldy:...
Hytaýyň awtoulag kompaniýalary 2024-nji ýylda satuwy ep-esli artdyrdy
Geçen ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoöndürijileriniň arasynda hytaý kompaniýalary öz satuwyny ep-esli artdyrmagy başardy. Uly ösüşi, esasan, BYD Auto we Geely Holding konsernleri görkezdi diýip, açyk maglumatlara salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Geçen ýyl bu iki kompaniýa satuw boýunça öz rekordlaryny goýdy. BYD Auto 4,52 millio...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy
17-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Maslahatyň dowamyn...
Serdar Berdimuhamedow diplomatlary hünär baýramçylygy bilen gutlady
Şu gün, 18-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Gutlag haty metbugatça çap edildi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä...
Russiýa Starlink-e bäsdeş bolmakçy: 2027-nji ýyla çenli hemralaýyn internet ulgamy işe giriziler
Russiýa 2027-nji ýyla çenli öz hemralaýyn internet ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistlere wise-premýer – RF-iň hökümet diwanynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenko habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Häzirki günde şeýle tehnologiýalar bilen meşgullanýan birnäçe ýurt bar. Taslama durmuşa geçirmek tapgyrynda, 2030-njy ýyla çe...
295 mln oýunçy: Epic Games Store geçen ýylky netijeleri we şu ýyl üçin meýilnamalary bilen paýlaşdy
2024-nji ýylda Epic Games Store (EGS) ulanyjylarynyň sany 295 milliona ýetdi. Sanly dükanyň administrasiýasynyň fewral aýyndaky hasabatyna görä, bu görkeziji 2023-nji ýylda 270 milliondy.
Epic-iň köp platformaly hasaplarynyň jemi sany 898 milliona (geçen ýyl 804 mln) ýetdi. Gündelik iň ýokary onlaýn oýunçy sany 37,2 million (36,1 mln), aýlyk...
YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi: ol TW ekranynyň “ýanmagyna” getirýärdi
YouTube dizaýnyndaky gyzyl reňki üýtgetdi. Munuň sebäbi 2017-nji ýyldan bäri ulanylýan öňki reňk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler boldy – ol has ýiti bolup, telewizorlaryň ekranlaryny zaýalaýardy. Täze dizaýny YouTube wekilleri resmi taýdan tassyklady.
Wideohosting dizaýny geçen ýylyň ahyrynda täzeledi, ýöne munuň sebäpleri diňe häzir be...
GTA 6-nyň kompýuterde çykjak senesi mälim edildi
Corsair kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Endrýu Pol geýmerleriň köp garaşan Grand Theft Auto 6 oýnunyň 2025-nji ýylyň güýzünde PlayStation 5 we Xbox Series X / S konsollarynda çykyp biljekdigini, birnäçe aýdan soň bolsa kompýuterde peýda boljakdygyny çaklady. Emma bu çaklama içerki maglumatlara esaslanýarmy ýa-da diňe çaklamamy, anyk...
Günde güýçli alawlama hasaba alyndy
Duşenbe güni, 17-nji fewralda Günde M derejeli güýçli alawlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.
16 minut dowam eden M1.1 alawlamasy Aşgabat wagty bilen 20:13-de 3992 tegmiller toparynda (S05W75) hasaba alyndy.
Gün alawlamalary rentgen şöhlelenmesiniň güýjüne esaslanyp bäş synpa bölünýär...
Curiosity roweri Marsda adaty bolmadyk hadysany - köp reňkli mezosfera bulutlaryny surata aldy
Curiosity mars roweri Marsda seýrek atmosfera hadysasyny, ýagny doňan kömürturşy gazynyň kümüşsöw bulutlaryny surata aldy. 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda NASA-nyň Geýla kraterinde ýerleşýän apparaty Mastcam kamerasyny ulanyp, Gün ýaşandan soň, asmany yzygider surata aldy.
Mars roweri Gün ýaşandan soň 16 minutyň dowamynda asmanyň şekillerin...
Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär
Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp müşderi jemlemäge mümkinçilik berer diýip, Business Insider habar berýär.
"Stratechery" portaly bilen geçirilen söhbetdeşlikde Hos...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar şu gün 08:24
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän...