27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini hem-de milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany 2026-njy ýylda «Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. 2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir