Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
3-nji aprelde Samarkanda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda...
Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün, 3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitl...
Raşid Meredow Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen duşuşdy
2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saud bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar...
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
Şu gün, 4-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow sammitiň barşynda maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklyly...
Mark Sukerberg “Sosial ulgam” filmindäki futbolkany geýýär
Mark Sukerberg auksionda Facebook-yň döredilişi baradaky “Sosial ulgam” filminde Jessi Aýzenbergiň geýen futbolkasyny satyn aldy.
Milliarder “Kolin we Samir şüweleňinde” Ardsley High School ýazgyly futbolkada peýda boldy – bu onuň okan orta mekdebiniň ady. Alypbaryjy Samir logotipi tanap, ondan bu futbolkanyň filmdendigini ýa-da däldigini so...
Alymlar Kentukkide gadymy akulanyň täze görnüşini açdy: dişli jandaryň ýaşy 340 mln ýyl
Paleontologlar Kentukki ştatyndaky Mamontowa gowagy milli seýilgähinde akulanyň ozal näbelli görnüşiniň dişlerini tapdy. 340 mln ýyl mundan ozal ýaşan bu jandar Clavusodens mcginnisi adyny aldy diýip, Sci News habar berýär.
“Clavusodens mcginnisi ady daşyndan tekiz syrçalary we uzyn esaslary sebäpli gadymy demir çüýlerini ýada salýan akulany...
Gün işjeňliginiň iň ýokary döwri geçdi: alawlamalaryň we magnit tupanlarynyň derejesi peseler
Gün işjeňliginiň 2019-njy ýylda başlanan 25-nji iň ýokary döwri yzda galdy. NOAA kosmos howasyny çaklama merkeziniň maglumatlaryna görä, işjeňligiň iň ýokary derejesi 2024-nji ýylyň awgust-noýabr aýlarynda boldy. Şonda 13 aýyň dowamynda Gün tegmilleriniň ortaça sany 156,7-ä ýetdi.
Indi bu döwür geçdi, şonuň üçin alawlamalar we koronal massas...
Dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň reýtinginde Irlandiýa birinji orny eýeledi
Nomad Capitalist atly konsalting kompaniýasy dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň reýtingi bolan «Nomad Passport Index 2025-i» çap etdi. 2025-nji ýylda reýtingiň birinji ornuny Irlandiýa eýeledi.
Bu indeksde 199 ýurduň raýatlygy seljerilýär. Bahalandyryşdaky iň esasy görkeziji – pasportyň eýesiniň näçe ýurda wizasyz syýahat edip bilýänligi bold...
Almatyda "ESE ASIA-2025" II Halkara ulag forumy geçiriler
2025-nji ýylyň 21–23-nji apreli aralygynda Almaty şäherinde (Gazagystan) "ESE ASIA-2025" II Halkara ulag forumy geçiriler. Çärä Ýewraziýa ýurtlarynyň işewürleriniň, döwlet düzümleriniň we logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Forum Almatydaky "RIXOS" myhmanhanasynda geçiriler.
Forumyň guramaçylary – Ýeke-täk Ekspeditorlar Jemgyýeti...
OPEK+ maý aýynda nebit önümçiligini meýilnamadan üç esse artdyrmak barada ylalaşdy
OPEK+ guramasynyň sekiz ýurdy (Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman) 3-nji aprelde onlaýn duşuşyk geçirip, maý aýynda nebit önümçiligini günde 411 000 barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Bu öň meýilleşdirilenden tas üç esse köp bolar.
“Bazardaky durnukly ýagdaýy we bazar bilen bagly oňyn çaklamalary göz öňünde...
Apple bir günde bazar gymmatyndan $250 mlrd ýitirdi. Muňa Trampyň girizen gümrük paçlary sebäp boldy
3-nji aprelde Apple kompaniýasy bazardaky umumy gymmatyndan, takmynan, 250 mlrd dollar ýitirdi. Amerikan korporasiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salgyt syýasatynyň iň uly pidalarynyň biri boldy diýip, «Financial Times» belläp geçýär.
Apple önümleriniň aglabasyny Hytaýda we beýleki Aziýa ýurtlarynda öndürýär. Neşiriň ýazmagyna görä, k...
BMW täze «ýedilikleri» taýýarlaýar: olar 2027-nji ýylda satuwa çykarylar
BMW «Alpina 7 Series» sedanyny gaýtadan çykarmaga taýýarlanýar. «Alpina B7» modeliniň önümçiligi 2022-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Alpina brendi BMW-niň düzümine geçensoň, Mýunheniň inženerleri meşhur hatary dikeltmäge karar berdiler.
Täze modeliň birnäçe wersiýasynyň çykarylmagy meýilleşdirilýär, şol sanda iň güýçli benzinli görnüşi hem bol...
Smartfonlaryň ekranynyň berkligini we hilini ýokarlandyrjak ýakut daşy döredildi
Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetiniň alymlary çyzylmalara çydamly, ýalpyldyny peseldýän we bugarmagyň öňüni alýan ýakut daşyndan nanogurluşlary işläp düzdüler. Bu açyş smartfonlaryň ekranynyň, optiki linzalaryň we awtoulaglaryň aýnalarynyň berkligini ep-esli ýokarlandyrar diýip, «SciTechDaily» ýazýar.
Ýakut daşy örän berk material, ýöne kiç...
Janly öýjükler maglumatlary öň çaklanylandan milliardlarça esse çalt işleýär
Waşington şäherindäki (ABŞ) Goward uniwersitetiniň Kwant biologiýa laboratoriýasynyň müdiri, fizik-teoretik Filip Kurian janly organizmleriň maglumatlary öň çaklanylandan milliardlarça esse çalt işleýändigini anyklady. Bu barada «Science» žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Täze ylmy gözleg öýjükleriň içindäki beloklaryň kwant ýokary şö...
Aston Martin "Formula 1-däki" paýyny satmak bilen 125 million funt sterling toplady
Aston Martin kompaniýasy Formula 1 toparyndaky minoritar paýynyň 74 million funt sterlinge satylandygyny habar berdi. Kompaniýa munuň uzak möhletleýin hemaýat şertnamasyna täsir etmejekdigine ynandyrdy.
Bu habar Aston Martin-iň başlygy Lourens Stroll kompaniýanyň işine ýene 52,5 million funt sterling möçberinde maýa goýumynyň goýulýandygyny...
Samsung hojalyk tehnikalaryny has "akylly" edýär: pylesos we kir maşyn jaňlary alyp bilýär
Samsung üýtgeşik mümkinçilikleri bolan hojalyk tehnikalaryny hödürledi: tozan sorujylar we kir ýuwujy maşynlar indi gelýän jaňlary alýar we holodilnik TikTok-y goldaýar. Elbetde, täze tehnikalaryň bahalary hem özüne laýyk.
Täze Bespoke AI Jet Ultra simsiz tozan sorujy (1099 dollar) batareýanyň zarýadyny, gelen jaňlary we sms-habarlary görkez...
Mansory 900 at güýçli üýtgeşik Lamborghini Urus kupesini hödürledi
Mansory Lamborghini Urus-yň binýadynda özboluşly Venatus Coupe EVO C kupesini hödürledi.
900 at güýçli iki gapyly wersiýa çäkli mukdarda - bary-ýogy 8 sanysy öndürildi.
Ulag tutuk gara reňke boýaldy. Model süýlüp ýasalan karbon elementlerini we haýbatly obwesi aldy. Dizaýnda iki sany yzky ganat, äpet diffuzor, dilikli kapot, giň ganat...
Tesla-nyň Berlindäki gigafabriginde 500 müňünji Model Y öndürildi
Tesla-nyň Giga Berlin-Brandenburg zawodynda 500 müňünji Model Y krossoweri öndürildi. Bu barada Ilon Maskyň kompaniýasy öz sosial torundaky sahypasynda habar berdi we bu waka bagyşlanyp geçirilen dabaradan bir surat paýlaşdy.
Zawod 2022-nji ýylyň 22-nji martynda açylypdy. 500 müňünji Model Y-ni öndürmek üçin zawoda 1100 günden gowrak wagt ge...
«Ýyldyz söweşlerinden» Çubakkanyň arbaleti 768 müň dollara satyldy
Asyl «Ýyldyz söweşleri» (Звёздные войны) trilogiýasyndaky Çubakkanyň arbaleti auksionda 768 müň dollara satyldy. Söwda bäsleşigini Propstore kompaniýasy gurnady diýip, «Variety» neşiri habar berýär.
Bu arbalet «Täze umyt» (Новая надежда), «Imperiýanyň jogap urgusy» (Империя наносит ответный удар) we «Jedaýyň gaýdyp gelmegi» (Возвращение джед...
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty gutardyş synp okuwçylaryny «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2025 — 2026-njy okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar institutd...