Bize - näme üçin biziñ özümiz däl-de, saýrylar baha bermeli? Bizi - näme üçin biz seljermeli, öwrenmeli, kemçiligimizi bilmeli (hem düzetmeli) däl-de, kese ýerliler tanamaly, öwrenmeli? Ýene aýyn bolmasa, ösen ýurtlara, olaryñ ylmyna, medeniýetine, edebiýatyna, ösen tehnologiýasyna gözügidijilik bilen sereden bolýarys, olaryñ bize beren bahasyna begenýäris (ýa-da berjek bahasyna garaşýarys.

Ösen ýurtlaryñ jemgyyetleri dost diýmän-duşman diýmän kemçiliklerini ýüz görmezeklik bilen aýdyp bilýändikleri üçin bizden öñe gitdiler. Olar hakykatdan gorkanoklar. A biz nähili? Aramyzdan biri kemçiligimizi aýtsa, derrew ony özümize "bahyl", "görip" saýýas, duşman saýýas... Aý how, adamlar, biziñ nämämize göriplik etmeli kimdir biri? Edepsizligimizemi? Hapa-paýyş sözlerimizemi? Jahyllygymyzamy? Sowatsyzlygymyzamy? Aýdyñ, görnüp duran näme artykmaçlygymyz bar, ýa ile-güne näme bähbitli iş etdik-de, kimdir biri görübilmezçilik bilen aýagymyzdan asyldy? Samsyklyk dälmaý bular ýaly pikirde gezmek? Samsyklygam samsyklydyram welin, bu samsyklykdan, sähnelikden açylman geçip gitmek - tragediýalaryñam tragediýasy bolsa gerek...

Eger aramyzdan biri hakykaty aýtsa, aramyzdaky jahyllaryñ jahyllygyny gaýybanasyndan gep-gürrüñ etmän göni ýüzüne aýtsa, ony näme üçin özümize duşman belleýäris, ýüzüne diýip bilmejek zatlarymyzy, medeniyetsizlikden paýyny alan her dürli hapa-paýyş sözlerimizi oñ üstünden şerrraýlyk bilen eñterýäris. Muña hakymyz barmy? Elbetde, ýok. Özüñe edilen tankydy belligi kim edende näme? Geregiñi al, gerek däliñe garşylyklaýyn pikiriñi getir, edebi çäkden çykman nägileligiñi bildir.

Hiç kimi äsgermezçilik etmäñ, ýok saýmañ.

Kimdir biriniñ aýdanyñdan has beter derejede ýazgarylmaga degişli ýagdaýy baram bolsa, onuñ dinine, ynanjyna, şahsy durmuşyna, ar-namysyna, mertebesine, etniki gelip çykyşyna (milletine), jynsyna, işleýän ýerine, şikes ýetirjek paýyş sözleri aýtmaga hiç birimiziñ haky ýokdur. Bardy-geldi kimdir birini edebi çäkde tankyt etjek bolsagam, munuñ anyk delilini, sebäbini orta goýmalydyrys. Bir zady ýadymyzdan çykarmalyñ: islendik kişiniñ islendik kişini tankyt etmäge haky bardyr. Emma tankyt esasly we öwredijilikli bolmalydyr. Dinem, ylymam bize diñe akyl-paýhasymyzy ulanmagy maslahat berýär. Ylmyñ gapysyny şahsy ýigrenç duýgulary, aýdylanyñ däl-de, tersine aýdanyñ özüni gözden düşürýän edepsiz gargynç-sögünçler däl, açsa-açsa diñe akyl-paýhas açar.

Şu sözler wagt agzanyň teswiri. Şeýle gowy düşündiripdir. Paýlaşasym geldi.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir