Salam hormatly agzalar! Bu tema käbirleriñiz ücin gyzyksyz hem bolup biler, yöne arañyzda astranomiya bilen gyzyklanyanlaryñyz bardyr diyen umyt bilen shu temany acdym. Bu tazeligi internet habarlaryndan okadymda sizede yetirayeyin diydim: Ýewropaly astronomlar adamzadyň öňde-soňda tapan iň uzakdaky galaktikasy bilen Ýeriň aralygyndaky uzaklygy kesgitlediler. Şol galaktika biziň planetamyzdan 13 milliard ýagtylyk ýyl uzaklykda ýerleşýär diýip, "Nature" žurnaly ýazýar. Galaktikany "Habbl" orbital teleskopy tapypdy. Aralygy alymlar Çiliniň Paranal daglarynda oturdylan Uly teleskop arkaly ölçediler. Şol galaktika arşdaky diňe bir iň uzakdaky däl, iň gadymy obýektdir. Alymlaryň berýän bahasyna görä, ol Uly partlamadan 600 million ýyl geçensoň döräpdir. Çeşme: internet habarlaryndan Gyzyklanyp okanyñyz ücin minnetdar!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir