‌Her birimiz rysgymyzy tapmak üçin zähmet çekýäris. Köpräk pul tapmak üçin dürli maksatnamalar düzýäris.Ýetmezçilik bolsa ynjalykdan gaçyp, "näme etsemkäm? Nirden pul tapsamkam?" diýip oýlanyp başlaýas. Käte bolsa " Ýanymda pylança manat galypdyr. Bu gün bu pula çörek alsam,aýlyga çenli häli on bäş gün bar,maşgalamy nädip bakaryn?" diýip gaýgy edýäris.

Häzirki wagtda planetamyzdaky iň uly jandar gök kitdir. Ol her gün azyndan 3 ýarym tonna töweregi deňiz önümlerini, balyk iýýär.

Her güni 3 ýarym tonna?!

Hawa,her güni 3 ýarym tonna.

Аllatagala ony Özüne mälim bolan hikmete görä ýaradan we her günlik ryskyny Özi ýetirýär.

Beýik Alla mahlukatlaryndan biri bolan şu äpet jandaryň ryskyny ýetirip durka,siz näme üçin ryskyňyz barada alada edýäňiz?!

Аlladan kömek soralyň!

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir