Türkmenistanyň döwlet edaralary we daşary ýurt kompaniýalary «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly Halkara maslahatyň we serginiň («CIET-2026») çäklerinde özara düşünişmek hakynda 15 sany ähtnama gol çekdiler. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Resminamalara Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Slowakiýanyň, Daniýanyň we Koreýa Respublikasynyň 14 kompaniýasy bilen gol çekildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi üç sany ähtnama gol çekdi. Beýik Britaniýanyň «ZHA Architects Limited» kompaniýasy bilen baglaşylan resminama şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Gazagystanyň «FALTEC» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyk seýsmiki durnukly gurluşyk tehnologiýalaryny we gurluşyk desgalaryna gözegçilik ulgamlaryny bilelikde ösdürmek bilen baglydyr. Üçünji ähtnama Şweýsariýanyň «Leica Geosystems AG» kompaniýasy bilen gol çekildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bäş resminama gol çekdi. Hyzmatdaşlar hökmünde Germaniýanyň «VEM Sachsenwerk GmbH», «NTS Service GmbH», «Refratechnik Cement GmbH» we «Grenzebach BSH GmbH» kompaniýalary, şeýle hem Hytaýyň «Sany International Development Limited» kompaniýasy çykyş etdiler. Türkmenistanyň Energetika ministrligi Hytaýyň «TBEA Shenyang Transformer Group Co., Ltd» we Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekdi. Mundan başga-da, Malaýziýanyň «Bitdeer Supply Chain SDN. BHD.» kompaniýasy bilen üç sany döwlet edarasy — Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Energetika ministrligi hem-de Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan bilelikde ähtnama baglaşyldy. Türkmenistan bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Slowakiýanyň «Betamont s.r.o» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda ähtnama, şeýle hem «Leica Geosystems AG» kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni iki sany resminama gol çekdi. Daniýanyň «Topsoe A/S» kompaniýasy bilen baglaşylan ähtnama Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we «Garabogazkarbamid» zawodynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen gol çekildi. Günorta Koreýanyň «Samsung E&A Co., Ltd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyk Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly Halkara sergi we maslahat («CIET-2026») 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Forum 60 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi.