«Harri Potter» serialynda Zerboş Burmanyň keşbini Nikolas Holt ýerine ýetirer
HBO tarapyndan düşürilýän «Harri Potter» serialynyň 2-nji möwsüminde rollaryň birini «Äpetleri boýun egdiren Jek» we «Supermen» ýaly filmleriň ýyldyzy Nikolas Holt ýerine ýetirer.
Aktýor gara güýçlerden goranmagy öwredýän, özünden juda göwnühoş mugallym Zerboş Burmanyň (Gilderoy Lockhart) keşbini janlandyrar.
Ikinji mö...
Belgiýada ot suwarýanlara we howuz doldurýanlara €350 jerime salnar
Belgiýanyň Şime kommunasynda güýçli guraklyk sebäpli suwuň aşa köp sarp edilmegine, şol sanda otluk ýerleriň suwarylmagyna we howuz doldurylmagyna 350 ýewro möçberinde jerime girizildi. Çäklendirmeler 31-nji awgusta çenli hereket eder diýip, RTL habar berýär.
Teleradioýaýlymyň berýän maglumatyna görä, şeýle çäreler eýýäm 10 kommunad...
Aşgabatda «Bilgir» emeli aň programmasy we «Hyzmatly Dostlaryň» beýleki önümleri tanyşdyrylar
Türkmenistanda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülen «Bilgir» atly milli emeli aň platformasy tanyşdyrylar.
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda sagat 17:00-da, paýtagtdaky «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «Şamelek» restoranynda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýetiniň geňeşilýän «Bilgir» atly täze milli emel...
Hawi Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi Hawini milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine belledi.
46 ýaşly ispaniýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna çenli niýetlenendir. Hawi bu wezipede 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyndan soň ýygyndyny terk eden Ronald Kumany çalyşdy.
Hawiniň...
Google täze smartfonlaryny we sagatlaryny tanyşdyrdy
Google uly Made by Google 2026 tanyşdyryş dabarasyny geçirip, birbada birnäçe täze önümlerini — Pixel 11, Pixel 11 Pro, Pixel 11 Pro XL we eplenýän Pixel 11 Pro Fold smartfonlaryny, Pixel Watch 5 akylly sagadyny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrdy.
Pixel 11 ýady uly bolmagy sebäpli $100 gymmatlady
Esasy Pixel 11-iň bahas...
Aýda zawod gurmaly, olarda robotlary işletdirmeli: SpaceX-iň täsin meýilnamasy
SpaceX kompaniýasy Ýeriň hemrasyna diňe bir ýük ibermek bilen çäklenmän, eýsem, kosmos tehnikasynyň doly önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlara çärýeklik hasabatynyň dowamynda mälim etdi.
Meýilnamanyň çäklerinde Aýa enjamlar, gurluşyk materiallary we robotlar eltilip, şol ýer...
«PSŽ» UEFA Superkubogy ugrundaky oýunda «Aston Willadan» üstün çykdy
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary Angliýanyň «Aston Willany» 2:1 hasabynda ýeňdi we 2026-njy ýylyň UEFA Superkubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk Zalsburg şäherindäki «Red Bull Arena» stadionynda geçirildi.
Parižliler oýnuň 20-nji minudynda hasaby açdylar — gruziýaly hüjümçi Hwiça Kwarasheliýa tapawutlanmagy başardy.
Emma...
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy mätäç maşgalalaryň çagalaryna mekdep harytlaryny sowgat etdi
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 2026/2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlap, «Back to school» («Mekdebe dolanmak») atly haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Başlangyjyň çäklerinde maýyplygy bolan 25 çaga we sosial taýdan goldawa mätäç maşgalalaryň çagalaryna mekd...
Çempionlar ligasy 2026/2027-niň saýlama pleý-off tapgyrynyň garşydaşlary belli boldy
2026/2027 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda duşuşjak ähli garşydaşlar kesgitlendi.
Toparlar bu tapgyra üçünji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça ýetdi.
Duşuşyklaryň ýeňijileri Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda orun alar, utulan toparlar bolsa Ýewropa ligasynyň...
Raşid Meredow ÝB-niň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
12-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow halkara guramalaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşiklerde ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
«Arkadag» Hindistanyň «Goa» toparyny utup, AFK Çempionlar ligasy-2-ä ýollanma gazandy
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyna saýlanma tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçdi. Ýer eýeleri gollaryň üçüsini hem ikinji ýarymda, 14 minutyň dowamynda saldylar.
Oýnuň birinji ýarymynda gol girmedi. «Arkadag» hasaby açmaga ýakynla...
Hytaýda iň geçginli 10 awtoulagyň diňe biri benzin bilen işleýär
Hytaýyň iň geçginli awtoulaglarynyň iýul aýyndaky sanawyna ýedi elektrokar bilen iki gibrid awtoulag girdi. Sanawda içinden otlanýan hereketlendirijili ýeke-täk model Toyota Corolla Cross boldy, onuň hem 14 510 sanysy satylyp, sanawda onunjy orny eýeleýär. Muny CarNewsChina portaly habar berýär.
Hytaýyň ýolagçy awtoulaglary assosiasi...
Jaguar-yň täze modeliniň salonynda edil ortaradan «oňurga» geçýär
Jaguar kompaniýasy Type 01 elektrokarynyň içki bezegini görkezdi. Bu awtoulag 16-njy awgustda Pebble Beach Concours d'Elegance sergisinde köpçülige görkeziler, onuň dünýädäki ilkinji tanyşdyrylyşy bolsa 6-njy oktýabrda Nýu-Ýorkda geçiriler.
Salonyň iň esasy aýratynlygy Jaguar kompaniýasynyň «oňurga sütüni» (central spine) diýip atlan...
Gemini janköýerleriň hyzmatynda: «Barselona» we Google strategik hyzmatdaşlyga başlaýar
«Barselona» futbol kluby Google korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilendigini resmi taýdan yglan etdi.
Täze hyzmatdaşlyk klubuň janköýerler bilen aragatnaşygyny sanly ulgamlar arkaly has-da güýçlendirmäge gönükdiriler. «Barselonanyň» muşdaklary oýunlary has jikme-jik seljermek we oýnuň inçe taktiki taraplaryna aralaş...
«Awazada» Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak boýunça maslahat açyldy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çärä degişli hünärmenler, ekologlar, bilermenler we halkara edaralaryň wekilleri gatnaşýar.
Forumyň açylyş dabarasy «Berkarar» myhmanhanasynda bold...
«PSŽ» we «Aston Willa» şu gije UEFA-nyň Superkubogy ugrunda göreşer
13-nji awgusta geçilýän gije UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky futbol duşuşygy geçiriler. Kubok üçin fransuz «PSŽ» we iňlis «Aston Willa» bäsleşer.
Zalsburgdaky (Awstriýa) «Red Bull Arena» meýdançasynda oýnuň başlandygyny aňladýan jürlewük Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da çalnar.
«PSŽ» bu duşuşyga Çempionlar ligasynyň h...
Wengriýanyň prezidenti wezipesine hukukçy Andraş Baka saýlandy
Wengriýanyň parlamenti sişenbe güni ýurduň täze prezidentini saýlady. Bu wezipäni 73 ýaşly hukukçy we Ýokary kazyýetiň öňki başlygy Andraş Baka eýeledi diýip, CNN habar berýär.
Saýlaw tapgyry kanun çykaryjy edarada geçirildi, onda Bakanyň kandidaturasyny 140 deputat goldady, parlamentiň alty agzasy bolsa garşy çykdy. "Fides" we Hris...
Serialyň soňy: Ronaldu we Jorjina Rodriges resmi ýagdaýda är-aýal boldy
Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen Jorjina Rodriges resmi taýdan nikalaşdy. Olar on ýyl bäri gatnaşyk saklaýarlar.
Jübütler toý barada sosial torlarda nika ýüzükleriniň suratyny paýlaşyp habar berdi. Dabaraly çäre olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda Portugaliýada ýapyk ýagdaýda geçirildi.
Mundan öň Ronaldu bil...
Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldy
Türkmenistanly alymlar RF-iň Altaý ülkesinde we Altaý Respublikasynda 10-njy awgustda başlanan «Uly Altaý: türki miras 2026» halkara etnografik ekspedisiýasyna goşuldy.
Ekspedisiýa Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaýyň türki dünýäsi: taryhda we häzirki zamanda birlik we köpdürlülik» halkara ylmy-bilim taslamasynyň çäklerinde geçi...
Günorta Amerikanyň üstünden görünmeýän derýalar akýar: olar ilkinji gezek karta geçirildi
Alymlar Günorta Amerikanyň üstünden üznüksiz hereket edýän görünmeýän çyglylyk akymlaryny ilkinji gezek jikme-jik karta geçirdiler. Bu «asman derýalarynyň» ne hanasy bar, ne-de kenary. Muňa garamazdan, olar ägirt uly mukdardaky suwy daşamaga hem-de yklymyň haýsy böleginiň has-da ygally boljakdygyny kesgitlemäge ukyplydyr.
Şeýle akyml...