Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda isleýän islendik zadyňa ýetip bilersiň.(Zig Ziglar) * * * Ýalňyşýan adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmakdyr. (Dewin Poltiýer Robson) * * * Durmuşyň iň oýlandyryjy we möhüm soragy şudur: başgalar üçin näme edýärsiň? (Dr Martin Luser King) * * * Duşmanlaryňy bagyşlagyn, ýöne olaryň atlaryny welin, hiç haçan unutmagyn. (Jon F. Kennedi) * * * Gahar bilen başlanýan islendik zadyň soňy masgaraçylyk bilen gutarýandyr. (Benjamin Franklin) * * * Söýgi ot üstünde gurlan dostlukdyr. (Jeremi Taýlor) * * * Diňe özüni bilýänler dogrusynda bir gowy zat bar, olam olaryň başga adamlar barada gürlemeýänligidir. (Lusil S. Harper) * * * Üstünligiň syry hiç kimiň bilmeýän nämedir bir zadyny bilmekdir. (Aristotel Onasis) * * * Lukmanlarym maňa meniň hiç haçan ýöräp bilmejegimi aýtdylar, ejem bolsa, näme üçin ýöremeli dälligimi ýaňzytdy, men ejeme ynandym. (Wilma Rudolf) * * * Eger bagty özümizde tapyp bilmesek, ony hiç ýerden hem tapmak mümkin däldir. (Agnes Repliýer) * * * Geljek – öz arzuwlarynyň owadanlygyna ynanýanlaryňkydyr. (Eliýanor Ruzwelt) * * * Biz zatlary bolşy ýaly däl-de, özümiziň bolşumyza görä görýäris. (Änis Nin) Iňlis dilinden terjime eden Miwe Baýlyýewa, HTTU-nyň 4 ýyl talyby 10.10.2010 (kopden bari tema achmandym)
Paýhaslar düwünçegi
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- minnetdar laplandiya!
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- bash ustune
- 
                Peket
                15 years ago
                
- Sagja bol laplandiya köpden bari okamadym payhaslardan.bu menin söyguli pi$am.
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- eger okasyn gelse turkmenistan zaman diyip google daya gozlet,sho yerden okarsyn
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- minnetdar gozledip goreyn hany dayyma:-)
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- Yhlas bilen kakylan gapy, elbetde, bir gün açylar. Ahmet Hulusy. 
 Diňe içi aýdyňlanan adam daşyna ýalkym saçyp biler.Ismet Özel.
 * * *
 
 Geçmişem ýokdur, gelejegem, diňe tükeniksiz HÄZIR bardyr.
 
 Abraham Gowley.
 
 * * *
 
 Söýmek biri-biriňe bakmak däldir, bilelikde şol bir tarapa garamakdyr.
 
 A.S. Eksýuperi.
 
 * * *
 
 Kanagat hem takwalyk uly gazançdyr. Sebäbi biz bu dünýä hiç zat getirmedik, mundan äkitjek zadymyzam bolmaz.
 
 Keramatly Pawel.
 
 * * *
 
 Esasy zat adamyň öz imany barada näme aýdany däl-de, şol imanyň ony nähili özgerdendigi, ony nähili ýagdaýa getirendigidir.
 
 Roger Garaudy.
 
 * * *
 
 Allaha pikirlenmek ýa oý-hyýal bilen däl-de, buýranyna boýun bolmak bilen ýetip bolýar.
 
 Ymam Rabbany.
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- Özüňe erk et, dünýä erk edip biljek güýç taparsyň. Eflatun. 
 “Allahym, peýdasyz ylymdan, kabul bolmajak dogadan, gorkmaýan kalpdan we doýmaz-dolmaz nebisden Saňa sygynýaryn”. Hezreti Muhammet (s.a.w.).
 * * *
 
 Size kelläňiz erk edýän bolsa hökmürowansyňyz. Bedeniňiz erk edýän bolsa gulsuňyz.
 
 Kato.
 
 * * *
 
 Batgada biten gülem bolsa ýakaňa dakma.
 
 Möwlana Jelaleddin Rumy
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- Bir zady ýok ýerinden gözlemek ony gözlemezlik diýmekdir. Möwlana Jelaleddin Rumy. 
 * * *Kynçylyklar başarnygyň gymmatyny artdyrýan zynatdyr.Molýer.
 Dünýä söýgüsi ähli ýalňyşlyklaryň başydyr.
 
 Hezreti Muhammet (s.a.w.).
 
 * * *
 
 Adam dili bilen däl-de, eden işleri bilen gürlemelidir.
 
 Stehr.
 
 * * *
 
 Kim bir baýa baýlygy sebäpli öte hormat-sylag etse, dininiň üçeden biri gider.
 
 Hezreti Muhammet (s.a.w.).
 
 * * *
 
 Kemala ýeten kişileriň sözi gysga-da bolsa, şerhi köp bolar. Söz köpelse, duzy gaçar.
 
 Mustafa Aziz Çynar.
 
 * * *
 
 Özüni täzeläp bilmeýän adam geçmişde galmaga mejbur bolar.
 
 A.F.Ý.
 
 * * *
 
 Ýaşlygymyzda oý-pikirlerimizi emele getirýän meseleleriň ählisi söýgi bilen baglydyr, soň-soňlar bolsa, ähli söýgimiz oý pikirimize öwrüler.
 
 Eýnşteýn.
 
 * * *
 
 Adam dogany bilen oturanda öwrenmek üçin sorasyn. Kejeleşmek üçin däl.
 
 Hezreti Muhammet (s.a.w.).
 
 
 
 
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- nirden alyanay? Tapmadyma(((
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- sho gazet achylanda gapdalyna seret bolumler bar,edebiyat,sport diyip...bolumlere gir
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- ha bolya! Minnetdar!
- 
                ozik
                15 years ago
                
- minnetdar laplandiya!
- 
                Laplandiya
                15 years ago
                
- okang lezzet alyng
- 
                ozik
                15 years ago
                
- * dushmanyna gowun yetmezchilik etmek ,soweshde yenilshe sezewar eder  *  
 ( ozik )
- 
                Bravo
                15 years ago
                
- :D
 
 thanks laplandia aga!
- 
                fistik
                15 years ago
                
- salam  lapland.gowmy yagdaylaryn .bamyn sen .mowzuk üçin sagbol .
 
- 
                Goool
                15 years ago
                
- gowy pahimler
- 
                ruslanjan
                15 years ago
                
- oran gowy adamyn ichine rahatlyk getiryar sag bolun!
- 
                akushjan
                15 years ago
                
- ey laplandiya sunca zady yazmaga yaltanmadynmay. Kompyuter bolsa hich yone telefonda dagy 2 gunde zordan yazyan. Mana shuny yazmak ish boldy.
Laplandiya 15 years ago- Bir zady pida bermezden, hiç zat gazanyp bolmaýar. Hezreti Aly (r.a.). * * * Bilibem bileniňi berjaý etmezlik heniz şol zady doly bilmeýändigiňi aňladýar. Abdülhakim Arwasy. * * * Gözleýän zadyny bilmeýän adam tapandygynam bilmez. Ataullah Iskender
 
 
 
 
 
 
 
* * *
Jähenneme girjekler barada size habar bereýinmi? Olar daşýürek, malyny haýyr işe sarp etmekden gysganýan, ulumsy kişilerdir. Hezreti Muhammet (s.a.w.).
* * *
Biri senden ýüz öwürse gynanma, şeýlelikde, dostuň bilen duşmanyňy aýyrt etdigiň bolar. Hezreti Aly (r.a.).
* * *
Bir ýalňyşyny ikinji gezek gaýtalamaýan adam iň kämil ynsandyr. Albert Eýnşteýn.
* * *
Okalmaly iň uly kitap adamdyr... Pir Hajy Bekdaş Weli.