«Enrico Marinelli» Aşgabatda kaşaň erkek egin-eşikleriniň ikinji dükanyny açýar

Kaşaň hem ýokary derejeli erkek egin-eşikleriniň meşhur brendi bolan «Enrico Marinelli» Aşgabatdaky iş gerimini giňeltmek bilen, ikinji söwda dükanyny açýar.
Täze «Enrico Marinelli» butigi «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 2-nji gatyndaky C28 dükanynda ýerleşýär we eýýämden ilkinji müşderilerini garşylaýar.
Ikinji dükanyny açma...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 4 months ago


17-nji maýda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

17-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.
Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwoka...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okamak isleýänler üçin seçip alyş işini geçirýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary hatyralandy

9-njy maýda Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilip geçilýär. Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhame...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, 4 months ago


Gurbanguly Berdimuhamedow uruş weteranlary bilen söhbetdeş boldy we olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady

9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda z...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 4 months ago


Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany hatynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyn...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüm...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, 4 months ago


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy we wise-premýerler şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdiler.
Prezident S...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 4 months ago


Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

5-7 maýda aralygynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.G.Atajanow), Azerbaýjanyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A....

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmen kompaniýalary Bakuda geçiriljek sergilerde oba hojalyk we azyk önümlerini görkezer

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek Caspian Agro 18-nji halkara oba hojalyk hem-de InterFood Azerbaijan 30-njy halkara azyk senagaty sergilerine gatnaşar. Sergiler 13-16-njy maý aralygynda Bakunyň Ekspo-merkezinde geçiriler.
Orient agentliginiň habar bermegine görä, çärä 30-dan gowrak ýurtdan 450-ä golaý kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylý...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, 4 months ago


«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary okatmak üçin dalaşgärleri kabul edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly uçarman käri boýunça Türkiýäniň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwyň dowamlylygy 4 ýyl.
Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

8-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli gi...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, 4 months ago


Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler

Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler.
Ruçkanyň esasy aýratynlyklary - çydamlylyk we modullyk. Düwme akgynly basylýar, onuň hereketi bä...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 4 months ago


Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy.

Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir.
Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi. Indi taýyn resminamany almak üçin “PDF formatda” ýa-da “o...

Dowamy »

95 0
Täzelikler, 4 months ago


Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagyndan öň ABŞ-nyň söwda defisiti rekord $140,5 mlrd dollara ýetdi

ABŞ-nyň söwda balansynyň defisiti mart aýynda fewral bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 140,5 milliard dollara ýetdi. Bu maglumatlary Ykdysady seljeriş býurosy mälim etdi.
2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, bu defisit iki esse diýen ýaly artdy – 92,6%. «Bloomberg» agentliginiň soragnamasyna gatnaşan analitikl...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 4 months ago


«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy

«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.
Uçar ýere gonmazdan, 15 müň 180 kilometrden hem köp aralyga uçup bilýär. Bu bolsa oňa dünýäniň...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 4 months ago


ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär

ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär.
Kanun...

Dowamy »

110 0
Tehnologiýa, 4 months ago


SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi.
FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy aşakdaky çäreler üçin resmi taýdan rugsat aldy:
Tehasdaky «Ýyldyz bazasynda» ikinji uçuş meýdançasyny gurmak;
Ýylda 25...

Dowamy »

113 0
Tehnologiýa, 4 months ago


GTA 6-nyň täze treýleri bir günde 475 million gezek görlüp, Marvel-iň rekordyndan geçdi

Rockstar Games GTA 6-nyň ikinji treýleriniň ilkinji 24 sagadyň dowamynda 475 million gezek görlendigini we güýmenje pudagynda rekord goýandygyny habar berdi. Ozalky rekord «Dedpul we Rosomaha» (Deadpool & Wolverine) filmine degişli bolup, ol 365 million gezek görlüpdi.
GTA 6-nyň birinji treýleri diňe YouTube-da neşir edilipdi we 93 million g...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, 4 months ago


Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär

Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir.
Mitsubishi Motors North America-nyň prezidenti Mark Çaffiniň aýtmagyna görä, elektrokrossower “için...

Dowamy »

112 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi

Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy.
Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi....

Dowamy »

111 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Tesla-nyň ammarlarynda 10 müňden gowrak Cybertruck tozan basyp ýatyr, pikapa isleg ýok

ABŞ-da Tesla-nyň ammarlarynda 10 000-den gowrak alynmadyk Cybertruck bar. Hasaplamalara görä, olaryň umumy bahasy 721 mln ýewro (809 mln dollardan gowrak) golaýlaýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy önüm diýip görkezen modeli satuw boýunça çaklamalary ödemedi diýip, ArenaEV ýazýar.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky aýda satyn almak üçin elýeterli...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 4 months ago


ABŞ-nyň paçlary, ýapon ýenasy we çig malyň bahalary Toyota-nyň girdejisine zyýan ýetirýär

Toyota Motor 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlanjak häzirki maliýe ýylynda operasion girdejiniň 21% azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Kompaniýa geçen ýylky 4,8 trln ýena bilen deňeşdirilende 3,8 trln ýena (takmynan, 26 mlrd dollar) möçberde girdeji gazanmagyna garaşýar. Çaklama LSEG tarapyndan soralan 25 anali...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 4 months ago


“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filminiň täze treýleri çykdy

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýkiniň 12-nji iýuna meýilleşdirilen premýerasyna bir aý galanda taslamanyň täze IMAX treýleri çykdy. Ol 2010-njy ýylyň asyl multfilminden muşdaklara tanyş bolan esasy pursatlary açyp görkezýär.
Režissýor Din DeBlua wakany täzeçe düşündirmek üçin franşiza gaýdyp geldi. Jerard Batl...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 4 months ago


Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy

Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär.
Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen. Şeýle-de ulag täze yzky çyralary we 18 dýuýmlyk diskle...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 4 months ago