Alladan näme dilejek bolsaňyz, edil Musa pygamber ýaly boluň. Ol duşmanlaryndan gaçyp gelýärkä "Eý, Allam, seniň edýän her bir ýagşylygyňa mätäçdirin" diýdi. Soň bolsa "Eý, Allam, maňa özüňi görkez" diýdi, ýagny iň ýönekeý zadyňyzam, iň beýik zadyňyzam Alladan diläň" diýilýär. Siz türkmençe nähili dileg-doga edýärsiňiz, Meniň özümä şu sözleri köp gaýtalaýan: "Eý, Allahym, haky hak edip görkez hem ugur ber haka uýarym ýaly. Nähagy nähak edip görkez hem kömek et nähakdan daş durarym ýaly". Magtymgulynyň: "Magtymguly, şer hem bolsa şanymda, Haýra dönder, arman goýma janymda, Owal-ahyr dost-duşmanyň ýanynda, Şermende goýmagyl ýa Züljelalym" diýen setirleri hem iň gowy dogalaryň biri hökmünde görýän.

Köneler, Sensizmenkimyarebbim tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir