Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň ikinji gününde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. 18-nji noýabrda parlamentarileriň giň wekilçilikli toparyny bir meýdançada jemlän forumyň «Daşky gurşawyň howpsuzlygy, howanyň durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak: halkara hukugy we parlament işi», «Tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamak: howpsuz, ynsanperwer, demokratik geljek üçin halkara hukugy we parlament dolandyryşy» atly mejlislerinde degişli ugurlarda çözgütleri işläp taýýarlamakda, özgertmeleri amala aşyrmakda kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly pikir-garaýyşlar beýan edildi. Maslahatyň gün tertibi boýunça, parlamentariler bilen bir hatarda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, ÝHHG-niň başlygynyň dialogy we ynamy pugtalandyrmagy ilerletmek boýunça ýörite wekili Serž Rýumen, adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça ýörite wekiliniň we utgaşdyryjysynyň orunbasary Jean-Benoit Manhes, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit hukuk meseleleri boýunça utgaşdyryjysy Žala Azizowa ýaly wekilleriň hem çykyş etmegi halkara çärä ählumumy meseleleri çözmekde netijeli meýdança hökmünde baha berilýändigini aňladýar. Türkmen parlamentarileri kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat giňişligini goramak, sanly diplomatiýany ösdürmek boýunça kanun çykaryjy edaralaryň tejribelerini utgaşdyrmagy öňe sürdüler. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Ýewgeniý Zoffili bu abraýly halkara düzümiň Ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw boýunça komitetiniň howanyň üýtgemegine, çölleşmä garşy göreşmekde, emeli aňy jogapkärçilikli peýdalanmakda tagallalaryny tanyşdyrdy. ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Mejlisiniň bilelikde guran ýokary derejeli maslahatynda sanly tehnologiýalar giňişliginde adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny, häzirki zaman durmuş gurşawynda zenanlaryň we ýaşlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly işlere-de jikme-jik baha berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→