Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň B...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bil...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar

2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy guralar. Bu barada penşenbe güni Balkan welaýatynda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa habar berdi....

Dowamy »

81 0
Täzelikler, 1 month ago


«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göç...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül met...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 1 month ago


Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy.
Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy. Oguljan ýaryş ýolunda bäş ýeňiş gazandy. Birinji aýlawda Sweni Kedingi...

Dowamy »

64 0
Sport, 1 month ago


Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.
Halkara sergä nebitgaz pudagynda innowasion çö...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi. Bu barada "Türkmen...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýada geçirilen «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara foruma gatnaşdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 1 month ago


ABŞ-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we bilim ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan çäreleri geçirildi

28-29-njy aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Montana we Waýoming ştatlarynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe resmi duşuşyklaryňdyr çäreleriň toplumyny geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilý...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, 1 month ago


«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji maýdan Moskwanyň Domodedowo howa menziline uçuşlaryny dowam etdirer

Domodedowo howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça 2-nji maýdan yzygiderli gatnawlary dowam etdirer. Uçuşlar hepdede iki gezek, ýagny duşenbe we anna günleri «Boeing 737-800» uçarynda amala aşyrylar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda çap edil...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň bilim ministri Somaliniň ilçisi bilen duşuşdy

30-njy aprelde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Fathudin Ali Mohamedi kabul etdi. Duşuşykda taraplar soňky döwürde iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Ministrl...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, 1 month ago


Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Germaniýada iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekillerinden ybarat topar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günbatar Sakson welaýatynyň Zwikau şäherindäki Amaly Ylymlar Uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy.
Zwikau Amaly Ylymlar Uniwersiteti (WHZ) Germaniýada inženerçilik, awtomobil senagaty, sanly tehnologiýalar we durn...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 1 month ago


1-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy 2-nji maýdan başlap Moskwa uçuşlary gaýtadan dikeldýär, Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlayna emeli aňy ornaşdyrmagyň üstünde iş alnyp barylýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1....

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, Gah...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 1 month ago


«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady.
Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy. Emma näsazlyklar düzedilip, duşuşygy geçirmäge mümkinçilik berildi. «Inter» ilkinji hüjümde - 30-njy s...

Dowamy »

71 0
Sport, 1 month ago


82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Sara adamsy aradan çykandan soň, saglygy barada aladalanyp, maşk bilen meşgullanyp başlapdyr. Oňa şahsy...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


ABŞ-da we Germaniýada bitkoin gazyp almak indi düşewüntli däl

CoinShares-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi boýunça hasabatyna görä, bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Munuň sebäbi, her blok üçin baýragyň 3,125 bitkoine (BTC) çenli azalmagy, tordaky kynçylygyň artmagy, elektrik energiýasynyň gymmatlamagy we güýçli enjamlara zerurlygyň döremegi bilen baglanyşykly diýip, «PCWorld» neşiri habar berýär....

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 1 month ago


Xiaomi 16 öz klasyndaky iň uly batareýa eýe bolar – insaýder

«Smart Pikachu» atly hytaýly insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, geljekki Xiaomi 16 öz bäsdeşleriniň arasynda iň uly batareýa eýe bolar. Şeýle-de insaýder smartfonyň dizaýny we tehniki häsiýetleri bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary hem paýlaşdy diýip, «GSMArena» habar berýär.
Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 16 modeli 6,...

Dowamy »

61 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi.
Häzirki nesil «Opel Corsa» ilkinji gezek 2019-...

Dowamy »

61 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar

Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär.
Hazynanyň umumy agramy – 7 kg, altyn teňňeleriň agramy bolsa 3,7 kg. Hazynanyň bahasy, takmynan, 7,5 mln çeh...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 1 month ago


Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär.
Sanjym 18 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolan 400 meýletinçide synag ediler. Gatnaşyjylara üç gezek sanjym edilmegi...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 1 month ago


Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalynda “Kawasaki Frontale” ýapon topary Saud-Arabystanyndan “Al-Ahli” bilen duşuşar.
30-njy aprelde geçen ýarym final oýnunda “Kawasaki” Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan “Al-Nasr” toparyny utdy. Jiddada geçen oýun 3:2 hasabynda tamamlandy.
Ýapon klubunyň düzüminde Tasuýa Ito (10-njy minut), Ýuto Odzek...

Dowamy »

68 0
Sport, 1 month ago


Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy

Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär.
"Taryhy taýdan sultygowlaryň we tim...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 1 month ago


Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy.
Awtoulag 610 at güýji kuwwaty bolan goşa turbo hereketle...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, 1 month ago