Şweýsariýa şokolady saglyk üçin has peýdaly etmegiň usulyny tapdy

Şweýsariýaly gözlegçiler şokolad öndürijileri bilen bilelikde deserti diňe bir süýji däl, eýsem, saglyk üçin has peýdaly etjek resepti işläp düzdiler. Mundan başga-da, täze tehnologiýa önümçilik galyndylarynyň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, Nature Food žurnalyna salgylanýan New Atlas ýazýar.
Kakao miwesi gawuna meňzeşdir: gat...

Dowamy »

469 0
Täzelikler, 2 years ago


Hytaý kompaniýasy dünýäde “gaýnadyp boljak” ilkinji smartfon çykardy

Hytaýyň AGM kompaniýasy dünýäde iň berk smartfonlaryň biri hökmünde AGM X6 smartfonyny hödürledi, diýip Hi-Tech ýazýar.
Täze önümiň esasy aýratynlygy, dürli täsirlere aşa çydamlylygydyr. Smartfon IP69 standarty boýunça kepillendirilendir, bu bolsa onuň tozany we suwy hiç hili geçirmeýändigini aňladýar. Mundan başga-da, AGM X6 gazanda bir min...

Dowamy »

499 0
Tehnologiýa, 2 years ago


Hiňlenmek ýeterlik: YouTube Music-de aýdymy hiňlenip tapyp bolýar

YouTube Music aýdym hyzmatyna täze funksiýa goşuldy: indi ulanyjylar islän aýdymlaryny çala hiňlenip ýa-da sazyny çalyp tapyp bilerler diýip, 9to5Google habar berýär.
Täze funksiýa 7.02 wersiýadaky Androidler üçin ykjam goşundyda elýeterlidir. Ol aýdymyň hatda adyny bilmedik wagtyňyz hem tanamaga ýardam edýär. Munuň üçin ykjam goşundynyň sag...

Dowamy »

508 0
Tehnologiýa, 2 years ago


Eplenýän smartfonlar bazarynda Huawei Samsung-dan geçdi, Motorola 1260% ösüş gazandy

TechInsights-yň berýän maglumatlaryna görä, eplenýän smartfon bazary çalt ösüşi başdan geçirýär, Huawei birinji çärýegiň netijeleri boýunça täze lider bolmak bilen, barha öňe dyzaýar. Seljerijiler Huawei-iň eplenýän flagmanlarynyň satuwynyň 257% ýokarlandygyny bellediler. Hytaý kompaniýasy ozal bazarda agdyklyk eden Samsung-dan öňe geçdi diýip, IXB...

Dowamy »

495 0
Tehnologiýa, 2 years ago


Awstraliýaly alymlar “kofe betonyndan” ýanýoda döretdiler

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki RMIT uniwersitetiniň gözlegçileri dünýäde ilkinji bolup kofe löderesi goşulyp öndürilen betony synagdan geçirdiler. Synagyň çäklerinde üstünden hereket edilende materialyň çydamlylygyna we berkligine baha bermek üçin pyýada ýanýodalary guruldy diýip, New Atlas ýazýar.
2022-nji ýylda alymlar betonyň düzümindä...

Dowamy »

461 0
Täzelikler, 2 years ago


Türkmenistan CNPC bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegi maslahatlaşdy

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary...

Dowamy »

451 0
Täzelikler, 2 years ago


"Türkmenhowaýollary" we Qatar Airways Aşgabat-Doha howa gatnawlaryny açmagy maslahatlaşýarlar

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekilleri bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ganem bin Abdulla Al-Remaihiniň arasynda geçirilen duşuşykda Aşgabat bilen Doha şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, tar...

Dowamy »

432 0
Täzelikler, 2 years ago


Boksçy Saparmyrat Ödäýew Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin göreşini dowam edýär

Balkanabatdan 23 ýaşly türkmen boksçysy Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşynda Gonkongdan gelen Li Kon Çinden üstün çykdy. 63,5 kg çenli agram derejesindäki duşuşykda türkmen türgeni eminleriň biragyztan karary bilen ýeňiş gazandy.
1/16 final tapgyrynda Ödäýew Aziýanyň çempiony, mongoli...

Dowamy »

526 0
Sport, 2 years ago


“Anora” dramasy Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” aldy

Amerikaly režissýor Şon Beýkeriň “Anora” filmi 2023-nji ýylyň Kann kinofestiwalynyň ýeňijisi boldy. “Altyn palma şahasy” ugrundaky göreşde bu film Frensis Ford Koppola, Dewid Kronenberg we Paolo Sorrentino ýaly kinematografçylaryň filmlerinden üstün çykdy diýip, Euronews ýazýar.
Festiwaldaky tomaşaçylar filme 10 minutlap el çarpyşdylar.

Dowamy »

414 0
Täzelikler, 2 years ago


1972-nji ýylda çykan dünýäde ilkinji PK auksiona çykaryldy

Dünýäde ilkinji doly derejeli personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da Heritage Auctions auksionyna çykaryldy diýip, RBK ýazýar.
Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özbo...

Dowamy »

503 0
Tehnologiýa, 2 years ago


Bellingem La Liga möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy, Sançes – iň gowy tälimçi

“Realyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem 2023/24 La Liga möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy, “Žironanyň” baş tälimçisi Miçel Sançes bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi.
“Realyň” 20 ýaşly oýunçysy ispan ligasyndaky ilkinji möwsüminde 20 oýunda 19 gol geçirip we 6 netijeli geçirim edip, ajaýyp çykyş görkezdi.
48 ýaşly Miçel...

Dowamy »

520 0
Sport, 2 years ago


Mbappe, Alonso we “Mançester Siti” Globe Soccer Awards dabarasynda baýrak aldylar

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda abraýly Globe Soccer Awards futbol baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi we onda 2023/24-möwsüminiň jemi boýunça Ýewropanyň iň gowy oýunçylary, tälimçileri we klublary sylaglandy.
Şeýlelikde, Ýewropada iň gowy oýunçy “Pari Sen-Žermeniň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe boldy. Ol geçen...

Dowamy »

457 0
Täzelikler, 2 years ago


1-nji iýunda Türkmenistan Grenlandiýa bilen halkara ýoldaşlyk futbol duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýerde türkmen futbolçylary 1-nji iýunda Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunç...

Dowamy »

565 0
Sport, 2 years ago


Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň tertibi hakynda Gözükdiriji tassyklanyldy

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny ulanmak boýunça Gözükdiriji tassyklanyldy. Degişli resminama Türkmenistanyň içeri işler ministriniň Buýrugy bilen tassyklanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 23-nji maýda döwlet belligine alyndy.
Gözükdiriji Türkmenist...

Dowamy »

430 0
Täzelikler, 2 years ago


Ýel uniwersitetiniň barlagy: köp çagaly ene-atalaryň beýnisi juwanlygyny uzak saklap galýar

Ýel uniwersitetiniň ylmy barlagçylary maşgalanyň ululygy (adam sany göz öňünde tutulýar) bilen ene-atanyň akyl saglygynyň arasynda baglanyşyk tapdylar. Görlüp oturylsa, köp çagaly adamlaryň beýnisi az çagalylaryňka garanda, has ýaş bolýan eken diýip, Daily Mail-e salgylanýan “Sargrad” neşiri ýazýar.
Bu barlaga 37 müň adam gatnaşdy. Gatnaşyjy...

Dowamy »

429 0
Täzelikler, 2 years ago


Bekhem AliExpress-iň ilçisi boldy: ol platformada “gazanç etmegi” mahabatlandyrar

AliExpress söwda platformasyna eýeçilik edýän Hytaýyň Alibaba kompaniýasy Angliýanyň futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem bilen şertnama baglaşdy. Ol brendiň dünýädäki ilçisi bolar we AliExpress-i “AliExpress bilen has köp gazan” kampaniýasynyň çäklerinde dünýä tanadar.
Bekheme tölenjek puluň mukdary aýan edilmedi.
AliExpres...

Dowamy »

450 0
Täzelikler, 2 years ago


BSGG ählumumy howplara garşy göreşmek üçin 11,1 milliard dollarlyk strategiýany kabul etdi

Ženewada geçirilen 77-nji Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasyna gatnaşyjylar 11,1 milliard dollarlyk býujetli 2025-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň strategiýasyny tassykladylar. Strategiýa “howanyň üýtgemegine, garramaklyga, migrasiýa, pandemiýa howplaryna we deňlige has-da üns bermek bilen”, ähli adamlaryň saglygyny we abadançylygyny goramak...

Dowamy »

466 0
Täzelikler, 2 years ago


Hans-Diter Flik 2026-njy ýyla çenli "Barselonanyň" baş tälimçisi boldy

Hans-Diter Flik "Barselonanyň" täze baş tälimçisi boldy. 59 ýaşly hünärmen katalon kluby bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekdi.
Flikiň ýolbaşçylygynda "Bawariýa 2019-2021-nji ýyllar iki gezek Bundesligada ýeňiş gazandy, şeýle hem Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny aldy. Şeýle hem ol mýunhen klubuna ýedi ýylda ilkin...

Dowamy »

426 0
Täzelikler, 2 years ago


«Bawariýa» täze baş tälimçisini yglan etdi

"Mançester Sitiniň" öňki futbolçysy Wensan Kompani "Bawariýanyň" täze baş tälimçisi boldy. Bu barada nemes klubunyň Metbugat gullugy habar berýär.
Belgiýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýyl 30-njy iýunyna çenli niýetlenildi.
Geçen möwsümde "Bawariýa" öňki tälimçisi Tomas Tuheliň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň çempionatynda üçünji ýe...

Dowamy »

399 0
Täzelikler, 2 years ago


Türkmenistanda bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi

28-nji maýda Türkmenistanyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri g...

Dowamy »

415 0
Täzelikler, 2 years ago


Hosep Gwardiola bäşinji gezek APL-iň iň gowy tälimçisi boldy

"Mançester Sitiniň" baş tälimçisi Hosep Gwardiola Angliýanyň Premýer-ligasynyň 2023/24 möwsüminiň jemleri boýunça "Iň gowy tälimçi" baýragyny aldy. Ispaniýaly hünärmen bu abraýly baýraga karýerasynda bäşinji gezek mynasyp boldy diýip, "Çempionat" portaly habar berýär.
Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda "Siti" "Arsenaldan" iki utuk öňe geçip, nobat...

Dowamy »

434 0
Täzelikler, 2 years ago


Paleontologlar sygyrlaryň, sugunlaryň we doňuzlaryň nesilbaşysyny tapdylar. Ol juda ownuk eken

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paleontologlary, takmynan, 65 million ýyl ozal Koloradoda ýaşap geçen näbelli süýdemdirijileriň galyndylaryny tapdylar. Militocodon lydae diýlip atlandyrylan bu jandaryň müçesi alakanyň ululygyndan geçmändir we agramy 455 grama ýetipdir. “Süýdemdirijileriň ewolýusiýasy” žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylyşyna görä...

Dowamy »

430 0
Täzelikler, 2 years ago


Apple iPhone-da bozulan suratlaryň açylmagyna sebäp bolýan näsazlygy düzetdi

iPhone-yň eýeleriniň köpüsi ýakymsyz duýdansyzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldular: maý aýynyň ortalarynda çykan iOS 17.5 täzelenmesinden soň, enjamda bireýýäm bozulan suratlar “açylyp” ugrady. Bu barada “Rambler” habar berýär.
Kompaniýa bozulan suratlaryň öz-özünden açylmagy bilen baglanyşykly ýalňyşlygy maglumatlar bazasyna zeper ýetmeginden döre...

Dowamy »

442 0
Täzelikler, 2 years ago


Sanly arheologiýa: Soňky onýyllygyň web mazmunynyň dörtden bir bölegi dereksiz ýitdi

Pew gözleg merkezi derňew geçirdi we 2013-nji ýyldaky web sahypalaryň 38%-iniň indi elýeterli däldigini anyklady. Bu ýörelge soňky ýyllarda hem dowam edýär: 2014-nji ýylyň sahypalarynyň 35%-i, 2015-nji ýylyň sahypalarynyň 31%-i, 2016-njy ýylyň sahypalarynyň 30%-i we ş.m.
Bu esasan aýratyn sahypalaryň ýa-da tutuş saýtlaryň pozulmagy sebäpli ý...

Dowamy »

435 0
Täzelikler, 2 years ago


IMac-yň “atasy” Apple önümleriniň adyndaky “i”-den ýüz öwürmegi teklip etdi

Kompýuterleriň iMac liniýasynyň adyny döreden marketolog Ken Sigall indi Apple önümleriniň adynda “i” prefiksini ulanmagy bes etmäge çagyrýar diýip, Wired ýazýar.
1998-nji ýylda iMac döredilende, TBWA\Chiat\Day mahabat agentliginde kopiraýter bolup işlän Sigall, "i" prefiksi köneldi we häzirki zaman dünýäsinde Apple-iň düýp manysyny we gymma...

Dowamy »

428 0
Täzelikler, 2 years ago