4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de çäkleri meýilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Aşgabatda BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Gepleşikleriň gün tertibinde 2027 — 2031-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler, şol sanda geljekki döwür üçin özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek aýratyn orun eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→