“Jaň edeniňi görmändirin, telefonum sessizde durdy” diýenimde, ynanýan adamlara nebsim agyrýar.

*****

Otuz surata düşüp pozdukdan soňra ýüzüň däl-de ýüregiň owadan bolmaly diýen netijä geldim.

*****

Pasportdaky suratdan gorkunçrak surat diňe pasportyň kopiýasynda bolýar.

*****

—Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýan.

— Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen durmuşyň edil ertekilerdäki ýaly bolar diýip.

*****

Aýalyma ýalňyşlaryňdan ýüz öwürme, olary gujakla, diýdim welin duýgulandymy nämemi geldi meni gujaklady.

*****

Biri “aramyzda galsyn” diýende, aklymda aýtjaklarymyň sanawy düzülýär, gaýtam, tersine uly ile ýaý diýse şol bada unudýaryn.

*****

Daňdan sagat 06:00 bilen 06:05 arasynda gaty ullakan tapawut bar.

*****

“Seni söýýän” diýmek aňsatdyr. Asyl diliňe kyn barýan zat “Baý aýal lal aýal” diýmekdir.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir