Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça halkara olimpiada geçiriler

27-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.
Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Her bir ýokary okuw mekdebinden hünär ugru...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmen gümrükçileri Brýusselde «Akylly gümrük» maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen «Akylly gümrük» taslamasynyň ählumumy maslahatynyň işine gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
26 — 30-njy oktýabr aralygynda Halkara maslahatyň çäklerinde, Tü...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


Aşgabatda «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyryldy.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hök...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistanda Awstriýanyň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň täze ilçisi işe başlady. Has takygy, 2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etýen Berhtolddan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň me...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S.Pol Kapuryň Aşgabat şäherine sapary meýilleşdirilýär. Bu barada «Trend» ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, S.Pol Kapuryň ýolbaşçylygyndak wekiliýet 2 — 9-njy noýabr aralygynda Aşgabatda we Londonda saparda bolar. Saparyň dowamynda amerikan wekiliýeti Türkmenista...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


Guterriş: Adamzat howanyň üýtgemegine garşy göreşde heniz utulýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzat heniz howanyň üýtgemegine garşy göreşde utulýar diýip hasaplaýar.
Baş sekretaryň bu barada «El Pais» ispan gazetine interwýusynda: «Häzirki pursatda biz henizem utulýarys. Biz häzirem howa zyňyndylaryň iň ýokary derejä ýeten döwründe ýaşaýarys, 1,5 gradus bosaga (howanyň d...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistan çagalaryň hukuklary boýunça halkara foruma gatnaşdy

Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çagalaryň hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň «Çagalaryň sesi: milli strategiýalar we howpsuz sanly gurşaw» atly II halkara forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegista...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistanly okuwçy mental arifmetika boýunça halkara ýaryşyň «Naýbaşy çempiony» boldy

Türkmenistanyň wekili Nurýagdy Meredow abakus, mental arifmetika we matematika boýunça «Asia World Brain Cup-2026» halkara çempionatynda «Naýbaşy çempion» adyna mynasyp boldy, bu derejä Nurýagdy 10 minutda iki belgili san bilen düzülen mysallaryň 180-ni çözüp, rekord goýup ýetdi. Ýaryş 24-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirildi.
Ýeňijileri...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmаnowa Türkmenistanda täze bellenen Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombelanyň ynanç hatlaryny kabul etdi.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, 1 week ago


Birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürler 7 million dollardan gowrak geleşik baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 17 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Gruziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Bolgariýadan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçil...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara gadaganlyk güýje girdi

Düýn, ýekşenbe güni Türkiýede ýaşy 15-den kiçi bolan çagalara sosial torlara girmegi gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu aprelde parlament degişli kanun kabul edenden soňra amala aşyryldy diýip, «Daily Sabah» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Kanuna görä, 15 ýaşdan kiçilere sosial torlarda hasaba durmak ýa-da akkaunt açmak gadagan edilýär...

Dowamy »

50 0
Tehnologiýa, 1 week ago


Türkmenistanda bank işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly şygar astynda geçirilen çäre Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň maslahatlar zalynda guraldy. Ol milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşl...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. Ozal haba...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýda adam gondurmagy meýilleşdirýär

Hytaý ilkinji dolandyrylýan maksatnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Aýda iki adam gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada dolandyrylýan kosmos maksatnamasynyň baş inženeriniň orunbasary Wan Sýan Pekinde geçen kosmonawtika boýunça ýedinji maslahatdaky çykyşynda habar berdi.
Hytaýyň Aýa uçuş maksatnamasynyň birinji düzümine üç adam girer. Tu...

Dowamy »

44 0
Tehnologiýa, 1 week ago


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýän Bütindünýä...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, 1 week ago


Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçihananyň berýän habaryna görä, ministr Abbas Aragçi sişenbe güni ir bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýr...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň assambleýasyna gatnaşýar

Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş assambleýasy geçirilýär. Onuň çäklerinde ugurdaş duşuşyklar, hünär forumlary we beýleki çäreler hem guralýar. Assambleýanyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň as...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, 1 week ago


Agramy 250 müň tonna buz harsaňy Alplardaky oba howp salýar

Agramy 250 müň tonna deň bolan äpet buz harsaňy Alplardaky owadan dag obasyna howp salýar hem-de kem-kemden jülgä tarap süýşýär diýip, «Bild» gazetine salgylanýan «khovar.tj» habar berdi.
Neşir buz böleginiň ýagdaýy ýaramazlaşdyryp, heläkçilikli netijä getirip biljekdigini belleýär. Buz harsaňynyň aşak süýşýändigi awgustda hasaba alyndy. Şon...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmen karateçisi Moskwada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň türgeni Dawut Nazmyradow «Moskwa – Karate älemi 2026» atly halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Karate-do federasiýasyna salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Ýaryş Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde geçirildi. Moskwanyň Sport departamenti we Russiýanyň Kara...

Dowamy »

52 0
Sport, 1 week ago


Aşgabatda Türkmensitanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi şu gün Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada «IRNA» habar berýär.
Taraplar Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşykl...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, 1 week ago


Tramp öz tanslaryny birinji hanymyň oňlamaýandygynyň sebäbini düşündirdi

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp öz adamsy Donald Trampyň köpçülik çärelerinde tans etmegini oňlamaýar, sebäbi şeýle tans etmek döwlet Baştutanyna gelişmeýär diýip hasaplaýar. Bu barada TASS ýazýar.
Aýalynyň: «Ezizim, haýyş edýän, indi tans etme. Sen Prezident ahyryn» diýen sözlerini Waşingtonyň edarasynyň başlygy Florida ştatynda saýla...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, 1 week ago


Aşgabatda 22-nji noýabrda «Parismon amour» konserti geçiriler

22-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Melody Orchestra» orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Paris mon amour» atly konsert geçiriler. Konsert agşam sagat 19:00-da «Watan» kino-konsert merkezinde başlanar.
Konsertiň maksatnamasyna Edit Piaf, Şarl Aznawur, Jo Dassen, Lara Fabýan, Garu, Indila we Barbara Prawi ýaly meşhur fransuz aýdymçylaryň repertua...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny hem-de ähli bank ulgamynyň işgärlerini ykdysady ösüşleriň we ajaýyp üstünlikleriň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
«Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, 1 week ago


Saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda d...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistan Türkiýede geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanylan halkara sergä gatnaşar

Noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawiliony gatnaşmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda w...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, 1 week ago