ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düýn Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady sammitine hem-de Hytaýyň Başlygy Si Szinpin hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Hytaýyň Şençžen şäherine bardy. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berdi. Guramanyň 33-nji sammiti düýn öz işine başlady, ol şu gün öz işini tamamlar. Liderleriniň gatnaşjak esasy çäräniň öňüsyrasy HHR-iň Başlygy we Russiýanyň Prezidenti duşuşdylar. Giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň barşynda rus lideri geosyýasy ýagdaýda Moskwanyň hem-de Pekiniň has adalatly köppolýar dünýä gurluşyny kemala getirmekde konstruktiw çemeleşmeleri goldanýandygyny nygtady.