Täjir şeytan we müşderileri Şeýtan otdan ýaradylandyr. Bu ýaradylyş aýratynlygy oňa käbir tapawutlylyklar hem gazandyrandyr. Şeýtanyň her hili sypata girip, dürli-dürli görnüşlerde ynsana golaýlaşyp bilýändigi-de hakykatdyr. Bir gezek, Isa aleýhisselam täjir sypatyndaky şeýtany derrew tanap ondan: - Eý şeýtan, eşek täjiri sypatynda nirä barýaň, beýle? – diýip sorapdyr. Tanalandygyny aňan şeýtan indi özüni gizlejegem bolman, şeýle jogap beripdir: - Nirä bolar öýdýäň, bazara barýan! - Bazarda näme etmekçi bolýaň? - Şu eşekleri ýükleri bilen bilelikde satjak. - Eşekleri ýükleri bilen bile kim alar, ýük bilen eşek aýry-aýry satylmaýarmy näme?” - Ýok, eşeklerimiň ýükleri-de özleri ýaly gymmatlydyr. Eşegi almak isleýän adam ýüküni-de almak islär. Şonuň üçin olary üstlerindäki ýükleri bilen bilele satjak. - A-how, şeýtan, sen ikisini-de bilelikde satar ýaly, bu eşeklere näme ýüklediň? - Sen ýükleriň nämedigini bilseň, haýran galarsyň. Bilmeýänligiň sebäpli geň galýarsyň. - Hany aýt, eşekleriňe näme ýüklediň? - Şu birinji eşege göriplik, ikinjisine ulumsylyk, üçünjisine bolsa zulum ýükledim. - A-how, şeýtan, seniň göriplik, ulumsylyk, zulum ýüklenen eşekleriň kime derkar bolar öýdýäň? Şeýtan gülüp: - Diňle! Kimleriň eşeklerime ýükleri bilen bilelikde müşderi boljakdygyny düşündireýin - diýip, iň öňde duran eşegi görkezipdir: - Şu birinji eşege göriplik ýüklenendir. Muny alymlara, ylym eýelerine sataryn. Sebäbi alymlaryň käbirinde göriplik arzuwy çür depededir. Olar beýleki alymlara göriplik etmekden gaça durmazlar. Göriplik we bahyllyk olara satylyp bilinjek iň geçginli harytlardyr. Bu eşek şolar üçindir. Şeýtan soňra ikinji eşegi görkezipdir: - Ikinji eşege ulumsylyk ýükledim. Muny-da nadan baýlara sataryn. Baýlygy köp, aň-düşünjesi gyt bolan baýlar gaty ulumsydyrlar, tekepbirdirler. Özgeleri pes, özlerini uly görýärler. Ulumsylyk olaryň häsiýetlerine öwrülendir. Bu eşek hem şolar üçindir. Şeýtan soňky eşegi görkezip: - Bu üçünji eşege bolsa zulum ýüklenendir. Muny-da käbir geleňsiz ýolbaşçylara sataryn. Olar halkyň islegini parasyz ýerine ýetirmezler. Sütem etmekden gaça durmazlar. Bu eşek-de şolar üçindir – diýipdir. Bu sözleri diňlän Hezreti Isa gollaryny açyp, Alla ýalbarmaga durupdyr: - Eý Rebbim, adamlary bu “eşek täjirine” müşderi bolmakdan Özüň gora. Olary göriplik, ulumsylyk we zulum eşekleriniň hyrydary eýleme! Bu dilegi eşiden şeýtan gygyrmaga başapdyr: - Seniň edýäniň näme? Müşderilerimi giderýärsiň. Men kim bilen söwda ederin?..

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir