Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekillerinde düzülen ýurduň wekiliýeti 16 — 20-nji noýabr aralygynda Ženewa şäherinde geçirilýän Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň (CDIP) 37-nji mejlisiniň işine gatnaşýar. Ýokarda agzalan mejlisiň çäklerinde WIPO-nyň Ösüş babatyndaky Gün tertibini durmuşa geçirmek, dürli ugurly tehniki ýardamlary bermek hem-de ösüp barýan ýurtlaryň innowasion mümkinçiliklerini pugtalandyrmak bilen bagly meseleler agza döwletleri tarapyndan özara maslahatlaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda bu mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dünýäniň 139 ykdysady maglumatyny öz içine alýan Ählumumy innowasiýa görkezijisinde (GII) ýurduň bu ugurdaky ösüşlerini görkezmek usulyýeti we ölçegleri, milli statistika maglumatlaryny taýýarlamak, hünärmenleriň bu ugurdaky bilimlerini artdyrmak hem-de bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça özara pikir alyşyldy. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy guramanyň wekillerine şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanandygy barada habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→