2005-nji ýylyň iýul aýynda "National Geographic" telekanaly tomaşaçylara täze adamy öldürmek başarnygy barada yzgiderli dokumental filimi hödürledi.
Filimi döredijileriň getiren faktlary hakyktatdan hem haýran galdyryjy we bu barada ylmy barlaglar bizi adamyň özünede,urşada başgaça garamaga mejbur edýär.
Näme üçin adaty adam,hat-da gulluga çagyrylan we öz watany üçin göreşýän esger,henizem adam öldürmegi islemeýär?
1947-nji ýylda amerikaly general Marşal harby we ofiseriň hakyky uruşda özüni nähili alyp barşyny anyklamak maksadynda söweşjeň pyýada goşunlaryndaky "Ikinji dünýä söweşi" gatnaşyjylaryň arasynda sorag geçirdi.Netijesi örän täsin.Söweş wagtynda söweşjeň pyýada goşun esgerleriniň we ofiserleriniň 25%-den azy duşman tarapa ok atýar we bary-ýogy 2%-niň oky duşmanyň özüne gönükdirilýär.
Edil şeýle görnüş howa güýçlerinde-de gaýtalanýar.Amerika uçarmanlary tarapyndan urup gaçyrylan duşman samolýotlarynyň 50%-den köpi uçarmanlaryň 1%-i tarapyndan amala aşyrylýar.
Duşman adam we adam hökmünde kabul edilýän şeýle görnüşli söweşlerde armiýa netijesiz bolup,duşmana ýetirilýän ähli zyýan 2% esgerler tarapyndan amala aşyrylýar we 98% esgerleriň adam öldürmek başarnygy ýok.
Bu ýerde tanklar we artilleriýanyň netijeliligi uly,maksimal netijelik bolsa bombardimonçylaryň awiýatsiýasynda.Ikinji dünýä söweşi wagtynda bombardimonçylar duşmanyň iş güýjüne maksimal derejede zyýan ýetirýär(duşmanyň ähli harby we raýatlyk ýitirijiliginiň takmynan 70%-i).
Pyýadalaryň ýüzme-ýüz söweşine durup geçsek,olaryň netijeligi başga söweşjeň usullaryň arasynda iň pes netijeliligi.Munuň sebäbi bolsa,esgerler adam öldürüp bilenok.
Takmynan 25% esger we ofislerler el ýa-da süýem barmagynyň wagtlaýynça ysmazlygyna duçar bolupdyrlar.Mundan daşary eger ol çep elde bolsa we çep el bilen atmak gerek bolsa,diýmek ysmazlyk çep elde peýda bolýar.Ýagny,söweşmek üçin zerur bolan el we barmak.
Faşistler Germaniýasy ýeňlişe duçar edilenden soň,Reýhiň arhiwleri edil şu ýagdaýa nemis esgerli hem duçar bolandygyny görkezdi.Gündogar fronda söweş alyp baran nemislerde el ýa-da barmagyň "doňmak" epedemiýasy giň ýaýraýar.
Mälim bolmagyna görä,sebäpler uruşa mejbury ugradylan adamyň psihologiýasynda ýatýar.Gözleg işleriniň dowamynda alymlar birinji nobatda wagşyýana jenaýatlaryň 95%-ni erkekler,5%-ni bolsa aýallaryň amala aşyrandygyny anykladylar.
Bu ýene bir gezek,aýallar döwlet tarapyndan urşa ugratmak üçin peýdasyzdygyny tassyklaýar.
Barlaglar şuny hem görkezdi.Adamlar umuman wagşy däl.
Mysal üçin,şimpanzeler özleriniň garyndaşlaryna garşy gaty wagşyýana häsiýetlerini görkezýärler,bu ewalýutsion ýagdaýda adamlarda ýok.Sebäbi,adamzadyň wagşy adamlary taryh dowamynda yzgiderli ölümlere duçar bolupdyr we diňe ylalaşykly ýaşaýyşa meýilli adamlar uzak ýaşapdyrlar.
Pentagon alymlary söweş wagtynda esgerleriň stressini öwrenip,esgeriň aňly hereketleri üçin zerur bolan "öň beýnini bütünleý öçürüp goýmagyny" we haýwanlar instinkti kömeginde bedeni we aňy dolandyrýan bölümi açyp goýýandygy anyklanyldylar.Bu esgeriň elleri we barmaklarynyň ysmazlygyna getirýär-özi ýaly adamy öldürmäge garşy instinktiw gadagançylyk.
Ýagny,bu akly ýa-da jemgyýetçilik hadysalar däl,pasifizim ýa-da tersine,adam pikirleriniň faşizimi hem däl.Özi ýaly adamy öldürmek barada gürrüň gitse,adam aňy umuman dolandyryp bolmaýan biologik garşylyk mehaniziminiň täsirine düşýär.
Galan 2% adamlar kim,söweşjeň goşunyň esasy güýji,onuň gahrymanlary kimler?Psihologlar bu 2% adamlar psihopatlardygyny anyk we aýdyň düşündirýärler.
Alymlaryň jogaby şundan ybarat,söwejeň goşunlaryň netijeliligi diňe psihopatlaryň barlygy bilen amala aşyrylýar we şonuň üçin razwedka ýa-da urgy güýçlerini diňe psihopatlardan peýdalanmaly.
Emma, bu 2% adamlaryň öz bölümi bar.Olar psihopatlara degişli däl ýöne,gahrymanlara degişli edilýär.Bular adatça harby gullukdan soň politsiýa ýa-da şoňa meňzeş organlara işe barýanlar. Olar başgalara garşy wagşyýana garaýyş bildirenoklar emma,olaryň adaty adamdan parhy psihopatlara meňzeýär:olar adamy aňsatlyk bilen öldürip bilýärler we mundan hiç hili ruhy ýa-da wyždany tarapdan ejir çekmeýärler.
Adam barlaglarynyň manysy şundan ybarat,biologiýanyň özi,instinktler adam öldürmegi gadagan edýär we bu uzak döwürlerden bäri mälim bolan zat.Mysal üçin,17-nji asyrda Polşa we Litwa alymlarynyň birleşmeginde şeýle barlaglar geçirilýär.Ok atyş meýdanyndaky esgerler otrýady synag wagtynda 500 nyşany ýok edýärler we soňra uruşda bu otrýadyň esgerleriniň atan oky 3 sany duşmana degýär.Bu fakt National Geographic kanaly tarapyndan hem getirilýär.
Adam biologik tarapdan adamy öldürüp bilenok.Goşunyň 2%-ni düzýän emma,psihologlaryň pikrine görä,ýüzme-ýüz uruşlarda goşunyň ähli ýok ediji güýçleriniň 100%-ni düzýän psihopatlar raýatlyk durmuşynda ganhor bolýarlar we olara adatça türmelerde duş gelmek bolýar.
Bu ýerde 2% watan psihopaty duşmanyň 2% psihopatyna garşy uruş alyp barýar.Şonuň bilen birlikde adam öldürmek islemeýän ençeme adamlary ýok edýärler.
Ýurtdaky şahsy häkimýetleri saklap galmak üçin syýasatçylar psihopatlaryň 2%-ni uruş üçin günäkärleýärler.
Uruşy 2% psihopatlar amala aşyrýar.Olar birini öldürmeke umuman hiç zada ähmiýet bermeýärler.Olar üçin esasy zat-bu syýasy ýolbaşçylarynyň repressiýalar üçin signalydyr.
Ikinji dünýä söweşine gatnaşyjylar,ABŞ we Wetnam,Yrak,Owganystan,Çeçenistandaky urşa gatnaşyjy weteranlatyň ählisi bir agyzdan goldaýarlar:"Eger iň bolmanda bir psihopat wzwod ýa-da rota hatarynda bar bolsa,onda birlik sag-aman galýar.Eger ol ýerde psihopat ýok bolsa,birlik gyrylýar."
Beýle psihopat ähli birligiň söweşjeň wezipesini çözýär.
Mysal üçin,Amerikaly Fransiýa urşuna gatnaşan uruş weteranlarynyň biri şeýle gürrüň berýär:"Hemmeler bukuda gizlenip oturan wagtlarynda bir esger faşistler bunkerine baryp ony granat bilen partladýar.Soňra ikinji pillboha ylgaýar,ol ýerde otuza golaý nemis esgerini awtomady bilen atyp öldürýär.Soňra ol 3-nji tabletkany hem bir özi alýar.
Alymlar esasy iki netijäni çykardylar.Birinjiden,harby hereketleri şeýle düzmeli,öldürýän esger duşmanyň ýüzüni görmesin.
Munuň üçin uzakdan dolandyrylýan uruş tehnologiýalaryny oýlap tapmaly we bar ünsi bombardimon etmek we oka tutmak arkaly amala aşyrmaly.Ikinjiden,hemişelik ýagdaýda duşman bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly birlikleri psihopatlardan düzmeli.
Pentagon ABŞ jemgyýetindäki ähli gatlaklardan,şu jähtden iň pes gatlaklardan hem psihopatlary gözlemäge başlady,olara harby hyzmat teklip edildi.Bu ylmy ugry amala aşyrmakda armiýa psihopatlara mätäçdi.Bugün ABŞ-da diňe psihopatlardan düzülen söweşjeň bölümler hem bar.
ABŞ uly döwlet bolup,onuň halky Rossiýanyňkydan iki esse köp.20 ýyllyk ylmy gözlegleriň netijesinde-de bu ýerde harby gulluga gelýän psihopatlaryň sany hem artyk.Belki,bu ABŞ armiýasynyň häzirki uruşlardaky ýeňişleriniň netijesidir.Bugün dünýädäki armiýa tehonologiýa sebäbli,belki ilkinji nobatda ABŞ dünýäde birinji bolup öldürmek ylmyny düşünip,diňe urgy bölümlerini psihopatlardan düzeni üçin,hiç bir armiýa ABŞ armiýasyna garşy durup bilenok.
Bu gün ABŞ armiýasyndaky bir professional esger ýüzläp başga esgerlere degýär,sebäbi ol psihopat hökmünde tapyldy we saýlandy.
Netijede,başga ýurtlar goşuny henize çenli şol keselden ejir çekýär.Ýakyn söweşlerde bary-ýogy 2% esger söweşip bilýär,98%-i bolsa öldürüp bilenok.ABŞ bolsa öz goşunlarynyň kontaktly söweşjeňliklerini ýokary göterip,Ikinji dünýä söweşindäki 2%-den bugün 60-70%-e çenli çykardy.
.......
-
Khanture
2 years ago
- Mena şu öldürmek o ýerde dursyn. Urybam bilmezdim ;)
Khanture 2 years ago- Psihopatlarda duzulen armiya. Bett..