Mekdepde okaýan wagty bir temany ýatlap,robat ýaly gürläp,iki sagatdan ýatdan çykarýan okuwçylar bardy.
Bir temany okap,düşünip,şol düşünjesini mugallyma aýdyp berýän okuwçylar bardy.
Menin özümä şol ikinji topara girýärdim.Okaýan zadymy mümkün boldugyndan düşünmäge synanyşýardym.
Ahmedik,Panturkist,Hantöräň... ýazanlaryny ýaňsa alyp gülen bolýaňyz.Aslynda,bularyň mowzuklary logiki tarapdan pikir edip görmäge mynasyp mowzuklar diýip oýlaýan.
Ylymda gipnozlamak diýip bir zat bar.Dünýä inelimiz bäri biz ählimiz belli bir derejede gipnozlanyp gelinýänýäris.
Ýagny,çagalykdan musulmanlaryn arasynda ulalyp,din hakynda dürli gürrüňler bilen biziň beýnimiz gipnozlanýar
Çagalykdan mekdepde bize diňe togalak ýeri öwredýärler.Telewizor arkaly togalak ýeri görkezip bizi gipnozlaýarlar.
Täze dogulan çagany alyp ony çuw-ýalaňaç gezýän adamlaryň jemgyýetine atsak,şol çagany 30 ýaşdan soň ýene öz jemgyýetimize getirsek,egin-egişkli adamlar onuň üçin geň-gülkünç görünýär.Hat-da,ol oglana egin-eşikli gezmegi öwretmegem aňsat düşer diýip oýlamok.
Bizde yrymlar köp.Mysal üçin:"Ýoluňy gara pişik kesip geçse betbagtlyk bolýar"-diýýärler.Aslynda,ol gara pişigiň kesip geçeni betbagtçylyga hiç hili dahylly ýeri ýok.Adam betbagtlyga duçar boljak bolsa,gara pişiksizem ol betbagtlyk başa gelýär.Ýöne,adam şony bilip dursada töwekgellik edesi gelenok.Ýoluny üýtgedip başga ýerden ýöreýär ýa-da birini geçirip yzyndan geçýär.Tersine,gara pişik uly baýlyk getirýän bolanda,barymyz köçede gara pişik gözlärdik.
Biziň "bolmajak zat" diýip hasap edýän zatlarymyz,biziň "bolup biljek" diýýän zatlarymyzdan has beter"bolup biläýjek" zatlar bolmagy mümkün.Şony welin hiç wagt ýatdan çykarmaly däl.
.......
-
soho
2 years ago
- dogry bellediñ, pikirlenmane mejbur edyan mowzuklary açyanlar yañsylanyar...
-
yyldyz.
2 years ago
- dogry...
-
DonMaxx
2 years ago
- hmm bah
-
zumerchi
2 years ago
- Name biri sahel mahel bir dogumlyrak soz yazsa bah dogry da gaty dogry dogry aytyan diyishyanizay!?? Bizin halkymyz sholar yalyda nametjek biri oratorrak bolsa sho tarapa gechayeniz!!! A name Hantoran komelekli teoriyasynyn ya da kornivirus yok'ly pikirinin name oylandyryjy harakteri bar!? Ya da Ahmedin name yazgyt yokly temalary uytgeshik zat dal, Panturkistem obychnyy adamyn oylanyp bilayjek zatlaryny diyyar hich hili logika gerek dal bu zatlaryn hich haysyna!!! Ozumiz hem mazaly kellani shygyrdatsak hemme zada goz yetireris!!!
-
biohimik
2 years ago
- Zumerci men seni goldayann
(Elcarpysmaly smaylik)
-
soho
2 years ago
- @zumerchi, sholaryñ açyan temalaryna jogap bermek uçin pikirlenmeli bolyar, oz aydyshyñ yaly kellani shygyrdatman, jogap berip bilmanem (berilyan yerlerem bar) yañsa alan bolyas...
-
soho
2 years ago
- @zumerchi, sholaryñ açyan temalaryna jogap bermek uçin pikirlenmeli bolyar, oz aydyshyñ yaly kellani shygyrdatman, jogap berip bilmanem (berilyan yerlerem bar) yañsa alan bolyas...
Dowsypat00 2 years ago- Bu dünýäde çözmäge adamyň akly ejiz gelýän zatlar bar.Şolary 100% çözen ýaly bolýarlar.Aýdylýan zatlara gülýärler.Aýdylýan zada gülmelimi ýa aglamaly heniz ol belli däl.