Düýn – 3-nji noýabrda ABŞ-da Kongrese aralyk saýlawlar boldy. Amerikalylar ýurduň Wekiller palatasynyň 435 agzasyny hem-de 35 senatory saýladylar. Ilkinji jemlere şu gün – 4-nji noýabrda garaşylýar diýip, «news.by» habar berdi. Irki ses berlişikde rekord derejedäki 50 milliondan gowrak adam ses berdi. Saýlawlarda esasy bäsdeşlik Trampyň Respublikaçylar partiýasy bilen demokratlaryň arasynda gidýär. Saýlawlaryň jemleri köp halatda 2028-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň badalga ýagdaýlaryny kesgitlär diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→