Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :) Shu gün içim gysyp näme etjegimi bilmän, soñ kitap durýan tekjä gözüm düshdi. Kitaplaryñ içinden bir Türk ýazyjysynyñ "Çagalar üçin hekaýalar" atly kitabyny elime alyp, sahypalaryny dörüp otyrkam shu hekaýa dush geldim. Bu hekaýa çagalar üçin bolsadam, meñ üçinem has gyzykly boldy, haladym. Çagalarmyza shu kitapdaky hekaýalary okatsak has beýnisi arassa tämiz bolup ýetisherler. Köp zatlary agyr dilde dälde ýeñil okamaga añsat bolan dilde ýazylan. Ýazyjynyñ häsiýetini, ýazýan hekaýalary bilen çagalary gowy terbiýelemegi basharýanyna göwnüm ýetdi. Ýenede bellemeli zatlaryñ biri bu kitapdaky ähli hekaýalarda din-lere garshy hereket ýa-da bashga din-leri garalamak hakda hiç ýerinde bellenmändirem ýazyjam ýazmandy. Ähli din-lere hormat goýulup, ähli hekaýalarda din-ler hakdaky pikirlerini üýtgetmän ýazmagy basharypdyr ýazyjy. Sizler bilen sho kitapdaky bir hekaýajygy paýlashasym geldi: :) Hekaýany ýazan: Ryza Akdemir Türkmen diline geçirem: Berdi Saryýew Size ýetiren: Röwshen Jumaýew Ölen Adalat Gadym zamanlarda örän rehimsiz bir dikdüshdi baý bar eken. Kellesine näme gelse, ony edermish, halky sogan soýan ýaly soýýan eken. Bir gün atly gezip ýörkä, bir uly we örän owadan oýüñ üstünden ýoly düshüpdir. Öý eýesine: - Dost, bu hojalygyñy maña satjakmy?- diýip sorapdyr. - Elbet-de, men munuñ bahasyny artygy bilen tölärin. Öý eýesi oýlanman jogap beripdir: - Hormatly dostum, men bu hojalygy satmak islemeýän. Ata-babam bu ýerde ýashap geçipdir. Men hem ömrümiñ soñky günlerini bu ýerde arkaýynlykda geçirmek isleýärin. Ýok, muny satyp bilmen. Bu hiç mümkin däl. - Ertire çenli wagt berýärin. Oñatja oýlanyp gör. Baý atyna münüp, ol ýerden uzaklashypdyr. Öýüniñ gapysynda galan daýhan bashyny ýaýkap: - Bu bolup bilmez. Mülkümi satmaryn- diýipdir. Ertesi gün ir bilen gapa gelen baý atyndan hem düshmän: - Nähili karara geldiñ?- diýip sorapdyr. Daýhan: - Kararym düýnki aýdyshym ýaly. Hojalygymy satmaýaryn. Baý birden gaharlanyp bashlapdyr: - Iñ soñky gezek soraýaryn senden. Ýagshylyk bilen satýarmyñ ýa-da ýok? Eger satmasañ, nädip almalydygyny men oñat bilerin... Daýhan bashyny ýaýkap: - Men muny satmaýaryn- diýdi. Gahar gazaba münen baý kaza ýüz tutup, oña köp mukdarda pul berip, daýhana garshy bir dawa açýar. Häkimler bolsa onuñ depseñ deprenmez baýdygyny, shol sebäpden özlerine para-peshgesh beriljegini bilýärdiler. Shonuñ üçin olaryñ bary baýyñ tarapyny tutupdyrlar we baýa daýhany ýola getirjekdiklerine söz beripdirler. Daýhany çagyryp, ýerini satjagyny ýa-da satmajagyny sorapdyrlar. Ýöne daýhan shol öñki pikirinden üýtgemändir. Baýyñ dawa açjakdygyny hem aýdypdyrlar. Obaly daýhan sözünden dänmändir. Baýyñ tutan kazysy örän mekirmish. Obaly daýhan hakynda dawa açyp, oña örän köp mukdarda pul jezasyny salgyt salypdyr. Ahyry soñy daýhan ýerini satmaga mejbur bolupdyr. Jerimelerini töläninden soñra onuñ elinde bary-ýogy ýüz altyn galypdyr. Daýhan häkimlere shunça ýalbarypdyr. Soñra-da: - Eger ýer ýüzünde adalat ýok bolsa o dünýäde dini adalat siziñ ýakañyzdan ebshitläp tutar- diýipdir. Häkimler onuñ sözüne gülüshipdirler. Aralaryndan biri sheýle jogap beripdir: - Aldanan obaly daýhan gözleri ýashly ýagdaýynda shäherde ýakyndan tanaýan popunyñ ýanyna barypdyr. Bashyndan geçenleri birin-birin aýdyp beripdir. - Häzir elimde ýüz altynym galdy. Munyñ baryny saña berýärin. Adalatyñ ölendigi üçin ybadathananyñ ähli jañlaryny uzak wagt kak. Senden uly haýysh edýärin- diýipdir. Pop puly alypdyr. Körpesi bilen ybatdathananyñ minarasyna çykaryp, ähli jañlary adatdakysyndan tapawutly edip uzak wagtlap kakmaga bashlapdyr. Shäherde sheýle bir hereketlilik bashlanypdyr. Her kim biri-birine: - Kim öldikä, hemmesi birden çalýar? Nähili bolsa-da, bir uly adam bolmaly, özi-hä... Hiç kim öleni tanamaýarmysh. Her kim aladalanyp, köçä çykypdyr. Paýtagt shäheri bolany üçin patysha hem shol shäherde eken. Ol hem aladalanyp ugrapdyr. Adamlaryny iberip kimiñ ölendigini sorapdypdyr. Hiç kim ishiñ aslyny öwrenip bilmändir. Ahyrsoñy popa tarap eñipdirler. Pop: - Adalat öldi- diýipdir. - Jañlar onuñ üçin kakylýar. - Popuñ jogabyny eshiden dessine, patysha gahar gazaba münüpdir: - Meniñ ülkämde hiç wagt adalat ölmez. Ýöne käwagt uka gider. Men ony gaýtadan oýandyraryn. - Derrew popy çagyryp, ölen adalat üçin bütin jañlary kimiñ kakdyrandygyny sorapdyr. Pop: - Siziñ sadyk bir ýashaýjyñyz. Hans atly bir adam. Bir wagtlar rahat ýashan bir daýhan bardy. Patysha derrew adamlaryny iberip Hans tapdyrypdyr. Hans köshge gelip, hojalygynyñ elinden nähili alandyklaryny, bashyndan geçenleri we adalatyñ ölendigini aýdypdyr. Patysha muña örän gynanypdyr. Daýhanyñ bütin malyny-mülküni gaýtaryp berdiripdir. Soñra açgöz baýa, hilegär kazydyr parahor häkimlere ölüm jezasyna buýruk beripdir. Dardan asanlaryda hemmesi bir göwre görnüshinde jan beripdir. Shol wagtlardan bäri adalat ýashaýar. Bir gün öläýse, ýene jañlar kakyljakdyr.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir