Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtler Lebap welaýatyna sapar etdi. Bu onuň Türkmenistana ilçi hökmünde gelenden soň ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyran ilkinji saparydyr. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berilýär. «Men diňe bir paýtagt bilen däl-de, eýsem ýurduň sebitleri bilen hem tanyşmagy möhüm hasaplaýaryn» — diýip, hanym Petra Dahtler öz sapary barada gürrüň berdi. Lebap welaýatyna sapar welaýatyň häkimi bilen geçirilen duşuşykdan başlandy. Soňra diplomat «Weçerniý Turkmenabat» orkestriniň repetisiýasyna gatnaşdy we orkestriň dirižýory Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş boldy. Şeýle hem saparyň dowamynda ilçiniň 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebe baryp görmegi guraldy. Bu okuw mekdebi «PASCH» (Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary) atly başlangyja gatnaşýar. Mekdepde nemes dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Ilçi mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşdy, okuwçylar bilen söhbetdeş boldy. Olaryň käbiri eýýäm talyp haklary maksatnamalarynyň çäklerinde Germaniýada bolup görüpdir. Duşuşygyň dowamynda diplomat öz hünär ýolunyň taryhy barada gürrüň berdi we okuwçylaryň sowallaryna jogap berdi. Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler Lebap welaýatyna sapar etdi «Bu ajaýyp söhbetdeşlik boldy! Ýaşlaryň höwesi meni örän begendirdi, olaryň köp sanly sowallary bermegi bolsa aýratyn begendirdi. Öz işine wepaly mugallymlara hem tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Şu depginde dowam ediň!» — diýip, nemes diplomaty duşuşykdan alan täsirleri bilen paýlaşdy. Türkmenabat şäherine saparynyň dowamynda ilçi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem baryp gördi. Şeýle hem «Täze Zaman» jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri bilen duşuşdy. Türkmenabatdaky sapary tamamlanandan soň, diplomat Mary welaýatyna ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→