23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi. Ýaryşlar küşt oýnunyň üç görnüşi — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirildi. Oňa geljegi uly ýaş türgenler, tejribeli ussatlar hem-de küşt sportunyň weteranlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar Kubogyň esasy gahrymanlarynyň biri Amanmuhammet Hommadow bolup, ol «A» toparçasynda nusgawy küşt we rapid görnüşleri boýunça birbada iki ugurda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär. Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda ol mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplap, ýokary taýýarlygyny we durnukly oýun ussatlygyny görkezdi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar Ikinji orny Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew 8,5 utuk bilen eýeledi. Üçünji orny bolsa 8,5 utuk toplan Ilhan Çaryýew gazandy. «STANDARD-B» toparçasynda nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda 10 utuk toplan Täçmyrat Serdarow ýeňiji boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Emine Tokgaýewa eýeledi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar «RAPID-A» toparçasynda Amanmuhammet Hommadow 9 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ondan soňky orunlary 8,5 utuk bilen Orazaly Şyhalyýew we 8 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýelediler. «RAPID-B» toparçasynda hem Täçmyrat Serdarow tapawutlanyp, 10 utuk bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Nurmuhammet Azymow eýeledi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar «BLITZ-A» toparçasynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew 9,5 utuk toplap, ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Leýla Şöhradowa, üçünji orny bolsa 8,5 utuk bilen Ahmet Gubataýew eýeledi. «BLITZ-B» toparçasynda 10 utuk toplan Aýnur Batyrowa birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Nurmuhammet Azymow, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Azat Rejepow eýeledi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar Esasy ýaryş toparlaryndan başga-da, guramaçylar ilkinji gezek weteran küştçüler üçin aýratyn ýaş toparlaryny döretdiler. Bu täzelik ýaryşyň gerimini giňeltmek we dürli ýaşdaky gatnaşyjylary has giňden gurşap almak üçin möhüm ädim boldy. 65 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda halkara derejeli ussat, Türkmenistanyň çempiony we ýurduň iň güýçli küştçileriniň biri Karen Grigorýan 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orny 5 utuk bilen Mämmetanna Haly­mow, üçünji orny hem 5 utuk bilen Myrat Ýakubow eýelediler. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar 50 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda bolsa Akmeret Kakalyýew 4,5 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Gaýgysyz Tagyýew hem 4,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Üçünji orna 4 utuk toplan Kamil Romanow mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→