Minsk şäherinde Ýewraziýa giňişliginde halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljegini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwletleriň we halkara düzümleriň wekillerini bir ýere jemlän Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow maslahatda çykyş edip, halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Türkmen diplomatynyň çykyşynda deňhukukly dialoga, özara hormat goýmaga we halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine esaslanýan bölünmez howpsuzlyk binýadyny kemala getirmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň esasy hökmünde ähmiýetine, şeýle hem ýurduň halkara gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmäge ygrarlylygyny şöhlelendirýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna aýratyn üns berildi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Ýewraziýanyň ykdysady, energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bellenildi. A.Gurbanowyň çykyşynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn orun berildi. Degişli çäreleri taýýarlamak we geçirmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň ýakyn wagtda tassyklanyljakdygy habar berildi. Çykyşynyň ahyrynda A.Gurbanow Türkmenistanyň Ýewraziýa howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialogy ösdürmek, ynamy pugtalandyrmak we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin özüniň bitarap diplomatik giňişligini mundan beýläk-de hödürlemäge taýýardygyny nygtady.