Ata Watan
Milletler ligasynyň finalçylary belli boldy
Ispaniýanyň ýygyndysy UEFA Milletler ligasynyň finalynda Howratiýa bilen duşuşar.
15-nji iýunda Niderlandlaryň Enshed şäherinde ikinji ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Italiýanyň futbolçylaryny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Birinji ýarym final duşuşygynda 14-nji iýunda horwatiýalylar niderlandlylary go...
Guterriş BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyny belledi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde gruziýa...
Messi karýerasyndaky iň çalt goly geçirdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Awstraliýanyň toparyna garşy dostlukly oýnuň dowamynda karýerasyndaky iň çalt goly geçirdi. Oýun 15-nji iýunda Pekinde geçirildi.
Messä hasaby açmak üçin 79 sekunt gerek boldy. Ol goly merkez bilen jerime meýdançasynyň gyrasyna ylgap, çep aýagy bilen saldy.
68-nji minutda Awstrali...
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutdy
Şu gün, 16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen b...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek barada Permana gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün, 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda Gurban baýramy bel...
Kaliforniýaly ýigit Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, dünýä rekordyny täzeledi
Spidkubing boýunça 21 ýaşly amerikaly çempion Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
Rekordlar kitaby kaliforniýaly Maks Parkyň mehaniki tapmaçany düzmek boýunça wagty 0,34 sekunt azaldyp, rekord goýandygyny mälim etdi. Şeýlelik bilen, ol 201...
Serdar Berdimuhamedow: Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ýakyn günlerde açylar
16-njy iýunda Arkadag şäherine ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar — elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi. Bu çäre şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň barşynda geçirildi.
Şeýle hem, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişle...
Aşgabatda öz işiňi gurmak we ilatyň maliýe sowatlylygy boýunça açyk işewürlik seminarlary geçirildi
Ýakynda Aşgabat şäherinde Arçabil şaýolunyň ugrundaky Döwlet Medeniýet merkezinde «Öz işiňi nädip gurmaly?» we «Ilatyň maliýe sowatlylygy» temalary boýunça işewürlik seminarlary geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşinde täze döredilen Maglumat beriş bölüminiň ýardamy bilen guralan seminar açyk hem erk...
Berluskoniniň yzynda galdyran mirasy takmynan 5 milliard ýewro deň boldy
Italiýanyň duşenbe güni aradan çykan öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni ýurduň iň baý adamlaryndan biri bolmagynda galýardy. Corriere della Sera gazetiniň habaryna görä, onuň 5 milliard ýewro töweregi mirasy 5 çagasyna we 16 agtygyna geçer.
Mirasda esasy paý 4,89 milliard ýewro barabar bolan “Fininvest” maşgala holdingine düşýär. Oňa Me...
Toyota 2026-njy ýylda 1 müň km ýol ätiýajy bolan elektromobilleriň hataryny işe girizer
Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy 2026-njy ýylda täze nesliň doly elektrik awtomobilleriniň (BEV) hataryny işe girizer. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
2030-njy ýylda kompaniýa 3,5 mln elektromobil satmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde maý aýynda açylan we BEV önümçiligine ýöritele...
Ispaniýaly tennisçi Nadal 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ATP-niň Top-100-den çykdy
Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Professional Tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň ilkinji ýüzlüginden çykdy, ol birbada 2000 reýting utugyny ýitirdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Türgen reýtingde 15-nji orundan 136-njy orna düşdi. Şeýlelik bilen, 121 orun ýitirdi. Ýatlap geçsek, soňky gezek Nadal dünýäniň iň gowy ýüz tennis...
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň arasynda «Ýylyň mugallymy» yglan edildi
14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy» atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýty habar berýär.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgy...
Türkmenistanly futbolçylar CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda Özbegistandan utuldy
Türkmenistan Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň milletler kubogynyň — CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda Özbegistandan ýeňildi.
«Pahtakor» stadionynda geçen duşuşyk özbek futbolçylarynyň peýdasyna 2:o hasabynda tamamlandy. Özbegistandan Italiýanyň «Spesiýa» klubunyň oýunçysy Eldor Şomurodow dubl etdi.
Özbegistandan utulan...
Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça Gawananyň Gran-Prisinde kümüş medala eýe boldy
Türkmen ştangaçysy Gaýgysyz Töräýew Kubanyň paýtagtynda geçýän Gawananyň agyr atletika boýunça Gran Pri almak ugrundaky ýaryşda kümüş medal gazandy.
On dokuz ýaşly türgen 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň wise-çempiony boldy. Iki dissiplinanyň netijesine görä, Töräýewiň görkezen netijesi - 319 kg (144 + 175), şeýlelik bilen, jemi...
2024-nji ýylda Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty Makaoda geçiriler
2024-nji ýylda Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Gazagystanda Astanada geçen Kongresinde kabul edildi.
2025-nji ýylda Aziýanyň yklym boýunça birinjiligi Özbegistanyň paýtagtynda – Daşkentde bolar.
«Her bir iri ýaryş sebitde sambonyň derejesiniň...
Adam her sagatda takmynan 16 mikroplastiki böleji demine dartýar
Halkara fizikler topary ilkinji gezek adamyň ýokarky dem alyş ýollaryndan geçýän mikroplastiki bölejikleriň hereketini öwrendi we her sagatda ortaça 16 mikroplastiki bölejigiň adamlaryň dem alyş agzalarynda çökýändigini anyklady. Bu Ýeriň plastikler bilen hapalanmagyna garşy göreşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtap görkezýär diýip, sişenbe güni...
Urugwaýyň ýygyndysy Italiýany ýeňip, ýaşlaryň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy
20 ýaşa çenli futbolçylaryň Dünýä çempionatynyň finalynda Urugwaý bilen Italiýa duşuşdy. Günorta Amerikanyň ýygyndysy garşydaşyny — 1:0 hasabynda ýeňdi.
Iki topar hem uzak wagtlap gol salyp bilmedi. Birinji ýarymdan soň hasap deňme-deň boldy — 0: 0.
Netijede, urugwaýlylara ahyryn garşydaşyny ýeňmek başartdy: 86-njy minutda Latyn Ameri...
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara zähmet guramasynyň maslahatynyň nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy, Sessiýanyň barşynda ministr HZG-niň baş direktorynyň dokladyny goldamak boýunça Aşgabadyň garaýşyny beýan etdi.
Gürrüň «Sosial adalatlylygy kämilleşdirmek» atly toplumlaýyn resminama haky...
Ýaponiýada 40 000 ýaşaýjy üçin awtonom ýüzýän şäher dörediler
Ýaponiýanyň N-Ark kompaniýasy syýahatçylyk desgalaryny, lukmançylyk edaralaryny we hatda kosmos raketalaryny öz içine aljak özboluşly ýüzýän şäheriň taslamasyny işläp düzdi. Dogen City atly şäher howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly islendik deňiz joşmalaryna garşy durup, 40 000-e çenli adamy elektrik energiýasy, iýmit we suw bilen özbaşdak üpjün e...
UEFA Çempionlar ligasynyň möwsüminiň simwoliki ýygyndysyny neşir etdi
UEFA geçen Çempionlar ligasy ýaryşynyň siwmoliki ýygyndysynyň düzümini neşir etdi.
Derwezeban: Tibo Kurtua (“Real”);
Goragçylar: Kaýl Uolker, Ruben Diaş (ikisem – “Mançester Siti”), Alessandro Bastoni, Federiko Dimarko (ikisem – “Inter”);
Ýarym goragçylar: Jon Stounz, Rodri, Kewin de Brýoýne (ählisi - “Mançester Siti”);
...
Beýik Britaniýa ýurda giriş üçin töleg girizýär
Beýik Britaniýa syýahatçylar üçin giriş töleglerini girizýär. Bu barada CNN salgylanyp, novosti.kg habar berýär. Ýatlap geçsek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2009-njy ýyldan bäri ýurda girýänlerden elektron ygtyýarnama üçin töleg alýar, indi Beýik Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi hem şeýle düzgüni girizip başlaýar.
ABŞ-da ygtyýarnama 21 dollar...
Ýaş ýazyjy kitabyň dowamyny çap edip, bäş ýaşyna çenli iki rekordy täzeledi
Şu ýylyň mart aýynda 4 ýyl 218 gün ýaşynda kitabyny çap edip, bu boýunça iň ýaş adam hökmünde dünýä rekordyny goýan Birleşen Arap Emirliklerinden Said Raşed Al-Mheýri öz üstünligi bilen ýene-de haýran galdyrdy. 20 günden soň ýaş ýazyja bu kitabyň dowamyny ýazmak başartdy we bu hem oňa 4 ýyl 238 gün ýaşynda kitaplar toplumyny çap eden iň ýaş adam ti...
Täze Toyota Alphard awtoulagynyň daşky görnüşi dolulygyna görkezildi
Toyota konserni “Alphard” mikroawtobusynyň täze neslini diňe 21-nji iýunda hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, “AutoHome”-iň habaryna görä, geljekki täze ulagyň daşky görnüşi indi gizlin däl: Hytaý bazary üçin mahabat wideosy taýýarlananda ogryn suratçylar Alphardy surata düşürmegi başardylar.
Toyota Alphard radiatoryň monumental gö...
Pakistan Russiýadan taryhda ilkinji gezek nebit satyn aldy
Russiýadan ýüklenen çig nebitiň ilkinji tapgyry Pakistanyň Karaçi deňiz portuna geldi, bu barada ýurduň Premýer-ministri Şehbaz Şarif habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Premýer-ministr özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdiren habarynda: «Men halkyma beren ýene bir wadamy ýerine ýetirdim. Arzan bahadan satyn alnan rus çig nebitiniň...
Geworkýan: Türkmenistan — Özbegistan oýnuna hökman tomaşa ederin
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarymgoragçysy, karýerasynyň dowamynda Özbegistanyň birnäçe klublarynda üstünlikli çykyş eden Artur Geworkýan Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň «A» toparçasynyň 2-nji tapgyrynda ertir geçiriljek Türkmenistan — Özbegistan oýny barada bildirdi.
Ol championat.asia saýtynyň žurn...