Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy. Mundan öň Arbeloa “Realyň” dürli ýaşdaky ýaşlar toparynda işledi. 2023-nji ýylda 19 ýaşa...
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar.
Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär.
Ikinji orunda 5,2 mlrd ýew...
IPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
iPhone 16 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Ýaponiýada we Afrika ýurtlarynda islegiň artmagy we Apple-iň üstünlikli baha strategiýasynyň netijesinde esasy iPhone modeli ikiýyllyk arakesmeden soň birinji orna gaýdyp geldi.
Apple iň köp satylan smartfonlaryň g...
BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer. Ilkibaşda olar diňe elektromobiller üçin işlenip taýýarlanypdy diýip, IT Home neşiri ýazýar.
BMW-niň önüm bölüminiň ýolbaşçy...
Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi
Britaniýanyň Vertical Aerospace kompaniýasy Ýewropada açyk howa giňişliginde ilkinji gezek howa taksisiniň uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada The Daily Telegraph gazeti habar berýär.
VX4 elektrouçarynyň prototipi Angliýanyň gündogar-günbataryndaky Kotsuolds sebitiniň asmanyna göterildi. Bat almak üçin ýerli howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ula...
Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy
Apple kompaniýasy Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasyny giňeltdi, indi ol iPad planşetlerini hem öz içine alýar. Mundan beýläk ätiýaçlyk şaýlary we abatlaýyş gurallary dürli modeller, şol sanda esasy wersiýa, mini, Air we Pro modelleri üçin elýeterlidir.
Programma, esasan, Apple-iň häzirki wagtda satýan ýörgünli modellerine degi...
Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy
Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi.
Ulanyjylaryň biri, Samsung Galaxy A53 smartfonynyň eýesi Instagram-yň 54 minutd...
ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ SUNGAT ESERI
Goja taryha nazar aýlasak, ençeme täze şäherleriň, galalaryň gurulmagyny meşhur şahsyýetleriň tagallasy, atlary bilen baglanyşykly bolandygyna göz ýetireris. Gadymy Ahalyň ýaýlasynda, Köpetdagyň eteginde bu täze şäheriň taslamasyny düzmek, ony gurmak Gahryman Arkadagymyzyň abyrsyz aladasy, taýsyz tagallasy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin halk...
ARKADAG ŞÄHERI EZIZ WATANYMYZYŇ GÖWHER GAŞY
«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli beýik işlere ulaşýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarl...
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Taýland bilen oýundan öň janköýerleriň goldawyna umyt baglaýar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlandyň toparyna garşy geçiriljek oýnuň öňüsyrasynda janköýerleriň goldawyna uly umyt baglaýandygyny mälim etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
«Men öňümde duran ähli jogapkärçilige düşü...
Yslamabatda türkmen milli aşhanasynyň adaty tagamlary hödürlendi
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy 25-nji maýda Yslamabadyň Daşary ýurtly zenanlar birleşmesi (IFWA) we «Serena» myhmanhanasy tarapyndan guralan «Dünýäniň tagamyny dadyp gör» atly haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy.
Yslamabatda bu çärä gatnaşan diplomatik wekilhanalar öz ýurtlarynyň milli aşhanasynyň adaty tagamlaryny hödürlediler. Gatnaşa...
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy» filminiň görkezilişini gurady
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Pakistanda ýaşaýan owgan-türkmen diasporasynyň wekilleri üçin «Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň görkezilişini gurady.
Film görkezilmezinden öň myhmanlara onuň döreýiş taryhy barada gürrüň berildi. Bellenilişine görä, film beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmen...
Türkmenistan Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
Türkmenistan Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — 2050: umumy abadançylyga we durnuklylyga tarap» atly birinji sebitleýin forsaýt-maslahatyna gatnaşdy. Bu foruma Türkmenistan bilen bir hatarda sebitiň ähli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, gözleg we seljeriş merkezleriniň wekilleri hem-de garaşsyz bilermenler gatnaşdyl...
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çäre BMG-niň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzümleriniň wekillerini, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy g...
Saud Arabystany Gurban-haýtyň baýram ediljek senesini yglan etdi
Saud Arabystanynyň häkimiýetleri täze Aýyň peýda bolmagyny synlamalaryň netijesinde musulmanlaryň Id al-Adha – Gurban-haýt baýramynyň anna güni, ýagny 6-njy iýunda başlanýandygyny yglan etdiler. Bu barada «Daryo.uz» habar berýär.
«Sişenbe güni agşam, musulman senenamasy boýunça 1446-njy ýylyň Zülhiçje (Gurban) aýynyñ 27-nji gününde asmanda Z...
Daşoguzdaky sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 3 million manatlyga golaý önüm öndürildi
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan 2025-nji ýylyň 4 aýynda 2 million 800 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi.
Netijede önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.
Ön...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bell...
Russiýaly alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adany açdylar
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Hazar deňziniň demirgazyk böleginde täze adanyň üstüni açdylar diýip, RYA-nyň Okeanologiýa institutyna salgylanýan TASS habar berdi.
Täze ada öň bar bolan Malaýa Žemçužnaýa adasyndan günorta-demirgazykda 30 kilometrlikde tapyldy.
Ilkibaşda gury ýer bölegini geçen ýylyň dekabrynda kosmos arkal...
Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň döredijilik festiwalyna gatnaşýarlar
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenistanly ýaş şahyrlar Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilýän halkara festiwala gatnaşýarlar.
28-nji maýda Gyrgyzystanyň Oş döwlet uniwersitetiniň medeni merkezinde meşhur gyrgyz şahyry Žolon Mamytowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şahyryň ýadygärliginiň dabarasy geçirildi. Soňra türki döwletleriň ýaş şa...
Russiýanyň «Hor Tureskogo» aýdym-saz topary 31-nji maýda Aşgabatda iki konsert bilen çykyş eder
Bütin dünýäde meşhur bolan Russiýanyň «Hor Tureskogo» aýdym-saz toparynyň 31-nji maýda Aşgabatda çykyş etjekdigi barada Turkmenportal saýty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine salgylanmak bilen habar berýär.
Konsertler Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sagat 16:00-da we 19:00-da geçiriler. Giriş çakylyk biletleri boýunça ama...