Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň çäklerinde agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnaýarlar. Şu güne çenli tokaýçylar tarapyndan tuýanyň 50 kilogram, dagdan agajynyň 25 kilogram, tut agajynyň 30 kilogram, almanyň 5 kilogram, erigiň 45 kilogram tohumy, şeýle hem miweli we bezeg maksatly beýleki agaçlaryň hem-de gyrymsy ösümlikleriň köp mukdarda tohumlary ýygnaldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Bellemeli ýeri, şu möwsümde ilkinji gezek pawlowniýa agajynyň tohumlary hem taýýarlanyldy. Bu bolsa agajyň ýurduň demirgazyk sebitinde kem-kemden ýaýbaňlanýandygyny görkezýär. Biraz soňra welaýatda sazak we gandym ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak hem meýilleşdirilýär. Ýygnalan tohumlar hojalygyň umumy meýdany onlarça gektara barabar bolan nahalhanalarynda ösümlikleri mundan beýläk-de köpeltmek üçin tohumlyk serişde bolup hyzmat eder. Welaýat tokaý hojalygynyň işgärler topary tarapyndan tokaý zolaklaryny yzygiderli döretmek we dikeltmek, pürli, çöl, miweli we bezeg agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem ekmek üçin nahallary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň bir bölegidir.