Hytaýda Aziýa-Ýuwaş umman forumy geçdi
Şençžende Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň forumynyň meýdançasynda geçen üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Russiýanyň, Hytaýyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Resminamada bu döwletleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolmak bilen, guramanyň ählumu...
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy Özbegistanda halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Özbegistan Respublikasynyň Çyrçyk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýär. Türgenler tälimçileriň ýolbaşçylygynda fiziki, tehniki we taktiki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda sport ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşikleri alyp bar...
Bangkokda geçirilen «AFC Awards» dabarasynda Alireza Baýranwand we Kim Kýon Ýon Aziýanyň iň gowy futbolçylary diýlip yglan edildi
Eýranyň milli ýygyndy toparynyň derwezeçisi Alireza Baýranwand Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) milli ýygyndy toparynyň futbolçysy Kim Kýon Ýon bolsa yklymyň iň gowy zenan futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijiler 19-njy noýabrd...
Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler Lebap welaýatyna sapar etdi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtler Lebap welaýatyna sapar etdi. Bu onuň Türkmenistana ilçi hökmünde gelenden soň ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyran ilkinji saparydyr. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berilýär.
...
Aşgabatda italýan jaz aýdymçysy Simona De Roza wokal sungaty boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi
Düýn italýan jaz aýdymçysy, kompozitor we mugallym Simona De Roza Aşgabatda jaz eserlerini ýerine ýetirmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy ussatlyk sapagyna gatnaşyjylara saz sungatyndaky döredijilik ýolunyň taryhy barada gürrüň berdi. Ol jaz sungatyna bada-bat gelmändir:...
Pul ýetmezçiligi Günorta Koreýada nikadan ýüz öwrülmeginiň esasy sebäbi boldy
Günorta Koreýada ýaşaýjylaryň 10-syndan 7-si jübütler resmi nikadan geçmän hem bile ýaşap bilerler diýip hasaplaýar. Bu barada ýurduň Maglumatlar we statistika ministrligine salgylanýan «Kazinform» gullugy ýazýar.
Geçirilen barlaglara görä, pikiri soraşylanlaryň 67,8 göterimi şeýle pikiri goldanýar, 20—30 ýaşlylaryň arasynda bolsa, bu görkez...
Arkadag şäherinde Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabara geçirildi
Şu gün bellenilýän Bütindünýä çagalar güni mynasybetli Arkadag şäherinde giň gerimli baýramçylyk dabarasy guraldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-medeni çäre ýaş nesliň hukuklaryny goramak, olaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek we hemmetaraplaýyn goldaw bermek ugrunda ýurtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Dabaraly çärä Gur...
Russiýada ýyldan ýyla arzanlaýan azyk önümleri belli boldy
Russiýada hyýaryň bahasy bir ýylda 8,4 göterim arzanlap, ýurtda ýylsaýyn arzanlaýan azyk önümi boldy. Bu barada «Руспродсоюз» assosiasiýasynyň habaryna salgylanýan TASS habar berdi.
Arzanlan azyk önümleriniň 5-ligine şeýle hem alma (8,1 göterim), ösümlik ýagy (6,4 göterim), peýnir (2,1 göterim) we aşa pasterizleşdirilen süýt (1,7 göterim) gi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşi...
Türkmenistanda 50 müň täze iş orny we 25 müň kärhana dörediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş orunlaryny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta...
2027-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler
2027-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda belledi hem-de wise-premýer B.Mämmedowa bu çärä şu günden başlap taýýarlyk görmegi we onuň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy. Bu barada «W...
Türkmenistan Ženewada geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinde düzülen ýurduň wekiliýeti 16 — 20-nji noýabr aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyny...
Türkmen talyplary halkara stomatologiýa olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
Şu ýylyň 11–15-nji noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara stomatologiýa olimpiadasyna we kongresine gatnaşdy.
«Stomatologiýanyň elitasy» atly Bütinrussiý...
Türkmen hünärmenleri çägeden kremniý almagyň usulyny işläp düzdüler
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde Garagum çölüniň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu barada ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm müdiri Batyr Berdiýew «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu tehnologiýa dünýäde uly isleg...
Türkmenistanda «Maliýe» dersi boýunça Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe» dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada 11 ýurduň 52 sany ýokary okuw mekd...
Tramp Hytaýa bardy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady sammitine hem-de Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Hytaýyň Şençžen şäherine bardy. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berdi.
Guramanyň 33-nji sammiti düýn öz işine başlady, ol şu gün öz işini tamamlar. L...
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Aşgabat maslahatynda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň ikinji gününde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
18-nji noýabrda parlamentarileriň giň wekilçilikli toparyny bir meýdançada...
Lebap welaýatynda çykarylan tebigy gaz 20 milliard kub metre golaýlady
Lebap welaýatynda şu ýyl çykarylan tebigy gaz 20 milliard kub metre golaýlady. Has takygy, ýylyň başyndan bäri 19 milliard 575 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» çykaryldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 680 million kub metre golaý köpdür. Önümçilikdäki artyş depgini 3,6 göterime ýetýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde ha...
Özbegistanyň ilaty soňky 16 ýylda 10 million adam köpeldi
Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany soňky 16 ýylda 10 million adama çenli köpeldi. Bu barada Respublikanyň Statistika geňeşine salgylanýan «podrobno.uz» neşiri habar berdi.
Geňeşiň habaryna görä, 2010-njy ýylyň başynda ýurtda 29 million 214 müň 900 adam ýaşaýardy. 2026-njy ýylyň başynda bu görkeziji 39 million 23 müň 600 adama ýetdi. 30 mil...
Aşgabatda Ýewropanyň medeniýet günlerine badalga berilýär
Şu gün Aşgabatda dekabr aýyna çenli dowam etjek Ýewropa medeniýetiniň günleri başlanýar.
Size Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda çap eden çäreleriň maksatnamasyny hödürleýäris:
19-njy noýabrda — sagat 15:00-da Simona De Rozanyň (Simona De Rosa) wokal boýunça ussatlyk sapagy geçiriler, Türkmenista...