Düýn italýan jaz aýdymçysy, kompozitor we mugallym Simona De Roza Aşgabatda jaz eserlerini ýerine ýetirmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirdi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy ussatlyk sapagyna gatnaşyjylara saz sungatyndaky döredijilik ýolunyň taryhy barada gürrüň berdi. Ol jaz sungatyna bada-bat gelmändir: ilki bilen düýpli saz bilimine eýe bolup, rok toparynyň düzüminde çykyş edipdir. Diňe şondan soň jaz sazyna içgin aralaşypdyr. Nýu-Ýorkdaky Kuins kollejini tamamlan neapolly aýdymçy dürli saz stillerinde, dillerde we medeni gurşawlarda özboluşly çykyş etmek ukyby hem-de döredijilik köptaraplylygy bilen giňden tanalýar. Ol ýekelikde ýerine ýetiriji hökmünde bäş sany albom çykardy, şeýle hem jaz, etniki we häzirki zaman saz ugurlaryndaky köp sanly bilelikdäki taslamalara gatnaşdy. Aýdymçy ABŞ-da, Ýewropada, Hytaýda we Wýetnamda işjeň konsert saparlaryny amala aşyrýar. Ol Gazagystanda hem konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Ol köplenç Ýewropanyň öňdebaryjy orkestrleriniň sazandarlygynda çykyş edýär we halkara derejesinde tanalýan jaz toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn, bu ýerdäki ähli zat meniň üçin täzelik. Häzirki wagtda milli sazyňyzy uly gyzyklanma bilen öwrenýärin. Şu wagt bir zady ynam bilen aýdyp bilerin: konsertime geljek tomaşaçylara garaşylmadyk sowgat taýýarladyk — türkmenistanly kärdeşim bilen bilelikde meşhur türkmen aýdymlaryny ýerine ýetireris. Men halk döredijiligini we halk sazlaryny örän gowy görýärin, olara jaz improwizasiýasyny hem-de wakalary saz arkaly beýan etmegiň (storytelling) elementlerini goşýaryn» — diýip, sungat işgäri belledi. Duşuşygyň iň gyzykly pursatlarynda oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, meşhur aýdymçy Bahar Durdyýewa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri goşuldylar. Olar bilelikde birnäçe saz eserini ýerine ýetirip, hünär tejribeleri bilen paýlaşdylar. Bu bolsa duşuşyga aýratyn mähirli we ýakymly öwüşgin çaýdy. Ýatladyp geçsek, şu gün agşam Simona De Roza Aşgabadyň tomaşaçylarynyň öňünde konsert bilen çykyş eder. Italýan aýdymçysynyň Türkmenistana sapary 19-njy noýabrda badalga alan Ýewropa medeniýetiniň günleriniň çäklerinde geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→