Ata Watan
LC Waikiki dükanyna egin-eşikleriň täze güýz tapgyry geldi
Güýz egin-eşikleriňizi täzelediňizmi! LC Waikiki täze kolleksiýasyny hödürleýär.
LC Waikiki brendiniň Aşgabatdaky resmi dükany egin-eşikleriň täze — güýz tapgyrynyň gelendigini ýatladýar. Täze gelen kolleksiýanyň içinde dürli ýaşdaky çagalar, erkekler hem zenanlar üçin dürli görnüşli egin-eşikleriň giň toplumy bar.
«Berkarar» söwda-dy...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gijelerine +10 gradusa çenli salkynlar
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar, howa gijelerine +10 gradusa çenli peseler. Howanyň ortaça temperaturasy +29 gradus bolar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup az-kem ýagyş ýagar. Howa...
Robert Lewandowski «Barselonanyň» XXI asyrda rekordyny goýdy
«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski klub üçin oýnalan ilkinji 50 oýnunda 35 gol geçirdi. Bu şu asyrda kataloniýaly oýunçylaryň arasynda gazanylan rekord netije.
Ikinji orunda 50 oýunda 33 gol geçiren kamerunly Samuel Eto'o ýerleşýär.
Polýak oýunçysy bu möwsümde bäş oýunda eýýäm üç pökgi geçirdi. Geçen möwsümde La Liganyň iň kö...
Türkmen talyplary Täjigistanda geçiriljek Halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşarlar
24-29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde “Çodari haýol” ady bilen VII Halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly geçiriler. Bu barada şäheriň “Luhtak” döwlet gurjak teatry habar berdi diýip, “Howar” agentligi belleýär.
Bu festiwala GDA-nyň professional gurjak teatrlary hem-de daşary ýurtlardan gurjakçylar gatnaşar. Bu ýyl tomaş...
WBC Alwares – Çarlo söweşiniň ýeňijisi üçin ýörite guşak berer
Bütindünýä boks geňeşi (WBC) meksikaly Saul Alwares (59-2-2, 39 KO) bilen amerikaly Jermell Çarlonyň (35-1-1, 19 KO) arasyndaky ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrundaky söweşiň ýeňijisi üçin ýörite guşak hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.
Jermell Çarlo 33 ýaşynda. Ol 2007-nji ýylda professional...
Britaniýa täze benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyna gadaganlygyny 2035-nji ýyla çenli yza süýşürdi
Beýik Britaniýa benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan edýän düzgüniň girizilmegini 2035-nji ýyla çenli yza süýşürer diýip, premýer-ministr Rişi Sunak belledi.
Sunak Dawning stritde eden çykyşynda: «2035-nji ýyla çenli benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary satyn alyp bilersiňiz. Şondan...
Beýik Britaniýanyň alymlary Leonardo da Winçiniň «agaçlar kanunyny» ret etdiler
Leonardo da Winçi tarapyndan işlenip düzülen «agaçlar kanunynda» islendik beýiklikdäki agajyň ähli şahalarynyň galyňlygynyň jeminiň onuň sütüniniň galyňlygyna deňdigini bellenilýär. Bu düzgün ylymda agaçlaryň 3D nusgasyny döretmek we olaryň ýaşaýşyny öwrenmek üçin giňden ulanylýar. Emma Beýik Britaniýanyň Bangor uniwersitetiniň we Şwesiýanyň Oba ho...
Planetanyň klimatyny halas etmegiň çykdajysy 275 trillion dollar möçberinde kesgitlendi
Institusional maýadarlar topary öňdebaryjy ýurtlary klimaty halas etmek we 2050-nji ýyla çenli «ýaşyl» energiýa geçmek üçin umumy bahasy 275 trillion dollar bolan maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy.
Häzirki wagtda maýa goýum topary bary-ýogy 11 trillion dollara eýelik edýär, bu ekologiýa maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan serişdeden 25 esse...
Wanessa Redgreýw Ýewropa kinoakademiýasynyň abraýly baýragy bilen sylaglanar
Aktrisa Wanessa Redgreýw Ýewropa kinoakademiýasynyň abraýly «Kinematografiýanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» baýragy bilen sylaglanar. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi.
86 ýaşly aktrisa baýragy 9-njy dekabrda Berlinde geçiriljek 36-njy baýrak gowşurylyş dabarasynda alar.
Wanessa Redgreýw alty gezek «Oskar» baý...
YouTube-yň döredijileri smartfonlar üçin TikTok stilindäki wideo redaktoryny çykardylar
YouTube-yň wideo platforma topary göni telefonyňyzda wideo redaktirlemäge mümkinçilik berýän YouTube Create atly täze programma hödürledi.
Täze programma has köp adamy YouTube Shorts roliklerini - YouTube tarapyndan hödürlenýän TikTok görnüşli wideo döretmäge höweslendirýär. Adatça, YouTube-da dolybahaly wideo döretmekden TikTok wideosyny dö...
Bütin dünýäde eýýäm 338 milliondan gowrak Redmi Note smartfony satyldy
Redmi Note 13 seriýasynyň yglan edilmegine bagyşlanan soňky metbugat ýygnagynda Xiaomi-niň we Redmi-niň prezidenti Lu Weýbing hit Redmi Note liniýasynyň ýene bir üstünligini yglan etdiler.
Top-menejeriň pikiriçe, Redmi Note smartfonlarynyň halkara satuwy eýýäm 338 milliondan geçdi. Kompaniýa 2023-nji ýylyň mart aýynda onuň 320 milliondan geç...
«Zrinski» Konferensiýalar ligasynyň rekordyny goýdy
Konferensiýalar ligasynyň birinji tapgyryndaky oýunda Bosniýanyň «Zrinski» topary Niderlandlaryň «AZ» toparyny 4:3 hasabynda ýeňdi.
Arakesmeden öň niderlandlylar 3:0 hasabynda üstün gelýärdiler. Ikinji ýarymda «Zrinski» diňe bir hasaby deňlemän, ýeňşi gazanmagy hem başardy. Bu ýaryşyň taryhynda bir toparyň üç pökgi yzda barýarka ýeňiş gazana...
Awstraliýada Teýlor Swiftiň täsirine bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler
Awstraliýanyň Melburn uniwersitetinde amerikaly estrada aýdymçysy Teýlor Swiftiň döredijiliginiň täsirine bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler. Bu barada «CNN» teleýaýlymy habar berýär.
Bu çäre «Swiftposium» diýlip atlandyryldy. Ol 2024-nji ýylyň 11 – 13-nji fewraly aralygynda geçiriler we meşhur aýdymçynyň ýurdaky konsert saparynyň günlerine...
Toyota täzelenen RAV4 krossowerini tanyşdyrdy
«Toyota» ABŞ-da täzelenen RAV4 krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasyny tanyşdyrdy. Awtoulag täze reňkler we enjamlar bilen üpjün edildi.
Ähli tekerleriniň hereketli ulgamynda awtoulagda asfaltly ýollardan daşarda sürmek üçin döredilen «Trail» režimi ornaşdyryldy. Sport höwesjeňlerine niýetlenen «Woodland Edition» nusgasynda kros...
Redmi Note 13 Pro Hytaýyň çäginden daşary Poco brendi bilen çykar
Redmi geçen hepde Hytaýda täze Note 13 smartfon tapgyryny hödürledi. Oňa esasy Note 13 modeli, kämilleşdirilen Note 13 Pro wersiýasy we iň ýokary Note 13 Pro+ wersiýasy girýär.
Geçen ýyl bolşy ýaly, bu smartfonlaryň global bazarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ygtybarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, Xiaomi Note 13 Pro modelini global bazar...
Dürli ýurtlarda iPhone 15 Pro Max-y satyn almak üçin näçe wagt işlemeli?
Apple kompaniýasy ýakynda täze iPhone 15 smartfonlarynyň satuwyna başlady. World of Statiscis neşiri haýsy ýurtda adamlara 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max seriýasyny satyn almagyň aňsatdygyny hasaplady. Şeýle ýurt Şweýsariýa bolup, bu ýerde şeýle smartfony satyn almak üçin bary-ýogy 6 gün işlemek ýeterlikdir. Bu barada ixbt.com belleýär.
...
WhatsApp köne smartfonlarda işlemegini bes eder
WhatsApp-yň işläp düzüjileri 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan millionlarça gurluşda messenjeriň işlemegini bes etjekdigini habar berdiler. Bu programmany götermek üçin Android 5.0 we ondan ýokary binýatly smartfonyň gerek boljakdygy bilen baglanyşyklydyr.
Gurluşlary bu talaplara laýyk gelmeýän ulanyjylar WhatsApp-y ulanmagy dowam etdirmek...
Huawei kompaniýasy Bluetooth-yň ornuny tutjak tehnologiýasyny hödürledi
Hytaýyň Huawei kompaniýasy gysga hereket radiusyna simsiz birleşmek üçin täze NearLink tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.
Innowasion önüm Wi-Fi bilen Bluetooth-yň artykmaçlyklarynyň birleşmesi bolup, gysga aralyklara maglumatlaryň çalt we energoeffektiw geçirilişini üpjün edýär. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä,...
Alymlar 250 mln ýyldan Ýeriň ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdylar
Ýewropadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary, takmynan, 250 mln ýyldan Ýeriň süýdemdirijileriň ýaşamagy üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdy. Munuň sebäbi ähli yklymlaryň birleşip, ýaşaýyş üçin ýaramsyz klimaty bolan bir bitewi super materige öwrülmegi bolar. Gözlegçileriň çaklamalary “Nature” žurnalynda ýerleşdirildi diýip, rbclife.ru belleýär.
...
Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär
Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Trend habar berýär.
Latwiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi: bu howa transporty, howa menzillerini dolandyrmak, awtomobil transportyny ösdürmek we demirýol hereketli düzüminiň tehniki hyzmaty pudagyndak...
Samsung Galaxy seriýasyndan täze smartfonlary hödürledi
Malaýziýada Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi geçen ýyl çykan Galaxy A04 we Galaxy A04s smartfonlarynyň ornuna geljek täze Galaxy A05 we Galaxy A05s smartfonlaryny hödürledi. Täze smartfonlar brendiň resmi saýtynda eýýäm hödürlendi, ýöne baha we çykyş senesi heniz belli däl diýip, rbclife.ru belleýär.
Gurluşlaryň ikisi-de 6,7...
«Çeburaşka 2» filminiň üstünde işlenilip başlandy
«Çeburaşka 2» filminiň üstünde işlenilip başlandy we ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykar. Bu barada RIA Nowosti «Rossiýa» teleýaýlymynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň ýolbaşçylygyndaky birinji filmi döreden topar ikinji bölümde hem işlär. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda filmiň ss...
Skoda 3 millionynjy krossowerini çykardy
«Skoda» Kwasinydaky zawodynda krossoweriň 3 millionynjy krossowerini çykardy. Ýubileý awtoulagy «Skoda Kodiaq Sportline» boldy diýlip, awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugynda habar berilýär.
«2009-njy ýyldan bäri üç million krossower öndürmek biziň toparymyz üçin ajaýyp üstünlik. Bu ädim müşderilerimiziň islegleriniň ösüşini we olaryň isl...
Alymlar emeli tohumlandyrma arkaly ak nosoroglaryň populýasiýasyny gaýtadan dikeltmäge synanyşarlar
Dünýäde nosorog güni bellenilip geçildi. Ol pilden soň gury ýerdäki iň uly süýdemdirijidir. Ululygyna we gorkunç keşbine garamazdan, olaryň käbir görnüşleri ýitip gitmek howpy astyndadyr.
Olaryň biri hem demirgazyk ak nosorogdyr bar. Sudan atly iň soňky erkek 2018-nji ýylda Keniýadaky tebigy goraghanada aradan çykdy. Ýer togalagynda diňe iki...
Tesla-nyň Android roboty predmetleri tertiplemegi öwrendi
Tesla kompaniýasy Optimus atly android robotynyň üstünliklerini görkezýän täze wideony çap etdi. Wideoda görnüşine görä, robotyň fiziki mümkinçilikleri ep-esli ýokarlanypdyr. Mundan başga-da, Optimus has akylly bolupdyr - meselem, zatlary özbaşdak tertipläp bilýär.
Androidiň hereketleri has ýumşapdyr: Optimus indi islendik pursatda el-aýakla...