Ata Watan
«Rosatom» Aşgabatdaky sergide öňdebaryjy atom energetikasynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy
«Rosatom» döwlet korporasiýasy Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara sergisinde häzirki zaman taslamalaryny öz içine alýan diwarlygyny hödürledi. Olaryň hatarynda uly we kiçi kuwwatly energiýa bloklaryny birleşdirýän utgaşykly atom elektrik stansiýasynyň maketi hem bar. Sergi diwarlygynda ýadro lukmançylygyna, goşmaça önümçilik tehnologiýalaryna...
R.Meredow Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy...
Aşgabatda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda daşar...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahatynda çykyş etdi
Minsk şäherinde Ýewraziýa giňişliginde halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljegini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwletleriň we halkara düzümleriň wekillerini bir ýere jemlän Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslah...
Türkmenistan bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň döwlet edaralary we daşary ýurt kompaniýalary «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly Halkara maslahatyň we serginiň («CIET-2026») çäklerinde özara düşünişmek hakynda 15 sany ähtnama gol çekdiler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.
Resminamalara Beýik Britaniýanyň, Gazagystan...
ABŞ-nyň Kongresine saýlawlaryň ilkinji jemleri şu gün belli bolar diýlip garaşylýar
Düýn – 3-nji noýabrda ABŞ-da Kongrese aralyk saýlawlar boldy. Amerikalylar ýurduň Wekiller palatasynyň 435 agzasyny hem-de 35 senatory saýladylar.
Ilkinji jemlere şu gün – 4-nji noýabrda garaşylýar diýip, «news.by» habar berdi. Irki ses berlişikde rekord derejedäki 50 milliondan gowrak adam ses berdi.
Saýlawlarda esasy bäsdeşlik Tramp...
«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bu bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşik...
Türkmen we özbek gümrükçileri üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre iki edaranyň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet güm...
Tatarystanda milliarderleriň sany bir ýylda artdy
2025-nji ýyl üçin deklarasion tutumyň jemleri boýunça Tatarystanda 43 sany rubl milliarderi hasaba alyndy. Bu barada Federal salgyt gullugynyň sebit edarasynyň başlygy Marat Safiullin metbugat brifinginde habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Safiulliniň sözlerine görä, Respublikanyň çakdanaşa baýlarynyň sany bir ýylda dört adam artypdyr. 2...
Daşoguz welaýatynda sazagyň we gandymyň tohumlaryny ýygnamak meýilleşdirilýär
Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň çäklerinde agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnaýarlar.
Şu güne çenli tokaýçylar tarapyndan tuýanyň 50 kilogram, dagdan agajynyň 25 kilogram, tut agajynyň 30 kilogram, almanyň 5 kilogram, erigiň 45 kilogram tohumy, şeýle hem miweli we bezeg maksatly beýl...
Türkmenistanyň wekili Fujou şäherinde geçirilýän halkara media forumyna gatnaşýar
3-4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol — 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär. Oňa dünýäniň ähli künjeklerinden KHBS-niň wekilleriniň 200-e golaýy, şol sanda Türkmenistandan Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetin...
«Ryanair» aýlyklary togtadyp, täze işgärleri almagy çäklendirmekçi
Ýewropaky iri loukosterleriň biri bolan «Ryanair» irland awiakompaniýasy çykdajylaryna täzeden garamakçy. Kompaniýa şeýle etmek bilen, geljek 2027-nji ýylda ýangyja çykdajylary tygşytlamagy maksat edinýär, sebäbi ol 2 milliard ýewro ýetip biler diýip, «news.by» habar berdi.
Awiagatnadyjy peteklere tarifleri ýokarlandyrmakçy, emma bu ýeterlik...
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar
23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi.
Ýaryşlar küşt...
Aşgabatda BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BM...
Aşgabatda kärdeşler arkalaşyklarynyň orny baradaky halkara maslahat geçirilýär
4-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) gatnaşmagynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Kärdeşler...
Berk uklan hytaýly dogan-garyndaşlaryny gorkuzdy
Hytaýda erkek kişi şeýlebir berk uka gitdi welin, maşgalasy ony tarpa-taýyn ölendir öýtdi diýip, ýurduň «Noodou» neşiri ýazýar.
Habarda hytaýlynyň kondisioneri 18 gradus işledip, galyň ýorgan örtünendigi we berk uka gidendigi gürrüň berilýär. Birnäçe wagtdan soňra dogan-garyndaşlary ony çagyrypdyrlar, emma jogap bolmandyr. Birahat bolan maşg...
Türkmen-hytaý işewür gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçysy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berdi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek»...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagla...
Aşgabatda Awstriýanyň täze ilçisi kabul edildi
Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Etýen Berhtold ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa kabul etdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar b...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda...
Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini gutlady. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni Türkmenistanda her ýylyň 3-nji noýabrynda giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Onda şeýle bellenilýär:
«Hormatly gurluşy...
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi. Halkara sergi we maslahat Türkmenistanda her ýylyň 3-nji noýabrynda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Türkme...
Türkmenistan Minskde geçirilen kinomatografiýa bilimi boýunça GDA-nyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri 2-nji noýabrda Minsk şäherindäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde GDA döwletleriniň kinomatografiýa bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdylar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, çäre XXXII Minsk halkara «Listapad» kinofestiwalyny...
Ýotowa Bolgariýanyň Prezidentligine saýlandy
Bolgariýanyň häzirki Prezidenti Iliýana Ýotowa ýurtda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesinde işini dowam eder. Bu barada Bolgariýanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanýan TASS habar berdi.
Saýlaw býulletenleriniň 99,95 göterimi sanalanda, Prezidentiň hem-de wise-prezidentiň wezipelerine dalaşgärle...
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi
Aşgabatdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan on dört çapyşygyň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gyrmyzy atly at pellehanadan ilkinji bolu...