Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi

Hytaýly alymlar tellur nanosimlerden dokalan protez torly bardany (setçatka) işläp taýýarladylar. Bu enjam kör syçanlaryň görüş ukybyny bölekleýin dikeltdi we ozaldan hem görýän makaklaryň (maýmyn) ýakyn infragyzyl şöhläni görmegine mümkinçilik berdi. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Science» žurnalynda çap edildi.
Implantat hem görü...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 4 months ago


New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy

New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.
Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi. Hatara Coco Delray we Coco CG2 modelleri girdi. Olaryň ikisi-de ak-ýaşyl reňk ga...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 4 months ago


“Jon-Uiggiň” spin-offy prokatda garaşylan netijäni bermedi

“Balerina” filmi – “Jon Uigiň” ilkinji doly metražly spin-off-y amerikan prokatyna 25 mln dollar bilen başlady. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, premýeradan öň film azyndan 35 mln dollar ýygnar diýlip garaşylypdy.
Bu franşizada ikinji iň pes görkezijidir: ondan az ýygymy 2014-nji ýylda 14,4 mln dollar bilen prokata başlan ilkinji fil...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 4 months ago


Xiaomi Poco brendiniň astynda Redmi Turbo 4 Pro-nyň global wersiýasyny taýýarlaýar

Xiaomi Poco F seriýasynyň täze modeli bolan Poco F7 smartfonyny bildiriş etmäge taýynlanýar. Resmi maglumat ýok, ýöne onlaýn ýagdaýda enjamyň ilkinji suratlary peýda boldy.
Suratlarda dik kamera blokly yzky panel görünýär. Esasy 50 megapiksellik sensory ünsi has hem özüne çekýär. Korpusynyň wizual dizaýny ýörite wersiýasynyň çykarylmagynyň m...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 4 months ago


Galaxy Z Flip FE smartfony Exynos 2500 çipli, 128 GB ýat bilen 699 dollar bahadan çykar

Samsung eplenýän Galaxy Z Flip FE smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Günorta Koreýada onuň bahasy takmynan 1 million won bolar, bu takmynan 735 dollara barabar diýip, Koreýanyň Sisajournal neşiri habar berýär.
Bu model ABŞ-yň bazarynda iki görnüşde: konfigurasiýasyna baglylykda 699 dollardan ýa-da 749 dollardan bahadan peýda bolar diýlip ga...

Dowamy »

115 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Apple kompaniýasy iOS 26-a jaňlary häzirki wagtda EA arkaly terjime etmek we Genmoji funksiýalaryny goşar

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň WWDC konferensiýasynda täze önümleriniň birnäçesini, şol sanda iOS 26-ny tanyşdyrdy. Bloomberg agentliginiň analitigi Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, kompaniýa bu gezek esasan emeli aňly täze mümkinçiliklere üns berdi.
Täze goşuljak aýratynlyklaryň biri «Apple Intelligence» bilen «Translate» programmasynyň...

Dowamy »

116 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Dollara derek altyn: Dünýäniň merkezi banklary altyn satyn almaklaryny dowam edýärler

Dünýä boýunça merkezi banklar altynyň bahasynyň rekord derejede ýokarlanmagyna garamazdan, ony işjeň satyn almagyny dowam etdirýärler. 2025-nji ýylda olar, takmynan, 1000 tonna altyn satyn almagy meýilleşdirýärler. Bu bolsa, olaryň altyny işjeň satyn alýan yzygider dördünji ýyly bolar diýip, «Metals Focus» konsalting kompaniýasy belleýär.
An...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 4 months ago


Köne smartfonlary kiçi maglumat merkezleri hökmünde ulanmak teklip edildi

Tartu uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary institutynyň alymlary köne smartfonlary gaýtadan ulanmagyň usulyny işläp düzdüler. Olar şeýle enjamlary kiçi ölçegli maglumat işleýiş we saklaýyş merkezlerine öwürmegi teklip etdiler diýip, «Tech Xplore» habar berýär.
Maglumata görä, dünýäde her ýyl 1,2 milliarddan gowrak täze telefon öndürilýär. Elek...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 4 months ago


Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler

RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär.
Bu materialyň berkligi adaty nebit esasly plastiklerd...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 4 months ago


Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler

Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary dagynyk sklerozy döredip biläýjek sebäbi ýüze çykardylar. Barlag içege bakteriýalarynyň bu agyr awtoimmun keseliniň ösmegine itergi berip biljekdigini görkezdi. Barlag PNAS žurnalynda çap edildi.
Lachnospiraceae maşgalasyndan bolan iki mikroorganizm - Lachnoclostridium sp. we Eisenbergi...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 4 months ago


Täze iOS 26, janly terjime we emeli aň. Apple WWDC 2025-de tanyşdyrylan ähli täzelikler

Apple kompaniýasynyň Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Kupertino şäherindäki baş edarasynda her ýylky işläp düzüjileriň WWDC 2025 konferensiýasy öz işine başlady. Konferensiýa 13-nji iýunda, anna güni tamamlanar. Iň esasy täzelikler adaty bolşy ýaly, çäräniň başynda, amerikan tehnoägirdiniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen köpçülige ýetirildi.
Çak e...

Dowamy »

111 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi

Käbir bakteriýalar antibiotikleriň täsirinden halas bolmak üçin, öz metabolizmini çaltlandyrmagy başarýarlar. Bu ýagdaý olara gorag proseslerini işjeňleşdirmäge we mutasiýalary has tiz ýygnamaga kömek edýär. Amerikaly we ýewropaly molekulýar biologlar şeýle netijä geldiler diýip, «Nature Communications» žurnalynda çap edilen materiala salgylanyp, «...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 4 months ago


Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär

Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar.
Täze kompaniýalaryň ilkinjisi akym platformalaryny we kinostudiýalary öz içine alar. Onuň düzümine Warner...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 4 months ago


L'Oreal 1 milliard ýewro Medik8 deri idegi brendini satyn aldy

L'Oreal SA fransuz kompaniýasy Britaniýanyň Medik8 deri idegi brendiniň paýnamalarynyň gözegçilik paýyna eýe boldy. Bu barada L'Oreal-yň özi 9-njy iýunda habar berdi diýip, Bloomberg habar berýär.
Gullugyň maglumatyna görä, şertnamanyň bahasy takmynan 1 milliard ýewro (1,14 milliard dollar). Maliýe şertleri resmi taýdan aýan edilmedi, ýöne I...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, 4 months ago


Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy

Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny...

Dowamy »

171 0
Sport, 4 months ago


Xiaomi wena damarlaryny skanirleýän akylly gapy gulpuny hödürledi

Xiaomi Hytaýda täze «Smart Door Lock 2 Vein Recognition» atly akylly gapy gulpuny hödürledi. Bu enjam dürli datçikler bilen enjamlaşdyrylan, olaryň arasynda wena (gan damary) skaneri hem bar.
Täze gulpda emeli aň ulgamy bar we ol dokuz gulp açyş usulyny goldaýar:
mehaniki açar;
hemişelik sanly parol;
bir gezeklik parol;<...

Dowamy »

108 0
Tehnologiýa, 4 months ago


“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy

Milanyň “Inter” futbol kluby Kristian Kiwuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşly rumyniýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Kiwu “Interde” goragçy hökmünde 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli çykyş etdi. Oýun karýerasyny tamamlandan soň, klubuň...

Dowamy »

166 0
Sport, 4 months ago


Türkmenistanyň Döwlet sirki tomusky täze çykyşlaryna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.
15-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň, esasan hem, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň h...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda Azerbaýjanyň Respublikasynyň Baku şäherinde BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň BMG - Syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili...

Dowamy »

115 0
Täzelikler, 4 months ago


Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 4 months ago


Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi

Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir.
Gemini 2.5 Flash Preview hakyky ses aragatnaşygyny üpjü...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 4 months ago


Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.
Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi. Ol 2023-nji ýylda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda...

Dowamy »

117 0
Täzelikler, 4 months ago


NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy

NASA 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyna gaýtadan seredip, onuň Aýa gaçmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy.
Geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidi ilkibaşda asteroid howpuna gözegçilik etmegiň taryhynda Ýer üçin iň çynlakaý howp diýlip ykrar edildi. Oňa Ýerden uzaklaşýan traýektoriýada syn edildi, şonuň üçin jisim we onuň orbi...

Dowamy »

119 0
Tehnologiýa, 4 months ago


Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy

Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär.
Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy. Ýöriş 6 sagat 22 minut dowam etdi. Bu wagtyň dowamynda, ol ortaça 20 km/sag...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 4 months ago


Hyundai emeli aňly, awtopilot funksiýaly we täze dizaýnly Sonata 2026-ny tanyşdyrar

Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata sedanynyň restaýlingi baradaky jikme-jiklikleri mälim etdi. Esasy täzelikler - Pleos operasiýa ulgamy, kämilleşdirilen multimediýa we awtonom sürüliş funksiýalary.
Öndürijiniň aýtmagyna görä, sedan 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijini we gibrid görnüşini goşmak bilen, bar bolan...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 4 months ago