Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow hatyralandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadag Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyran baýram namazyny okady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatlar bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň we onuň maşgala agzalarynyň...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, häzirki döwrüň nusgalyk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň at g...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, 2 months ago


Hajy Arkadag gurbanlyk sadakasyny berdi

Hajy Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde ýerleşýän «Märkäw» medeni-dynç alyş merkezinde gurbanlyk sadakasyny berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň ymamy tebärek çykyp, hajy Arkadagyň berýän gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny dileg etdi. Soňra...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 2 months ago


Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde, 26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 2 months ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda R.Bazarow...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 2 months ago


Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär.
Kolumbiýa okrugynyň apellýasiýa kazyýetine iberilen şikaýatda Google özüniň bazardaky liderliginiň antimonop...

Dowamy »

106 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň öňüsyrasynda zarýad berilmegini talap edýär. Topuň bir gezekki zarýady, takmynan, alty sagada ýetýär.
Topuň içine ýerleşdirilen 500 G...

Dowamy »

94 0
Sport, 2 months ago


Türkmenistanyň wekilleri Kazan şäherinde geçirilen maslahatda sport lukmançylygy ugrundaky tejribelerini tanyşdyrdylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary 21-22-nji maýda Kazan şäherinde geçirilen «Sport lukmanlarynyň Kazan kluby» atly V her ýylky bütinrussiýa ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri kärdeşleri bilen sport lukmançylygy ugrundaky toplan tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar.
...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


GDA-ly kinoçylaryň täze filminde türkmen aktýory Döwletgeldi Berdiýew surata düşýär

Belarusda «Belentlik» diýen çeper film surata düşürilip başlandy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kinoçylarynyň bilelikdäki taslamasynda öňki Sowet Soýuzynyň halklarynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky edermenligi wasp edilýär. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Polina Babuk gürrüň berýär.
Filmi döredijiler 1944-nji ýylyň ahyrynda bolup g...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, 2 months ago


Aşgabatda UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ýaşulularynyň gatnaşmagynda geç...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 2 months ago


Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde hab...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baý...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň ähli ýerlerinde metjitlerde baýramçylyk namazy okalyp, öten-geçenler ýatlanyldy. Türkmenistanlylar öňden gelýän däbe görä, janly soýup, milli tagamlary taýýarlap, yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramyny belleýärler.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky mukaddes Gurban baýramyny milli adatlara laýykl...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 2 months ago


ÝEAYB-de başlyklyk 2027-nji ýylda Gyrgyzystana geçer

Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginde başlyklyk geljek 2027-nji ýylda Gyrgyzystana geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriş Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlyklyk Gyrgyzystana geçýär» diýip, Uşakow rus lideriniň guramanyň Gazagystanda geçjek çäresine saparynyň öňüsyrasynda...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi.
«Xiaomi YU7 Standard-yň» bazalaýyn wersiýasy 233 500 ýuandan (34 330 dollar), sport modifikasiýasy bolan «YU7 GT» bolsa 389 900 ýuandan (57 326 dollar) başlaýan bahalar bilen satuwa çykar.
YU7 Standard wersiýasy 10...

Dowamy »

111 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatn...

Dowamy »

106 0
Täzelikler, 2 months ago


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplary...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, 2 months ago


Argentinada Messä dünýäde iň beýik heýkel dikiler

Argentinada futbol oýunçysy Lionel Messä dünýäde iň beýik heýkel dikiler, onuň boýy 26 metr diýip, «MIR 24» habar berdi.
Heýkel toplumy milli ýygyndynyň kapitanyny dünýä kubogyny ellerinde ýokary göterip duran keşpde şekillendirýär. Heýkeli äpet göwresi üçin bölekläp ýygnaýarlar. Ony oturtmak üçin 70 tonnalyk ýük göteriji ulanylar. Heýkeliň...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Duşenbe şäherinde halkara maslahata gatnaşdylar

24 — 26-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň zenan parlamentarileri — «Durnukly ösüş üçin suw» gün tertibini ilerletmekde öňdebaryjylyk» atly foruma gat...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 2 months ago


«Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Şu günler Türkmenistanyň sebitlerinde halk teatrlarynyň arasynda guralýan «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary guramaçylykly dowam edýär. Balkanabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, 2 months ago


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Ermenistanda bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şu gün – 26-njy maýda Ermenistanda saparda bolar. Respublikanyň DIM-niň metbugat gullugynyň beýanatyna laýyklykda, Rubio Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşar, soňra taraplar metbugata ýüzlenme bilen çykyş ederler.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine g...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmen türgenleri Germaniýada geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça çempionatda dokuz medal gazandylar

2026-njy ýylyň 22–23-nji maýynda Germaniýanyň Bad Nauhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki dokuz medal gazandy.
Bäş altyn medaly şu türgenler eýelediler: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýmyrat Ýediýew (22–3...

Dowamy »

108 0
Sport, 2 months ago


Russiýanyň ilçihanasy Aşgabatdaky mekdebe 20 sany guş öýjagazyny sowgat berdi

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Aleksandr Wasilýew soňky jaň dabarasy mynasybetli geçirilen çärede Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebine howa şertlerine çydamly 20 sany guş öýjagazyny gowşurdy. Bu taslamanyň awtory 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapargeldiýew boldy. Bu barada Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat g...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 2 months ago