Ata Watan
“Napoli” Hellouine bagyşlap, skelet we zulmat tokaý bilen eşik toplumyny çykardy
“Napoli” EA7 bilen bilelikde Hellouine bagyşlap, 2025/2026 möwsümi üçin eşik toplumyny hödürledi. Bu köýnekçeler çäkli nusgada çykarylar we özboluşly stil bilen bezeler.
Klub öz resmi saýtynda dizaýnyň mazmunyny düşündirdi.
“Dizaýnyň merkezinde diriler bilen merhumlaryň arasyndaky baky baglanyşygy alamatlandyrýan skelet bolup, ol Neap...
Mundo Deportivo: Ýamal gymmatyny artdyrmak üçin awtograf paýlamagyny bes eder
“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar.
Maglumatlara görä, firma Ýamaldan janköýerler bilen...
Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi
Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir.
Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär.
Motosikl eýesiniň hereketlerini we ý...
Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy
Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy.
Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni...
Ferrari awtomobiliň duran ýerinden bat almagynyň üýtgeşik usulyny tapdy
Ferrari kompaniýasy awtomobil duran ýerinden hereket edip başlanda, hereketlendirijiniň kuwwatyny dogry paýlaýan funksiýanyň – Launch Control ulgamyny işjeňleşdirmegiň üýtgeşik usulyna patent almak üçin arza berdi.
Resminamalara görä, adaty düwmeleriň ýa-da multimedia menýusynyň deregine sürüji awtomobiliň üçegindäki ýörite tutary çekip, ulg...
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy
Halkara Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekowy Tehniki ösüş boýunça komitetiň agzalygyna saýlady.
TFF-niň habar bermegine görä, dünýäniň 211 federasiýasynyň diňe 24-sinden saýlanan wekilleriň arasynda türkmen ýolbaşçysynyň hem bolmagy, ýurdumyzyň futbolynyň ösü...
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan Owgany...
«Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler
Şu gün, 20-nji oktýabrda «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlarynyň hem işe çekiljekdigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.
Şeýle hem tür...
Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigini belledi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň...
Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 47 mln dollardan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kero...
Gurbanguly Berdimuhamedow Hyratda Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň ara...
«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer
Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby 2025/26 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlaryny Butanda geçirer. Klubuň «A» toparyndaky ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Thimphu şäherinde geçiriler.
Oýunlaryň tertibi:
25 oktýabr, 14:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Abdyş-Ata» (KG)
28 oktýabr, 17:00 – «Altyn Asyr» (...
Türkmenistanda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler: maslahat, sergi, marafon...
23–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar. BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hyzmatdaşlary, jemgyýetçilik wekillerini we metbugat işgärlerini bu dabaralara gatnaşmaga çagyrýar.
23-nji oktýabrda 14:00-da Türkmenistanyň Daşary işler min...
Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär
20–24 oktýabr aralygynda Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik etmek boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi.
Çäre BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan sebitleýin GCP/SEC/027/PAF taslamasynyň çäginde — “Bitewi...
Türkmenistanda okuwçylar üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda 8-nji synp okuwçylary üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi.
“Ýapon dili” atly täze okuw kitaby okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol maşgaladan we Watandan başlap iki ýurduň medeniýetine çenli sekiz tematiki bölümden durýar.
Bu okuw kitabyň aýratynlygy — sanly tehnologi...
SpaceX-iň weterany we maýyp arabasyndaky gyz New Shepard raketasynda suborbital uçuşa ugrar
SpaceX-iň öňki inženeri Hans Kýonigsmann Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard raketasynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda suborbital uçuşa gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy diýip, Ars Technica ýazýar.
Kýonigsmann — SpaceX-iň ilkinji we iň abraýly işgärleriniň biridir. Ilon Mask 2002-nji ýylda kompaniýany esaslandyranda, oňa diňe birnäçe a...
Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar
“Roskosmosyň” düzümine girýän “Energiýa” raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli dartyş güýjüni döretmäge ukyply ulgam üçin patent aldy. Degişli resminama Rospatentiň maglumatlar bazasynda çap edildi.
Beýanata görä, ulgam birnäçe moduldan düzülýär. Gurluşyň merkezinde statiki we aýlanýan bölekleri bolan, aralary germetik hereke...
Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi
Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Rho Motion-yň maglumat dolandyryjysy Çarlz Leste...
Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar
Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar.
Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri. Icon we Sport wersiýalary üç...
Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär
Ilon Maskyň Starlink hemra internet ulgamy ösmegini işjeň dowam etdirýär: soňky maglumatlara görä, onuň müşderileriniň sany 7,6 million adamdan geçdi. Hyzmat eýýäm 150-den gowrak ýurtda, sebitde we territoriýada resmi taýdan işleýär.
SpaceX kompaniýasynyň taslamasy planetanyň hatda iň çet ýerlerinde-de ýokary tizlikli interneti üpjün edýär....
BMG-niň Baş Assambleýasy “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamany kabul etdi
14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baradaky hoş habary anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgustynda “A...
«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde birnäçe teklipler öňe sürüldi
17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň ç...
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi aýdyldy. Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gat...
FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi.
Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy. Üçünji orny 1862,71 utuk bilen Fransiýa jemleýär.
Reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört orun aşak düşüp...
Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili
Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.
Maý aýynda çykan wersiýa bilen deňeşdirilende, Veo 3.1 has tebigy jikme-jiklikler bilen wideo döredip, döredilen sahnalara...