Essolawmaleýkim mähriban agzalar we hormatly myhmanlar! Bu günki etjek gürrüñim hoz hakda. Soñky döwür beýnimiñ ýatkeshligi gaty pese düshipdir weli 1 hepde mundan öñ tanyshan adamymy bu günki gün tanamaýan. Dura-baka mundanam beter "pese düsher" diýip gorkdym, soñ bu ýagdaýdan çykalga gözläp bashladym. Öýümize saglyk zhurnaly gelýänem bir gowy zat, 8 aýky sanynyñ dörüp, özüme gerek informasiýany tapyp bilmedim. Ýöne "Hoz hakda" ojuk-bujuk maglumatlar ýazylan sahypasyny tapdym(häzir ashakada ýerleshdirerin). Gaty gaharym gelip Google daýza günüm düshdi. Bir topar "hoz ýatkeshligiñi gowulandyrar!" ýaly saglyk makalalaryny, lukmanlaryñ maslahatlaryny çykaryp öñüme tashlady. Ýatkeshligi pes adamlara peýdasy deger diýip umyt edýän(google daýzanyñ maslahatlaryndan) : Men's Health-самые полезные продукты для мужчин Самые полезные орехи Что есть, чтобы улучшить память? Как улучшить память - Medkurs.ru - медицинский сервер Ashakdaky goýjaklarymy "Saglyk" zhurnaly maslahat berýä(ýatkeshlik hakda däl, ýöne hozuñ köp peýdalary hakda aýdylypdyr. maña peýdasy degmesede size deger diýip goýýan!) : Dermanlyk taýýarlanylyshy hem ulanylyshy: Hozuñ 1 nahar çemçe (15g) garadylan ownuk ýapragyny 1 bulgur (200 ml) suwa atyp, 30-40 minut saklamaly, hasada süzmeli. Jöwheri her gün 4 gezek 1 nahar çemçeden içmeli. ***** Agajyñ 3-5 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasada geçirip, deri kesellerinde, iriñli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüshinde haýyrlanmaly. ***** Hozuñ 1-2 çaý çemçe (5-10 g) ýapragyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Sowadyp hasada süzmeli. Içgeçmede, aterosklerozda her gün 3-4 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli. ***** 1 nahar çemçe (15 g) owradylan ýapragy 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Jöwheri süzmeli. Sowandan soñ çagalara her gün 3 sapar nahardan öñ 1-2 çaý çemçeden (5-10 g) içirmeli. ***** Ösümligiñ 1 nahar çemçe owradylan gury ýapraklaryny ýarym bulgur (100 ml) "günebakar" ýagy bilen garmaly. Agzy ykjam ýapylýan aýna gapda bir hepde saklamaly. Arasynda bulap durmaly. Soñra ony suw wannasynda üç sagatlap gaýnatmaly. Iki gezek hasada süzmeli. Ýene 30 minut gaýnatmaly. Soñra 15 g ary mumyny goshmaly we tä sowaýança garyshdyryp durmaly. Derman ýaralara we çybanlara ýygy-ýygydan ýapylýar. ***** Hozuñ 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapykýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilet iriñli dömme çishlerine ýolugan çagalaryñ, mäzleriñ limfatik kesellerine uçran syrkawlaryñ endamyny ýuwmaly. ***** Gök hozlary ýygnap, üweýjiden geçirmeli. Deñ möçberde arybalyny goshup, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garañky ýerde 37 günläp goýmaly. Bu dermany günüñ dowamynda 4 gezek nahardan öñ 1 çaý çemçeden (5 g) içmeli. Bejerish möhleti - 4 aý. ***** Üwelen hozlary zeýtun ýagy bilen goshup, agzy berk ýapylýan gapda 40 gün Gün düshýän ýerde saklamaly. Taýýar bolan emligi süzmeli. Her gün irden we agsham wena gan damarlarynyñ çishen ýerlerine tä syrkaw doly gutulýança çalmaly. Ýatkeshligiñiz has pese düshen wagtlary näme bilen öñüni alýañyz ? Çeshme: http://rowshen-jm.blog.ru/97992147.html

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir