Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrylandygyny beýan etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijesi boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglardan ybaratdygyny belledi. Mejlisiň dowamynda öňde goýlan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler hem-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler hakynda, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler we «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» möhüm ähmiýeti hakynda, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanunyny, ahalteke bedewleriniň atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen ýurtda hem-de dünýäde döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler hakynda, şeýle hem dürli ugurlardan ybarat soraglar boýunça birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi hem-de degişli ugurlar boýunça ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.