Ýewropaky iri loukosterleriň biri bolan «Ryanair» irland awiakompaniýasy çykdajylaryna täzeden garamakçy. Kompaniýa şeýle etmek bilen, geljek 2027-nji ýylda ýangyja çykdajylary tygşytlamagy maksat edinýär, sebäbi ol 2 milliard ýewro ýetip biler diýip, «news.by» habar berdi. Awiagatnadyjy peteklere tarifleri ýokarlandyrmakçy, emma bu ýeterlik bolmasa gerek. Şonuň üçin aýlyklary wagtlaýyn togtatmak hem-de täze hünärmenleri işe kabul etmegi çäklendirmek meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylyň başyndan bäri awiakompaniýanyň paýnamalary çärýek bölek arzanlapdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→