​YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi. ​Indi tomaşaçylar wideo tomaşa edip duran wagty, ony saklamazdan telewizora sorag berip bilerler. YouTube-yň goldaw sahypasynda habar berlişi ýaly, synag toparyna girýän ulanyjylar ekranda "Ask" (Sora) düwmesini görerler. Bu düwme sesli asistenti işledýär. Ol bolsa wideonyň mazmuny boýunça taýýar soraglary hödürleýär ýa-da pultdaky mikrofon arkaly öz soragyňyzy bermäge mümkinçilik döredýär. ​Emeli aň kömekçisi, mysal üçin, nahar bişirilişini görkezýän gepleşikde tagamyň düzümini aýdyp berip biler ýa-da filmdäki aýdymy kimiň aýdýandygyny habar berer. Jogap bada-bat ekranda peýda bolýar, wideo bolsa dowam edýär. ​Häzirki wagtda bu funksiýa diňe çäkli sandaky uly ýaşly ulanyjylar üçin elýeterli bolup, iňlis, hindi, ispan, portugal we koreý dillerinde işleýär. ​YouTube-yň gepleşmek üçin ukyply emeli aňy 2024-nji ýylda işe girizildi. Bu hyzmatyň telewizorlara ornaşdyrylmagy, serwisiň uly ekranlarda tomaşa sanynyň artmagy bilen baglydyr. "Nielsen" kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň aprel aýyndaky maglumatlaryna görä, YouTube ABŞ-daky ähli telewizion tomaşalaryň 12,4%-ni eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir