Goşgyda ýa-da Beatda Gynançly tema...

Elbetde biziň häzirki sosýal dumuşymyzdaky Edebiýat göz öňüne getirleninde, gynançly temalar has öňe çykýar. Biziň Watanymyzda häzirki döwürde ýaşlaryň we düşünjeleriň kämilleşýän geçiş döwri bolany üçinde, esasan Aýralyk temada hekaýa, goşgy ýa-da bir aýdym ýazylanyna has meşhurlyga alyp gelýär.
Muňa meselem getirmek gaty aňsatdyr. Ýagny kimiň kellesine gelipdi?! Azat Dönmezow, Eldar Ahmedow, Söhbet Jumaýew, Hajy Ýazmmämedow, Jeren Halnazarowa, Hemra Rejepow ýaly meşhur ýyldyzlarymyz, bir söýgüden ýanan Harasat çykandan soň, hasda aýralyk temalarda köp işländigine. Elbetde bularyň barysyna gury ökünme samsyklyk diýmek mümkin...

Biz goşgy ýa-da beaty näme üçin ýazmaly?!

Alymlaryň aýtmagyna görä, adamy ruhy taýdan rahatlandyrýan, oňa energiýa berýän saz diýip hasaplapdyrlar we bu garaýyş eýýäm köp ýerlerde tassyklanandyr. Meselem her-bir adamyň gowy görýän saz ugry bolýar we şol ugrdaky aýdymlary diňleýärler.
Häzirki döwürde gün-günden gülleýän, ösýän baky Bitarap Türkmenistanymyzda esasan aýralyk, gynançly aýdym ugrlary diňlenilýär diýsek nädogry bolmaz. Eger-de siz sözlerimi nädogry hasaplaýan bolsaňyz köçeden geçip barýan islendik bir 16-18-20 ýaş aralygyndaky ýaş ýetiginjekden, Bagyt hijem pulda däl, 1 ýürekde 2 oglan ýaly aýdymlaryň awtory kim diýip sorag bermek arkaly sözlerimiň subtnamasyny tapyp bilersiňiz

Bu ýerde hiç-hili reklama ýokdur we reklama ýoklygy üçin bu bloga +1 laýk goýup bilersiňiz!
Indi esasy soraga gelsek, Goşgyny siz adamlara rahatlanma bermek üçin ýazmaly. Egerde siz aýralyk temada ýazyp Harasat 2 bolmakçy bolýan bolsaňyz, bu düýbinden ýalňyşdyr. Siz özüňiz bolmaly, siziň öz eseriňiz ýa-da öz hekaýaňyz bolmaly. Elbetde öz durmuşyňyzy aýdyma geçirmek niýetiňiz ýok bolsada, aýralyk aýdym ýazmak isleýän bolsaňyz, onda siz özüňizi şol aýralykdaky adam ýaly duýmagyňyz gerek.
Islendik bir temada üstünlik gazanjak bolsaňyz, diýmekçi bolýanym meselem aýralyk ýa-da durmuşy gynançly hekaýa ýazmak isleýän bolsaňyz hökmany suratda şol ýagdaýa özüňizi salmaly we salan halatyňyzda aklyňyza gelýän setirleri ýazga geçirmeli. Muňa ýönekeýje özümden meselem getirsem, men her-bir aýralyk aýdym üçin söz ýazanymda hakykat-danda şolar ýaly ýagdaýa düşen halatymy göz öňüme getirýän, ýagny göniden-göni özümi şol durmuşa oklaýan. Hudaýa şükürki, meniň Ejemem Kakamam bar. Köneräk tanyşlamdan biri Kakam hakda aýdym ýazyp ber diýip maňa öz durmuşyny gürrüň berdi. A men hem şoň durmuşuna girip, Kakamsyz kemsinýän diýen kiçeňräk öz hekaýamy ýazdym. Elbetde herkimiň öz islegi, arzuwy bar. Men özüm ýaşlykdan hyýal-paraz çaga bolanlygym üçinmi nämemi bilemedim, has giň lirikada eser ýazasym gelýä. Ýöne şol bir sözlerimi oňarmaýanlygym üçin yza çekinýän...
Umuman aýdanymyzda haýsydyr bir temada goşgy ýa-da beat üçin söz ýazmakçy bolsaňyz, şol ýagdaýa özüňizi goýup görüň. Bu size, durmuşda hem-de Edebiýat äleminde uly üstünlikleri getirer!

Goşgyda ýa-da Beat üçin sözde Kafiýa!

Goşgy ýazylanda ýa-da Beat üçin söz ýazylanda, kafiýa gaty uly oruna eýýedir...
Nähili orun?! Meselem siziň goşgyňyz ýa-da aýdymyňyz gowy kafiýa eýýe bolanynda, muny okyjylar we diňleýjiler gowy kabul edip, mydama ýadynda saklamaklary mümkin. Ýadynda saklamak diýilende, öý işleri ýa-da başga işler bilen gümra bolanynda, dilinde siziň eseriňiz, siziň aýdymyňyz bolup biler...
Häzirki döwürde köçe tipde ýazylan replar, adamlaň ýadynda kän galmaýar. Ýöne edil şugünki günlerde adamlar köçe, durmuşy tipdäki aýdymlary aklyna getirip, ýatlap diňleýärler(Harasat w.ş.m).
A siz Beaty ýada goşgyny lirika tipde ýazsaňyz has köp diňleýjilere we okyjylara eýýe bolup bilersiňiz!
Lirika tipde aýtýan bagşylarmyz bar, ýöne olar has gowy tema, has gowy kafiýa edip bilmedikleri üçinde kän meşhurlyga eýýe bolup bilmediler.
Aslynda meniň şahsy pikirim lirika tipi gowy. Häzirki döwürde ýuwaş-ýuwaşlyk bilen Söhbet Jumaýew şol ugry sazlamana başlady diýsem ýalňyş bolmaz. Duz sepme ýaralaryma, Ammaneý we şuňa meňzeş bir näçe lirika tipdäki aýdymlary adamlaň arasynda gaty meşhurlyga eýýe boldy. Mundan başgada Jelil-iň soňky aýdymlarynda has gowy üýtgeşmeleri görmegimiz mümkin.
Özümem ähli aýtýan aýralyk aýdymlarymy köp ugrly etmäne çalyşýan.

Geliň indi kafiýa gelsek(täzeje lirikam):

Diýýädiň Ejejan, sen bu zady, görmeýäň
Diýýädim muny, hiç-kime bermeýän
Alýandy başym wah, ýitirdim men terbiýäm
Ýaralam bitenok Eje, gaýta beterleýä

näme üçin?! soňky sözler: görmeýäň, bermeýän, terbiýäm, beterleýä?
Bu sözler aýdymda esasy kafiýany saklamak bilen, oňündäki sözlerden netije çykarýar.
Meselem men aýdym ýa-da beat üçin söz ýazamda ilki bilen, soňky kafiýa berjek sözleri ýazýan we öňüne dogry düşýän sözleri goýup görýän, eger ýerine düşse ýazýan. Men esasan beat barada aýtýan, ýagny esasan aýdymyň batly gaty ses bilen aýdylýan ýerleri adamlaryň ýadynda galýar we bu ýagdaý adamlaryň maýda işler bilen gümra halatynda aýdymy hiňlenmäne mejbur etýär. Sözleriň soňynyň barysy hem bir ýaly duýulýanlygy üçin aýdymyň esasy şu bölegini diňleýijler özüne ýakyn kabul etýärler. Siz hem öz goşgyňyzda ýa-da aýdymyňyzda esasan gaty ses bilen aýdylýan bentlerini sazlamagy maslahat berýärin!

Ýene bir meselem:

Ýatlamalar galdy, indi tozanlap
Ony sorap, ýaralarymy gozgamaň
Gelme ýanyma söýenim ozally
Durmuşumdan adyň indi pozully

Ýokardaky halatda, adamlar aýdymyň diňleýän halatynda başgaça bir ýürege ýakyn motiwasiýany almaklary mümkin, ýöne bu halatda siziň aýdymyňyz, maýda işler bilen gümra bolan halatynda adamlary hiňlendirip bilmez! Diňeje bu, Aýdymy bet bolupdyr diýip, diňleýji ýanyndaky doslaryna aýtmak mümkinçiligini döredip berer!

Durmuşda, Edebiýatda köp hilli hile görnüşleri bardyr! Diýmekçi adamlary aýdym ýa-da ýönekeýje goşgy bilen hem aňyny zäherlemek mümkin! A siz bolsa şular ýaly temalardan daş-daky temlarda, hekaýa, goşgy ýa-da aýdym ýazyp, öz sungatyňyzy ile görkeziň! Eger ösmekçi bolsaňyz, öňüňizde duran iň kyn ýoly saýlaň! Bu size üstünlige ýetmäne kömek eder!

Bir zady berk belläň! Siz il ýaly boljak bolmaň! Il siz ýaly boljak bolsun!

Ähliňize bolsa üstünlik! Blog şundan ybarat!

P.s: garamatiki oşibkalar üçin izwini!

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir