Apple kompaniýasy Şanhaýda 35 mln dollarlyk maglumat işleýiş bölümini açdy
Amerikan tehnoägirdi bolan Apple Şanhaýda uly maglumat (big data) we emeli aň tehnologiýalary bilen bagly programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we kämilleşdirmek üçin ýörite täze bölüm açdy diýip, Yicai Global agentligi habar berýär.
“Apple Technology Development Shanghai” atly bu täze bölümiň döredilmegi üçin 35 million dollar maýa goýuld...
Xiaomi 15 Ultra hemra aragatnaşyk goldawyna eýe bolar
Täze Xiaomi 15 Ultra smartfony standart görnüşde emeli hemralar arkaly aragatnaşyk goldawyny alar. Enjam iki görnüşde hödürlener diýip, Digital Chat Station atly maglumat çeşmesi habar berýär.
Xiaomi tarapyndan çykaryljak täze smartfonyň bir görnüşi Beidou aragatnaşyk ulgamy arkaly hemra jaňlaryna we hatlara goldaw berse, beýleki görnüşi diň...
Hytaýda BMW X3-iň üýtgeşik wersiýasy çykarylyp başlandy. Ol beýlekilerden uzyn
Hytaýda BMW Brilliance zawodynda G48 kuzowynda BMW X3 krossoweriniň täze wersiýasy öndürilip başlandy.
Autohome-niň habar bermegine görä, bu wersiýanyň aýratynlygy onuň ölçegleriniň ulaldylmagydyr. Ulagyň uzynlygy 4865 mm, ini 1920 mm we teker bazasy 2975 mm. Hytaý modeliniň teker arasy adaty görnüşinden 110 mm uly we BMW X5-iňki bilen deň h...
Ýöreýiş ätiýaçlygy 555 km bolan täze elektrikli sedan - Mazda 6e tanyşdyryldy
Mazda Ýewropa bazaryna üçin niýetlenen täze elektrikli "6e" ulagyny hödürledi. Ol Hytaýda öndürilen Mazda EZ-6 modeliniň täzeden brendleşdirilen görnüşi bolup, ol Tesla Model 3-e bäsdeşlik eder we şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar diýip, Auto24 habar berýär.
Model 3-den tapawutlylykda, Mazda 6e-niň arka tarapyndaky ýük ýeriniň ýokary galdyr...
Microsoft Hindistanda emeli aňy ösdürmeklige 3 milliard dollar maýa goýar
Microsoft Google we Amazon bilen bäsdeşligini güýçlendirip, iki ýylda Hindistanda emeli aňyň (AI) ösüşine 3 milliard dollar maýa goýar. Korporasiýa demir ýol ulaglary, saglygy goraýyş, maliýe hyzmatlary, önümçilik we bilim pudaklarynda işleýän bäş sany iri gurama bilen şertnama baglaşdy. Bu barada TechCrunch çeşmesi habar berdi.
Hususan-da,...
750 mln dollar zibilde galdy. Britaniýaly adama bitkoinli gaty diskini tapmak üçin zibili agtarmaga rugsat berilmedi
Beýik Britaniýanyň kazyýeti Nýuport şäheriniň ýaşaýjysy Jeýms Hauellsiň 8000 bitkoin saklaýan gaty diskini tapmak üçin zibil dökülýän meýdany gazmaga rugsat sorap ýazan arzasyny ret etdi. Häzirki wagtda bitkoinleriň bahasy 750 million dollardan geçýär diýip, BBC habar berýär.
39 ýaşly Hauells 2009-njy ýylda 8000 töweregi bitkoini ýygnap, gat...
CES 2025-de hödürlenen iň täsin gajetlerden TOP-7
Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde innowasion we özboluşly gurluşlar hödürlendi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, myhmanlar adaty bolmadyk we hatda täsin robotlary, haýwanlar üçin aksessuarlary we hojalyk tehnikasyny ýada salýan zarýad beriji gurluşlary görüp bildiler.
Ine, iň gyzykly gurluşlardan 7 sanysy:
1. Yukai Engineering komp...
Tesla täzelenen Model Y 2025 krossowerini hödürledi
Tesla kompaniýasy öz bestselleriniň ornuny tutjak täzelenen Model Y 2025-i hödürledi. Bu krossoweriň 2020-nji ýylda satuwa goýberilenden bäri ilkinji täzelenmesidir.
Täze wersiýa mart aýyndan başlap Hytaýda we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda elýeterli bolar, Ýewropada we ABŞ-da bolsa birneme giç çykmagyna garaşylýar.
...
Boeing Saturnyň hemrasy Titana äpet howa gämisini ibermegi meýilleşdirýär
Boeing kompaniýasy Saturnyň iň uly hemrasy bolan Titany has içgin öwrenmek üçin äpet howa gämisini ibermek baradaky uly taslamasyny köpçülige mälim etdi. Bu barada UniverseToday neşiri habar berýär.
Bu howa gämisi Titanyň ýerli atmosferasyny peýdalanyp, özüniň beýiklik derejesini sazlamagy başarar. Howa gämisine Titanyň ýerleriniň üstki gatl...
25 müň ýewrodan 2025-nji model ýylynyň Opel Astra-sy çykdy
Opel täzelenen Astra 2025-i hödürledi. Modelde hereketlendirijiniň hataryna täsir eden üýtgeşmeler bolup geçdi diýip, Carsweek habar berýär.
Täze önümde öndüriji tygşytlylygy we dinamikasy bilen meşhur bolan, 110 at güýjüni öndürýän 1,2 litrlik benzin hereketlendirijiden ýüz öwürdi. Indi modeliň esasy wersiýasy has güýçli, 130 at güýji bolan...
Ýükleri we adamlary Aýa, Marsa daşajak Starship-iň ýedinji synag uçuşy 13-nji ýanwarda geçiriler
SpaceX Starship-iň ýedinji synag uçuşynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi. Uçuryş 13-nji ýanwarda amala aşyrylar. Kosmos gämisiniň täze prototipi kämilleşdirilen dizaýn we ulgamlar bilen synaglardan geçer.
"Bu täze ýyl Starship üçin möhüm ýyl bolar. Sebäbi tutuş ulgamy gaýtadan ulanmagy hem-de Ýeriň, Aýyň, Marsyň orbitasyna adam...
Toyota her 100 km-e 6,3 litr ýangyç sarp edýän Alphard miniweniniň “altyn çaýylan” görnüşini hödürledi
Toyota kompaniýasy Alphard miniweniniň iki sany täze görnüşini - Exquisite Golden Edition-i we Ultimate Golden Edition-i hödürledi. Modeller altynsow reňkli kuzowy we üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Täze miniwenleriň bahasy degişlilikde 125,4 we 126,8 müň dollar diýip, Speedme ýazýar.
Miniwenleriň interýerinde altyn öwüşginler, agaç...
Galaxy Unpacked 2025: Samsung bilen tanyşdyrylyşy Türkmenistanda haçan we nirede görüp bolar
Samsung Electronics Türkmenistanyň ilatyny 22-nji ýanwarda geçiriljek Galaxy Unpacked 2025 göni ýaýlymyna goşulmaga çagyrýar. Türkmenistanly ulanyjylar üçin amatly bolar ýaly habar berýäris: tanyşdyrylyş Aşgabat wagty bilen agşam sagat 23:00-da başlanar.
Türkmenistanyň ilaty tanyşdyrylyşy Samsung kompaniýasynyň resmi YouTube kanalyndan (yout...
Xiaomi SU7-niň bagažynda janly balyk daşap bolýar: muny iş ýüzünde barladylar
Xiaomi "SU7-niň" öňdäki bagažynda gündelik durmuşda peýdalydygyny tassyklady: ol janly balygy daşamak üçin hyzmat edip bilýär diýip, IXBT ýazýar.
SU7-niň ýük ýeriniň bu özboluşly funksiýasy barada Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun köpçülige mälim etdi. Ol elektromobili satuwa goýbermek boýunça maslahatda yzky ýük goýulýan ýerden yslaryň salona...
Microsoft "OpenAI" bilen baglanyşykly maglumat merkeziniň gurluşygyny togtatdy
Microsoft ABŞ-nyň Wiskonsin ştatyndaky Maunt-Pleasant obasynda ýokary derejeli aňyň döredilmegi bilen baglanyşykly gurulýan giň gerimli maglumat işleýiş merkeziniň gurluşygynyň bir bölegini togtatdy.
Kompaniýa gurluşygyň birinji tapgyryna eýýämden başlapdy, ýöne häzirki wagtda gurluşygyň ýagdaýyny täzeden seljermek maksady bilen ikinji tapgy...
Xiaomi akylly gantelleri çykardy: ol agyrlygy üýtgedip bilýär, gaýtalanýan hereketleriň sanyny we kaloriýalary hasaplaýar
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy akylly Mijia Smart Dumbbell gantellerini tanyşdyrdy. Bu fitnes enjamy kaloriýa hasaplamak, gaýtalanýan hereketleriň sanyny sanamak bilen bir hatarda şahsy türgenleşikler üçin smartfona baglanyp bilýär.
Gantelleriň tutawajynda ýerleşdirilen ekranda gaýtalanýan hereketleriň sany, ýakylýan kaloriýa we türgenleşik wagt...
Toyota Land Cruiser Prado 250 heläkçilik synaglarynda iň ýokary bahany aldy
Toyota Land Cruiser Prado 250 ANCAP heläkçilik synaglarynda (kraş-test) iň ýokary baha aldy. Wnedorožnik bäş ýyldyz bilen sylaglandy diýip, Youtube-yň 4Drive Time kanaly habar berýär.
ANCAP Awstraliýanyň Awstraliýada we Täze Zelandiýada ulaglaryň howpsuzlygyny bahalandyrýan guramasydyr. Guramanyň hünärmenleri 204 at güýjüni öndürýän we 8 tiz...
Gemini Live "ýüzýän panelini" Windows wezipeler sanawyna goşmak meýilleşdirilýär
Google "Gemini Live" wirtual kömekçisini Windows operasion ulgamynyň wezipeler sanawyna goşmagyň üstünde işleýär. Munuň özi ulanyjylaryň emeli aňyň tekst döretmek, terjime we maglumat gözlegi ýaly funksiýalaryna gönüden-göni wezipeler panelinden girip biljekdigini aňladýar diýip, TechRadar habar berýär.
Ozal Gemini Live diňe ykjam programmad...
Hytaýyň ýokary tizlikli demirýol ulgamy uzynlygy boýunça rekord goýdy
Hytaýyň ýokary tizlikli demirýol ulgamynyň umumy uzynlygy rekord 47 müň kilometre ýetdi. Bu barada Hytaýyň milli demirýol edarasy habar berýär.
HHR-iň demirýol ulgamynyň umumy uzynlygy, takmynan, 162 müň kilometre barabar. Ýokary tizlikli relsleriň paýy tas 30 göterime deň.
Hünärmenler şeýle giňelmäniň adamlaryň gatnadylmagyny we hary...
Insaýder iPhone 17 Pro -nyň täze dizaýnyny açdy
Majin Bu lakamy bilen tanalýan insaýder ýakyn wagtda çykjak iPhone 17 Pro smartfonlarynyň täze renderlerini çap etdi.
“Maňa aýtmaklaryna görä, iPhone 17 Pro-nyň häzirki prototiplerinde kameranyň blogy modullardaky ýerleşişini saklaýar. Şeýle-de bolsa, ölçegi çalşan, wspyşkanyň ýerleşýän ýeri we Lidar datçigi üýtgän ýaly "- diýip, maglumat be...