Şu ýylyň 11–15-nji noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara stomatologiýa olimpiadasyna we kongresine gatnaşdy. «Stomatologiýanyň elitasy» atly Bütinrussiýa olimpiadasy «Prizmatika» stomatologiýany ösdürmek boýunça okuw merkezinde geçirildi. Çäräniň çäklerinde terapewtiki stomatologiýa, hirurgiki stomatologiýa we implantologiýa, ortopediki stomatologiýa hem-de ortodontiýa ugurlary boýunça bäsleşikler, ylmy çykyşlar we amaly synaglar guraldy. Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary özleriniň nazary bilimlerini, amaly başarnyklaryny we hünär taýýarlyklaryny görkezip, birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldular. Terapewtiki stomatologiýa ugry boýunça 4-nji ýyl talyby Maral Taşliýewa birinji orny eýelän bolsa, ortodontiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Halima Rahmanowa ikinji orna, ortopediki stomatologiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Gylyçmyrat Orazdurdyýew üçünji orna mynasyp boldy. Çäräniň jemleri boýunça ýeňijilere we gatnaşyjylara degişli diplomlar hem-de güwänamalar gowşuryldy. Halkara olimpiada we kongres türkmen talyplarynyň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtly deň-duşlary we hünärmenleri bilen tejribe alyşmak, şeýle-de stomatologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→